23.08.2019 / Nur

Hmm sagbol aýdanyña, edebiýatdan, ýazyjy-şahyrlykdan başym çykmansoñ bilemokdym ylmy išiñ nahili bolyanyn. Düşündireniñe Alla ýalkasyn

22.08.2019 / Haweran

Ylmy iş däl özem bu. Taýyn materiallar esasynda ýazylan bolsa "Taýýarlan" diýlip goýulýa aşagyna. Sap öz pikiriñ b.n ýa-da peýdalanylan çeşmeler görkezilip ýazylan makala ylmy iş diýilýä.

22.08.2019 / Haweran

Gep taryhda kimiñ galyp kimiñ galmajagy däl. Ady tutulan-u tutulmadyk şahyr ýürekli zenanlarymyzyñ hemmesi mynasyp şuña.

22.08.2019 / Haweran

Hany hany ýañsyly gürrüñleri bes edeli smile

22.08.2019 / Nur

Gunça Amansähedowañ unudylmajak ýazgylary bardy bir wagt..

22.08.2019 / Nur

Haladym makalany. Dowamly bolsun

22.08.2019 / Nur

Hakyky original şahyr hasaplaýanlañy goşupsyña Ylmy işiñe. Taryhda galjak Zenan şahyrlar bolar bu makaladakylar

22.08.2019 / Nur

Ay yokla goşmak ayyrmak niyetim ýok. Bilmeyandigimi aytdym ýõne.

22.08.2019 / Haweran

Şahyr mamla.

22.08.2019 / Haweran

Şana - darak.
ýöne zülpüñ berýän neşesi ähli neşelerden zyýatdyr elbet cool

22.08.2019 / Haweran

Yok ol dal, yone onam goşay özüñçe sanawa biggrin

22.08.2019 / Nur

Ýûrekdeş, dertdeš goşgy eken. Ajaýyp

22.08.2019 / Nur

Erbet däl goşgy

22.08.2019 / Nur

Hyrkasyny egnine atyp dagdan eli hasaly gelýan derwüş gõzõñüme geldi

22.08.2019 / Nur

Mena şony bilyardim Gurbanjemal. Olam bolup biler

22.08.2019 / Haweran

Aslynda ilkinji gezek goşgy düzeniñ Hz. Adam Atadygy, Adam Atanyñ ogullary Abyl bilen Kabylyñ özara oñuşman biri beýlekiini öldürensoñ, jigerinden önen perzendini zarlap Adam Atanyñ şygyr düzendigi barada ir mahallar bir ýerden okapdym. Näçe gözlesem-de ol maglumaty häzirlikçe tapyp bilmedim we şu maglumatlar bilen çäklenmeli boldum.


22.08.2019 / Nur

Neşe berip zülpleriñe??? Şana bermek bolanynda timar bermekdigine düşünip bolardy, neşe bolanynda lezzet, keyp manyny berýarmika diyyärdim.

22.08.2019 / Nur

Gurbanjemal Atabaýewa-Gurbanjemal Annakowa bolmaly dälmi?!

22.08.2019 / Nur

@Edebiyatşynas menem şeyleräk gõrdüm. Nahilide bolsa türkmeniñ zenan diyen sõzüñ hut edebiñ õzidigine sarpasyna gõrä goşgynyñ adyny üýtgedilse nähili bolardyka?! Ýa beýtmegem awtoryñ hakyna el gatdygyñ bolardymyka?
Men-a dogrymy diysem ilkinji şahyryñ zenan bolandygyna juda ynanasym gelýar. Sebap Ýaradanyñ õzi zenana dõredijilik bagyš edipdir. Eneler dõredijidir aslynda.
Makala

22.08.2019 / Gumlygelin

Ol kinolar kino däl-de hakyky durmuşdy...

22.08.2019 / Gumlygelin

@Begli jigim,däli kellä pikirleñ nämäñ esasynda gelýänini bilýän ýokdur wacko

22.08.2019 /

i am Checkvil. This i my login on this forum. it is good ? smile

22.08.2019 / Adalat19

Örän üýtgeşik bolupdyr Gumly ýeňňe...edil çalt akýan derýa ýaly...nämäň esasynda beýle setirler sere geldi????


22.08.2019 / Edebiýatşynas

Gowy makala. Ýetirip duruň. Garaşýas...

22.08.2019 / Edebiýatşynas

Bäh, "Ärime" atly goşgyň çeperçiligä gowy eken. Ýöne, birhili "Ärime" diýip dur welin, gelşiksiz ýalymy???

22.08.2019 / shahyr1964

Sag bol, Gumlygelin.

22.08.2019 / Gumlygelin

Gowy makala.Zenan şahyrlañ sanawynda adymyñ ýazylmagy azajyk tolgundyrdy.

22.08.2019 / Gumlygelin

Ynsan ömri dogrudan-da şeýlelik bilen gelip geçip dur.Gowy beýan edipsiñiz Azat aga.Galamyñyz kütelmesin.

21.08.2019 / Gumlygelin

@Garaýolly,Azat agalar sag boluñ.Goşgujyklaryma has inçelik bilen düşünýäñiz.

21.08.2019 / Haweran

[1] Saparmyrat Türkmenbaşy "Agzybirlik. Asudalyk. Jebislik", Aşgabat-1994, "Ruh" neşirýaty, tom 2, sah: 100.
[2] Fazlalla Reşideddin "Oguznama", Aşgabat "Türkmenistan" neşirýaty, 1990 ý, 46-58-nji sah.
[3] Giñişleýin maglumat üçin seret: Jumadurdy Annaorazow "Selahaddin Eýýuby", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/selaheddin_eyyuby/2018-12-10-3843
[4, 5, 6] Tolunlaryñ we Ihçidleriñ Müsürde guran türkmen döwletiniñ taryhy boýunça giñişleýin maglumat üçin seret:
- J.Annaorazow "Müsürde tagt guran türkmenler", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news....30-4258
- J.Annaorazow "Dolan aýyñ döwleti", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/dolan_ayyn_dowleti/2018-12-16-3955
- J.Annaorazow "Oguz nesliniñ ihçitleri", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/oguz_neslinin_ihcitleri/2018-12-15-3924
[6] Mamlýuk türkmen soltanlygy we onuñ käbir hökümdarlary boýunça giñişleýin öwrenmek üçin seret:
Rahmet Gylyjow "Farysetdin Aktaý", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/faryseddin_aktay/2018-09-11-2410
[8] R.Gylyjow "Seýfeddin Guduz", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/seyfeddin_guduz/2018-09-11-2409
[9] Jumamyrat Gurbangeldiýew "Seýfeddin Kutuz", saýtdaky linki:
http://www.kitapcy.ga/news/seyfeddin_kutuz/2019-07-23-7691
[10] J.Annaorazow "Beýbars", saýtdaky linki:

21.08.2019 / Haweran



20.08.2019 / Adalat19

Araplarda 4 aýalyň biri bolsaň gowy. Birinji çagaňy äriňden godurup soň kim bilen gezseň gezibermeli, elbetde maşgalaň çäklerinde. Maşgalaň çäklerem kiçi däl, 20-30 adamlyk maşgala, erkegiň nähili sortyndan diýseň bar...)))

20.08.2019 / Adalat19

Meň pikirmçe köp aýallylyk adamzat problemmalarynyň köpüsini çözerdi, egerde oňa Araplar ýaly çemelleşseň. Araplarda iň birinji aýalyň ýaşy uly bolmaly, göni ýaş gyza ýapyşmaly däl. Soň özüň bilen deň ýaş gyz alsaň bolýar. Soň her aýalyňdan dogulan birinji çaga seňki, galan çagalar gümana. Sebäbi seň kakaň hem 4 aýally bolansoň seň ene başga dogalnlaryň kän we seň aýalyň kim bilen ýatany belli däl. Sende bolsa tutuş 4 sany aýal bar. Sen olaryň hemmesiniň "oratasyny" garawullap bileňok. Şonuň üçin Araplar täze aýal alansoňlar 40 günläp gulp astynda saklap diňe özleri ýanlaryna gorýärler. Şonuň üçin hem Araplar öz miraslaryny diňe uly çagalaryna goýýarlar. Sebäbi soňky çagalaryň kimden godylany belli däl. Belli zat çagalar seň doganlaryňdan ýada maşgalaň başga bir agzasyndan dogdy. Araplar hem bilýärler bir erkegiň 4 aýala ýaramaýanyny, şonuň üçin aýalyň maşgalaň çäginde "gezmegine" gözlerini ýumýarlar. Daşyndan biri gelip etmese bolýar, ýöne aram aram aýallarynyň birini öz gowy görýän dostlarynada teklip edip bilýärler. Aýtjak bolýanym 4 aýallylyk bizde başga bir zat, Araplarda, (diniň dörän ýerinde), başga bir zat. Ýöne köp aýallylyk praktikasyny giňden ulansaň bir näçe nesilden soň bizdede Araplaňky ýaly maşgala gatnaşyklar dörärmikä diýýän.

20.08.2019 / Adalat19

Köp aýallyk biziň hökümedimiz üçin örän ýaramaz praktika. Sebäbi köp aýallylyk uly uly tohumlary (dinastiýalary) döredýär. Şeýle tohumlardan iň soňunda uly mafiýalar ýetişýär. A hökümet bolsa kankurentlary halanok. Ýenede hökümet ýakyn garyndaşlar öz ara nikalaşsalar halanok. Öz daýzaň ýa-da daýyň gyzyny alsaň halanok. Sebäbi şeýle nikalardanam berek tohumlar döreýär. (Mysal üçin Nohurlara we Şyhlara serediň). Eger kimiň ýadyna düşýän bolsa biziň telewidenýamyzda şol temada propaganda kinolary görkezilýärdi. Takmynan 4-5 ýyllykda. Şol kinolaryň temalary daýzamyň gyzyny alyp bet bagyt boldum, öz söýýänimi almaly ekenim we ş.m. Gysgaça aýdamda halkyň bekemegi hökömediň betbagytlygy. Halky bekedýän zatlaryň biri bolsa köp aýallylyk we ýakyn garyndaşlaryň arasyndaky nikalar.

20.08.2019 / Adalat19

Eger gurbuň çatýan bolsa bir dälde bir mäçe maşgalany galdyrmak sogap. Sebäbi durmuşa çykyp bilmän ýören garry gyzlar ýaman köp. Näme diýseňem oglan hemme kişä ýetenok, gyzlaryň baram çaga dogurasy gelýär, durmuşa çykasy gelýär. Kuranda bolsa 4 aýala çenli almaga rugsat berilýär, ýöne hiç kimiň göwnüne degmeseň. Eger kimdir biriniň göwnüne degerin öýtseň bir aýal bilen oňuber diýýär.

20.08.2019 /

20.07.1999-njy ýylda Inguşystanyñ prezidenti Ruslan Auşew ýurduñ çäginde dört aýallylyga kanuny rugsat berilýändigi barada perman çykarypdy.

20.08.2019 /

N.Hruşýowyñ ogly Sergeý Hruşýow 1991-nji ýyldan bäri ABŞ-da ýaşaýardy. 1998-njo ýylda ol aýaly bileb bilen amerikan raýatlygyna geçdi. Şonda S.Hruşýow "Özümiñ ABŞ-nyñ raýaty bolanuma buýsanýaryn" diýipfi. Onuñ 1958-1964-nji ýyllarda SSSR-e ýolbaşçylyk eden kakasy N.Hruşýow bolsa "ABŞ-ny weýran edip, ondan dynarys" diýip ynamly gürläpdi. Kakasy birwagtlar şeýle diýipdi, ýyllar geçensoñ onuñ ogly welin kakasynynyñ itden beter ýigrenýän ýurdunda ýaşaýandygyna iki bolup bilenok smile
Jahanda nämeler bolanok...

20.08.2019 /

Malades. Gowy maglumat. Sag boluñ

20.08.2019 / geldigeldim81

Мена.хов.шу.ойдаки.болмаса.онубам.билемок.жанлары.саг.болаверсин.ойдакилен

20.08.2019 / geldigeldim81

Шуна.догры.айтян.агам.

20.08.2019 / Bagabat

"Gowy durmuşyň yşky" hekaýa bilen äheňdeş rowaýat ekeni.

20.08.2019 / Haweran

Ýatyp ýatyp ataýmañ bar, gumlyýeññe. Gitme şoñ û.n smile

19.08.2019 / shahyr1964

Örän ajaýyp goşgy bolupdyr. Garaýolly agaň aýdanlary bilen doly ylalaşýan.

Bu jahanda sergezdanam,
Meniňki däl, şirin janam.
Ol jahana rowanam,
Iki jahan awarasy.

Gezip ýörsemde men bärde,
Ulaşdym men niçik derde,
Bilmerin, köňülim nirde,
Iki jahan awarasy.

19.08.2019 / Garaýolly

Oran tasirli shygyr

19.08.2019 / Garaýolly

Ylahy ygtykata berilen ynsan oñde soñda iki jahan awarasy bolup yashayar. Real dunya gozellikleri hakyky dunya durnuklylygyndan oñe gecip bilmeyar.Damarynda ylahy gudratyñ sheydasy bolan ata babaly ynsan oz añyndaky ynanjyñ fanatigi bolyar. Shygyr real yalancy dunyaniñ geldi gecer yshnaklaryndan bahre alyp bilmeyan,oña yarym ynanc bn garayan liriki gahrymanyñ sypatyny suratlandyryar.Hawa,gahryman yzyna garamayar. Ol bu dunyade hakykatyñ,adalatyñ zary intizary. Ol hakykaty ylahy hakykylykdan tapmaga umydygar.
Shygryñ suññi-koñluniñ isleyan mylakatyny real durmushdan tapyp bilmeyan liriki gahrymanyñ suññi.

19.08.2019 / Garaýolly

Gumlygelin uyamyzdan yene de bir gowy goshgy.

19.08.2019 / Gumlygelin

Ömrüñe bereket @Nur uýam.

19.08.2019 / Nur

Gaty gowy goşgy, Ajayyp bolupdyr. Ellerñize saglyk, ylhamyñyza bereket, @Gumlygelin!

19.08.2019 /

"Öl ölübulseñ" diýýän ýalam "Türkmen çydamly" diýenem bolýarlar. Türkmen çydamly däl, adamlar, türkmeniñ degnasyna degseñ, mañlaýyña patladyp urmasyny bilýän halkdyr welin, arman, ýumrugyny düwäýjek gerçekleriñ öleni öldi, ölmedigi basyldy, gapyldy, basylman galany ýat ýurtlara gaçyp gitdi, ondanam galany tükge döşüp öýûniñ dulunda sessiz aglady, gözýaşyny içine akytdy...
halkda ruh galdymy, adamlarda duh galdymy. Onsoñ çydaman nirä gitsin, günüm geçse bolýar, iýjek çöregimi gazansam bolýa diýen derejä düşürilen halk özgäniñ agysyny aglamaga ýol goýdularmy...

19.08.2019 /

Görýäñizmi, sowatsyz kätibiñ (göçürijiniñ) ýekeje harpy çalşyp goýberen säwlikleri ýyllar soñra halk derejesinde neneñsi ýoýulmalara, nähili ýalñyş we başga manylara äkidipdir, daşdan göräýmäge ownuk ýaly görünýän bu kiçijik körzehinlik birgiden adamlary ýalñyş ugra, ýalñyş düşünjelere ugrukdyrýar...
Şondan mysal alanymyzda bu türkmen görgüli hem birtopar körzehin ýolbaşçylañ elinde gara bagry gan bolup geldi, haçan bu zulmatdan çykylarka, bu körzehinleñ halky batga batdygyça batyryp, bogdugyça bogup gidip oturmaklary ýene näçe wagt alarka?.. Türkmen aga bu günleri görer ýaly Hudaýyñ öñünde eden näme agyr ýazygy barka? Ýene näçe wagtlap sowatsyz göçürijiñ özi bilmezden ýa-da bilnikli goýberen säwlikleriniñ soñradan birgiden alymlara kelleagyry boluşy ýaly, türkmeniñ üstüne münen bu körzehin ýolbaşçy toparlaryñ iýen milliardlap pullarynyñ zyýanyny halk bolup çeker ýörerkäk?..

19.08.2019 / Haweran

Uzyn gepiñ keltesi, abuturiýent sözüniñ dogry manysyny berýän söz dalaşgär däl-de, "talaş etmek" (aslyşmak, isleg bildirmek we ş.m. manyda) işliginden ýasalan talaşgär diýen sözdür.

19.08.2019 / Haweran

Mysal üçin göräýmäge bir manyly ýaly bolup görünse-de hersi aýry-aýry söz bolan - hem "abuturiýent", hem "kandidat" sõzleriniñ deregine ulanylýan "dalaşgär" sözi..
Türkmen dilinde "dalaş etmek", "dalaşmak" - "oýun etmek", "oýnaşmak", "harçañlaşmak" sözleri bilen bir many añladýar. Indi pikir edip görüñ: her ýyl ýokary okuw jaýlaryna synanyşýan abuturiýentler, ýagny, "dalaşgärler" - "oýnaşyp-dalaşýanlarmy" ýa-da oýnaşyp-dalaşmaga isleg bildirenlermi? Siz oýunçylar, oýungärler diýseñ-ä ýokary okuw jaýyna ekzamen tabşyrýan ýaşlaryñ hiç biriniñem göwnüne ýaramasa gerek.

19.08.2019 / Gumlygelin

Magtymgulynyñ mirasyny öwrenmek üçin üzülmejek ömür gerek...Gör nähili jaýdar jümle.

19.08.2019 / Haweran

Makalada alymyñ "şepagat uýasy" diýen söze beren düşündirişi hasam ünsümi çekdi. Dogrusy, şu söz owaldan gözüme hiç batanokdy. Medsestra nädip näsaga "şepagat edýärkä?" diýip iñkise gidýärdim. Emma makalada munyñ dogry düşündirişi berlip, "şepagat" bilen "şypanyñ" arasy çöp döwlen ýaly edilipdir. Rus sözlerden öz dilimize geçilende şular ýaly gaty köp harsallyga ýol berlendigini görmek bolýar.

19.08.2019 / Haweran

Minnetdar, agam

19.08.2019 / Garaýolly

Hazir biraz okadym. Ertir,nesip bolsa, hezil edip okaryn. Kopden bari bu alym kishiniñ edebi makalalaryny okamakdym. Sag bol,Has turkmen,yetireniñe.

19.08.2019 / Garaýolly

Shol dowurde karhanada smenalayyn ishde ishleyardim. Gije sagat 12-de ishe barmalydym. Alymyñ cykyshyny diñlejek bolup, shol gun ishe gitman galdym. Ertesi yolbashcydan ishden bijogap galanlygym ucin kayinc alypdym.

19.08.2019 / Garaýolly

Ir mahallar Ashgabada gelende Magtymgulynyñ jankoyeri Yusup Azmun Danamyz barada ,,Yedigen" hepdelik telealmanahda giñishleyin cykysh edipdi.

18.08.2019 / Gumlygelin

Höwri köp bolsun Sapa!

18.08.2019 / Gumlygelin

Goşgyny okaýan wagtyñ setirler edil öz ýüregiñden syzylyp çykýan ýaly duýgulary başdan geçirýäñ.

18.08.2019 / Haweran

Äl-aýt, şoñ ýaly berebekgeý ini bizde-de biri bar. Sakgal görsem jynym atlanýanyny bilýä, ýaş oglan sakgal goýberse halamaýanymy bilýä..
Içiñi ýakaýyn diýen ýaly, syr diýseñ ýok syrjak dälem diýenok, syrarynam diýenok...
Biz il-günüñ gamyny iýjek bolýas, öz öýümiziñ içinde indi biri-biriñe diýen etdirip bolanok. Döwür birhili boluo barýa öz-ä. Soñumyz gowulyk bolsun. "Münüpdiris bir ata, haýdaýas kyýamata..."

18.08.2019 / Haweran

"Çaga ýumuş buýur, yzyndanam özüñ ylga" diýleni boldy bü smile

18.08.2019 / Gumlygelin

Hezil edip okadym.Ýetiren sag bolsun.

18.08.2019 / Gumlygelin

Çapar ýol urduran bolaýmasa biggrin Gelmedi happy

18.08.2019 / Haweran

Çapar ugratdym-a gelneje, barmadymy biggrin

18.08.2019 / Gumlygelin

Bize dagy kitapçy açyldy diýip aýdañzogam cool

18.08.2019 /

Mbäh, bilemokdym Kerim Gurbannepesiñ şeýle poemasynyn bardygyny. Kyrk, Gumdan tapylan yurek, Yurek poemasy, Taymaz baba we beylekileri bilyardim. Irki poemasymyka bu? Ya soñkylardan bolup çykman galanymy?

18.08.2019 / Garaýolly

Kerim shahyr yaly halk soyer shahyr,goshgy-poemalary bn, kopculigiñ oñunde oran tasirli edebi cykyshlary bn ozuni ile aldyran Huday beren ynsan indi barmyka?
Sag bol yetireniñe Gurban inim.

18.08.2019 / Haweran

Äl-aýt, senem şü Güşşi diýip aljak ýatjag-aý cool

18.08.2019 / Nur

Gülşirin Hanowañ bir poemasam bardy şul barada.

18.08.2019 / Nur

"Daglaryna diýerler Balkan
Müñkirdir şoña at dakan"

18.08.2019 /

Wah, käşgä indi her kim Kerim şahyryñ döwründäki ýaly öz garry enesiniñ, işçi atasynyñ daban azabyna jalaýlyk sataýsa, onda oñşardyk-la. Indi galyñ milletiñ malyny Artygyñ harmanyna öwürdiler, indi dilsiz-agyzsyz galan garamaýak halkyñ gara zähmetiniñ üstünde fason atýalar diýmäýin diýsem birtopar pulmesiler.

18.08.2019 / Watanperwer

Bloknodyma ondan mundan okamda halap dûrli ýyllarda belläp goýanlarymdandy, dogan.

18.08.2019 / Nur

+++++++++++++++++++++++++++

Sagboluñ Gurban jigim ýetireninize, Kerim aganyñ bu poemasyny õñ okamandym. Hakyky durmuş hakykaty. Dogrysy ynsan hasiyetinde-de geynişinde-de sadarak bolunsa halaýan. Zenan maşgala bolsamam gyzyl çyzyla güýjüm ýetse-de şakyr şukur dakynyşyp ýõränleri halamok. Kärleriñ bolsa ählisi şu watana hyzmatyñdyr. Esasysam şol gara işçileriñki has hormatlanmaga mynasyp. Aýlygy günligi kõpeldilmegem şolardan başlanmaly. Hemmeler yokary işgar bolsa arassaçylyk ýagdaylar nenen niçik bolar halymyz ahwalymyz...
Ýerlikli poema.

18.08.2019 / Bagtygül

Haýaly jogap bermäge uýaldy. Haýasyz şonda: "Menden gorkýa!" diýip gaýşardy. Dogry aydypdyr... Awtory kimkä?

18.08.2019 /

Häzirki döwürde ýaş oglanlar-ýetginjekler sakgal goýberşip, saçlarynam hüžžerdişip tüýe-tümüre basyrynyp ýörler. Birhili özüñ utanýañ şeýle ýigitleri göreniñde. Şu türk seriallaram ýaşlaryñ añyny gowy zaýalady. Aýagy jorapsyz ýa-da ak joraply köwüş geýip, darajyk gytyk balakly, ýa-da aýagy şortikli ýeñles gylykly zenanlaryñ belendini-pesini galyñ halka güjenlejek bolşy ýaly döşlerini, gollaryny, ýa-da aýagynyñ tüýlerini güjeñleýän ýaly galyñ halkyñ gyz-gelniniñ öñünde köpçülik ýerlerinde sölpüldeşip ýörler. Bu zatlara garşy gadagançylyk girizip öñüni alyp bolmaz. Gaýtam ýaşlaryñ beýle bolgusyz nysaklara höweslerini artdyrar. Agitasiýany, milli propogandany, jemgyýetçilik tankydyny güýçlendirmeli, salyhatlylyga, sypaýy geýinmekligi mahabatlandyrmaly, öñe çykarmaly. Şu saýtyñ "Jemgyýetçilik tankydy" bölümine meñzeş telewideniýede bolgysyzlyklary ýazgarýan täsirli gepleşkleri bermeli, jemgyýetçilik pikirini döretmeli.

18.08.2019 / Haweran

Ak girmedik sakgalymdan ant içýän, güljek bolmadym biggrin

17.08.2019 / Haweran

Estapyrylla cool

17.08.2019 / Nur

angry ustumden güljek bolyañmyy

17.08.2019 / Haweran

@Nur, welitaraş bol-a tongue

17.08.2019 / Mahriiii

tongue haladym

17.08.2019 / Nur

"Oguz bu kowmuň hemmesine şu wagt türkmen diýýärler... Oguzyň perzentlerinden ýigrimi dört urug döredi... Dünýäde bar bolan ähli türkmenler şu aýdylan kowumlaryň we oguzlaryň ýigrimi dört perzentleriniň nesilleridir. «Türkmen» sözi gadym zamanda bolmandyr. Türk şekilinde bolan barça çarwalara ýöne türk diýipdirler. Her kabylanyň özüniň aýratyn belli lakamy bolupdyr. Oguz kowumlary öz ülkelerinden Mawerannahra (Syrderýa-Amyderýa aralygy) we Eýran topraklaryna gelen mahallaryndan, olaryň köpelmegi we nesil ýaýratmagy şu etraplarda boldy. Suw we howa şertlerine görä, olaryň ýüz keşbi kem-kemden täjik şekiline geçdi. Emma bütinleý täjige öwrülmändikleri üçin, täjikler olara «türkmanend», ýagny «türke meňzeş» diýdiler. Şonuň üçin bu at oguz kowumlarynyň barçasyna dakyldy, olar şol at bilen tanaldylar we meşhur boldular» diýipReşid-ed-Din acyklap ginişleýin ynamly ýazýar.

17.08.2019 / Nur

Mahmyt Kaşgarly oguzlary baryp Isgender Zülkarneýniň zamanasyndan alyp gaýdýar, Oguz—türkleriň bir kabylasy bolup, olar türkmenlerdir. diyip maglumat goyyar.

17.08.2019 / Nur

"Türkmen" sözi musulman edebiýatynda ilkinji gezek X asyryň ikinji ýarymynda Makdisiň işlerinde duş gelýar.
Bartold Hazar ýakasyndan tä Ysfyjaba çenli (Çimkende) aralykda oguzlaryň (araplar “guzlar” diýip atandyrypdyrlar) ýaşandyklaryny aýdýar.

17.08.2019 /

Türme. Tussagy boşatjak bolup duranlar. Türmäniñ başlygy ogra şeýle pent edýärmişin: "Bar, ýoluñ ak bolsun. Şu taýyk iñ soñky gelşiñ bolsun. Halal zähmet çek, halal işle!" Şonda aýbygadym ogry gönüsinden gelýär: "Aý, neçennik jan, men indi kärimi üýtgeder ýaly oglan-uşak däl!"

Şoñ ýaly bu milletiñ ganyny sorup ýören doýmaz-dolmaz mugthor sülükler hem owal-ahyr düzeläýmez!

17.08.2019 / Nur

Diyseñiz diymeseñiz Mayakowskiniñ, Jan Yuceliñ Küçük Isgenderiñ gõdekligi, Lermantowyñ, Blogyñ joşgyny ylham guýýan bolmaly şuñ ruhy ylham badasyna. ))

17.08.2019 / Nur

Sakal gõýberdiñmi, sakala ikilik edip sakaly abraydan düşürmejek bolmaly..
Õñrak mundan 5 ýyl ôñ ýakynlarymyñ biri dünýaden gaytdy. Bir nace gün obada bolmaly boldum. Õýe ayat tõwire gelyanler kõpdi. Bir gün bir sakally sarmykly biri ýanynda iki adam bilen ayat bermage gapydan geldiler. Õzlerem ýaşlary boýunça orta ýaşa indi ýetip barýan adamlar.(Şol wagt içeride daşaryda erkek adamyñ bolmanlygy üçin õýde ejeme ayat bermek ücin geldiler) Şonuñ sakallysy lokgy lokgy edip yaltaklap şeyle bir gûrleyar, toya gelen ýaly bolup oturşy. oturanlar oñ boluşyndan utanyan yaly ýere bakyp ýere siñip barýarlar ( gynandyryan yeri mûýnli ýaly bolup utanyp oturanlarda saklalam murtam ýok) Ol bolsa agzyny yerden tapan yaly. Ahyr sakally bolansoñ hormatyny saklaly diýendirler-da tõwir galdyryp bermegini soradylar we tõwir galar galmaz turalyda turaly bolup onam alyp çykyp gitdiler. Gidenlerinden soñ men dilimi saklap bilmeyan yaly "indi molla boldygymy şoñam" diysem ejem gatyrgandy. Giden adamyñ yzyndan gûrlemek gúnadir, her kime birhili gylyk berilyada, bolup yatdygydyr-da bendañ sakal gõýberip namaz okap hatym çykyba ýõr diydiler şoña"" diyse-de "Ay diyseniz diymeseñiz şol adamyñ bolyşy-ha sakaly ýalñyšyp gõýberene meñzeýa diydim-de õz işim bilen boluberdim. Şol gûnden geçen bolsa iki hepde geçendir ol adamy ýanynda bir naçe kilo geroin bilen tutandyklary we tussag edilendigi baradaky habar eşidildi...

17.08.2019 / Nur

Dogry ýazylan mowzuk.

17.08.2019 /

Senkem dogry sakallash

17.08.2019 / Bagabat

Biçak gerekli maglumatlar. Juda gymmatly makala. Elbetde, gazet makalasy, düýpli ylmy iş däl. Jedelli ýerlerem köp. Türkmen ýaýdarçylyk sungaty barada diňe osmanly türkmen ussalarynyň tejribesini öwrenmek bilen çäklenilendigi, hunlaryň, göktürkmenleriň, seljuklaryň tejribesiniň ýeterlik derejede çuňlaşdyrylyp seljerilmändigi maglumatlardan görünýär. Belki, öwrenilendirem, seljerilendirem, ýöne gazet makalasynda düýpli maglumatlary bermäge mümkinçilik bolan däldir. Gazediň ýa-da žurnalyň ölçeg çäkliligi diýen bir zadam bar. Ýöne bu ýagdaý makalanyň gymmadyny peseltmeýär.

17.08.2019 / Bagabat

Dogrusy, şu goşgy ýazyp bilmeýändigimi öz-özümiň öňümde boýun alalym bäri (muňa bolsa takmynan 30 ýyldanam gowrak wagt boldy biggrin ), başarmaýandygymy bilýän zadym barada başym çykýansyrap, geplemegem gaty bir oňlap barmaýaryn. Belki, käbir dili ýitijelerimiz: "hekaýa barada köp nokgy-nokgy edýäň welin, näme onyny başaryp ýatyryn, gözüne gül salyp, süňk edýän diýjek bolýaňmy?" diýmegem ähtimal. Olaryňkam dogry. Pesgöwünsiremeg-ä dä, belki onam başarmagy başarýan däldirin-de, öz göwnüm: "şunyň-a, garaz, biçem bolmady" diýip özümi aldap ýörendir. Gepiň moh-mohunyň juk-jukly ýeri, şonuň üçin, köplenç şygryýet barada öz pikirimi özümde saklamaga çalyşýaryn. Sebäbi käbir ökdeler: "Göreniňe at dakyp ýörme-de hany, özüň goşgyň gowusyny ýazyp görkez-dä" diýäýdigi, onda fsýo, işiň gaýdyp galýa.  :D. Ýöne goşgy gowy çykypdyr.
Ýene-de bellemeli bir ýagdaý, bu goşgyny adminleriň biriniň ýazany üçin dä bolmaly bi aýdýanym smile . Blogyň we Maýakowskiýniň äheňleri bar. Gündogar heňleriniň garnuwynda. Gurbannazar neresse-de özüniň Puşkin bilen Lermontowy sepläp, oňa-da gündogar äheňini çaýmakçydygyny öwran-öwran agzaýan ekeni. Lermontowam Puşkin bilen Baýrony seplemäge ymtylýandygyny nygtapdyr. Puşkinem Gündogar şygryýetini, Gurhany-Kerimiň aýatlaryny Wolteriň setirleri beýan edişinde rus halk heňlerine ýugrup bermäge çytraşypdyr.

17.08.2019 / Bagabat

Şygryň kyssadan tapawutly tarapam şunda. Kyssanyň tutuş bir abzasda beýan etjek duýgusyny-pikirini ýekeje setirde beýan edip bilýär. Mysal: "Bäh, ilkinji gezek seni unutdym!". Göräýmäge düzülişi, çeperçiligi boýunça bujagaz setirde hiç hili üýtgeşik çylşyrymlylygam, agyr duýgam ýok ýaly. Emma aňyrsyna ýetjek bolup, sökeläp ugrasaň, ýyllar ýatyr ol setiriň astynda. Özem nähili ýyllar, gursagyňa gysymlanyp köz guýlan ýaly gyzgyn güzaply ýyllar. Özem kimi unutmaga synanyşylypdyr?! Ilkinji söýgünimi ýa-da ajap näzenin şekilindäki ylham ruhuny?! Ýa-da belki öz-özüňe oýlanyp tapylyp, hyýalyňda-kalbyňda ýonulyp-taraşlanyp, ýyllarboýy sünnälenip, kämil nepislik derejesine ýetirilen hyýaly yşk näzenininiň täsin jemalynydyr?! Belki-de...
Meniň pikirimçe, matal, pynhan syr islendik esere özüneçekijilik berýär.
Gödek jümleleriň ulanylmagy hakynda aýdylanda bolsa, ýazýan adam edil gapdaly gurally gutulardan doly ussa ýaly bir zat bolýar. Edil ussanyň öňündäki bejerýänini "bejermek" üçin özüne has netijeli guraly saýlap alyşy ýaly, ýazýan hem haýsy "guraly", ýagny haýsy sözi ulananda özüniň beýlekileriň ýüregine ýetiresi gelýän duýgusyny-pikirini has oňat edip ýetirip biljekdigini özi saýlaýar. Aglaba köp ýagdaýlarda-da bu "saýlamak" aň bilenem amala aşyrylmaýar-da, öz-özünden bolup geçýär. Ruslar bu duýga "наитие" diýýärler. Anyk terjimesini agtarmaga ýaltandym. Keçiresiz... smile

17.08.2019 / Bagabat

Petrarkanyň Laurasy, Danteniň Beatriçesi, Puşkiniň Natalýa Gonçarowasy, Magtymgulynyň Meňlisi, Zeliliniň Döndisi, Blogyň "Nätanyş hatyny", Ýeseniniň Aýsedora Dunkany...we beýlekiler, elbetde adaty zenan bolanam bolsa, şahyrlaryň özi üçin megerem ylham joşduryjy ruh (ýunanlylaryň muza diýýäni ýaly) bolýan bolmaly. Biwepalyk etmegem, real dunýädemi ýa-da ruhy älemde?! "To be, or not to be"...

16.08.2019 / Nur

Subut edilen hakykatda şol jümle smile

16.08.2019 / Nur

Gõräýmäge Poeziyada aydylmadyk zat ýok ýaly haysy bir zady alsañ õñ nusgawy edebiyatda aydylyp geçilen ýaly bolsa-da täzeçe pikir berip ýazmak başarnykly zehin üçin durmuşyñ her ädimi bir detal bolup durýar.

16.08.2019 / Haweran

Mert ýgit ownasa birden,
Ýanynda bir loly bardyr.
++++

16.08.2019 / Haweran

Ýandyryp bolar dünýäni,
Bir kiçijik çakmak bilen
++++

16.08.2019 / Haweran

Yok-la, bilyan-ä saýta diyeniñi. A men bolsa goşga yagşydan-yamandan bir zat diydiresim gelip böwregim bökdi biggrin

16.08.2019 / geldigeldim81

Багышлан.гошга.диен.ялам.болайды

16.08.2019 / geldigeldim81

Гирип.билмедим

16.08.2019 / geldigeldim81

Йоклай.сайт.ишлемеди

16.08.2019 / geldigeldim81

Ичим.гысды

16.08.2019 / Gurban_aga

Garaýolly, aga dogry aýtýaň şu saýt işlemän soň höwesim bolmady ne döredijilik bilen ne maglumat taýýarlamaga höwes bolmady. Indi nesip bolsa höweslenip işläris.

16.08.2019 /

Aý hawa-da öz içiñdäkiler ahlak taýdan çûýrese daşyndan gelen jeleplerden nämäni gaty görjek.

16.08.2019 /

Mbäh..

16.08.2019 /

Mümkin däl.

16.08.2019 /

Eserleri makalalaryndan, makalalary eserilerinden zyýat ussat Osman Ödäýew. Ine, hakyky taryhymyzyñ beýany.

15.08.2019 / Watanperwer

Men saýta geçen aýyñ 30-yndan bäri on bäş günläp girip bilmedim. Wpn bilen girip bolýar diýdiler. Işläp başlany şu gün. Bu goşgy bolsa awgustyñ 11-inde goýlupdyr.

15.08.2019 / Garaýolly

Mazaly sayyt ishlap bashlady.Kop gunden bari teli ele alasym gelmedi. Indi bir bokdencsiz ishlawersin.Hosh gorduk,dostlar.

15.08.2019 / Nur

Setirleriñ arasynda, gõzýeterden çuñlukda gizlenip ýatan pikir ideýa "kime dõnüklik etdika" diyip okyyjyny geñirgendirmegi ahmal. Dogurdanam wyždanamy ynsabamy, õz õzüñemi käte şeyle bir düşniksizlik peyda bolya ruhy ahwalyñda. Belki bulam şol yagdayda yazylandyr. Yone gõdegiräk sõzileri azyrak ulansañ-a kemem bolmajak ýaly. sad
Bu goşgynyñ umuman Señ goşgylaryñ tarypyny Didar aganyñ aytmagynda diñlayseñ.."Ajayyp diyip bolmaz ol sõz bärden gaydýar diýýar ol-a

15.08.2019 / Haweran

Saýt ýapylanog-a smile