00:14
A Sen diñlegin
A SEN DIÑLEGIN...

Ýok!
Indi hiç zatdan hasap soraman
"Arym kõýse" gõrerin-de õzümden
"At ýüregmi at torbasyna salar-da"
Ara ýolda õwrülerin õwrümden.
Düýrlärde dykaryn etmişleriñi
Ýürek teyime, soñ yzyma garar-da
Ýylgyraryn, ol ýylgyrşyñ ajysyn
undup bilmersiñ!
Hem şol pursat, hasap soran günlerimiñ
Bagt guşunyñ señ depäñi mesgeni
Eýläp, mekan tutup yhlasym bilen
Ýüregñi apalan günleridigni duýarsyñ gõni,
Arman uçan guşy tutup bilmersiñ..
Ýüregimde bolsa berçiger yza
Hesretlerden ýaña sandyrar ellem
Saña yşk ummany bolan didelem
Çekerler elem.
Solar bir wagt saña bakyp ýylgyran
Gül ýüzüm, posañdan utanyp her dem,
gülgün õwsen, gyrmyz õwsen ýañaklam.
A sen bolsañ ýat ülkede solduran
Gülşeniñi gõzläp sõkersiñ älem..
Aýlap-aýlap urarsyñda başyñdan
Terk edersiñ biparhlygyñ jygasyn
Ynanasyñ geler gõzel günleriñ
Gol tutuşyp dolanjagyna meñ bilen
Ynanasyñ geler mahmal demimiñ
Çabyrap dünýäñi ýylytjagyna..
Emma dolanmaza giden pursatlar
Hakydaña mõhür bolup batjagna
Gijem bolsa düşünersiñ, gyýmazym,
Giderin, ynjama meniñ islegim
Gülleriñ erkana õsüp bagyñda
Gõrk bersin dünýäñe, açylyp elwan
Miwe berip bile eken nahalmyz
Bezesin kõşgiñi, saýrak bilbilem
Gonsun mekan tutsun gül-gunçadynda.
Nätjek, ahyr soñy geldi bu ýoluñ
Gõz gõrdi ýalanñy, bir oýnam sõzüñ
Zarbasyna burlup galdy yhlasym,
Ýok! Indi men saña bolmaryn azar
Daşda borun halyñ sorap durardan,
Ertir, agşam, ikindinler aý, garaz
Hyýalyñy seýl etmäge barardan
Uzaga giderin, şirinden şirin
Düýşlerimem alyp, owarram bolup
Daglarda düzlerde bolup sergezdan
Ýollara, ýellere bolaryn hemdem
Näme bolsa şol bolsuna salar-da
Ýõne hijem saña salmaryn nazar.
Tanyş kõçelerden, tanyş ýollardan
Sen ogryn gararsyñ yşkymy yzlap
Belki garşylañda geljek Güýzleri
Şonda birden - birden ýüregiñ syzlap,
Gutlamak islärsiñ doglan günümi...
Gaýdarsyñ, gülşeniñ solan bakjada
Bir hatyra dikilen daş ýüzünde
Adym okap doñar añyñ, elewräp
Gysymlarsyñ depin ýeriñ gumuny,
Ah, men gelmen ýaglygymy ykjydyp
Ýõne şonda seniñ nerkes gõzüñden
Syrygaryn ýañaklarña ýaş bolup
Eziler gursagyñ, tisginer ruhym
Ynjaýşyñy gõrüp, biçäre halda
Şemal bolup õpsem dideleriñi
Şonda sen seretseñ mawy deñizde
Meniñ ynjan ýüregimiñ giñligin
Saña beren ygrarymyñ çuñlygyn
Gõrersiñ-de, soñ bakarsyñ daglarda
Ýañy geler ýüregimde doñduryp
Ynsa-jynsa aýtman giden sõzümiñ
Sazyn şemal ýazar, gomlar aýdymyn..
A sen diñlegin...

Kalba NUR
Просмотров: 186 | Добавил: Nurdan | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 5.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 5
1
1  
Arman uçan guşy tutup bilmersiñ...

++++++

0
2  
Gowy goşgy eken.

1
3  
Bu goşga düşunmek un elbetde inceden yzarlap bilyan dusbi adam gerek
Dogrysy ozum dusunip bilmedim.yone birkisindusunip bilmedigi gosgy erbet diyildigi dal ,dusunmedim diyen yerimem gosgyn ahyry.Men seniň goyan gosgularyny hemise okayan sypdyrmany.sen Şygyrlaryn icinde in gowy gorenim "Shu Watanyň..." diyen gosgyn. So goşgyny imoda profilimada goýdym.

1
4  
Nurbanu doredijilik aleminde ustunlik yar bolsun. Galamyň ujy yiti bilsin. Hormat bn okyjyň!!! hello heart

1
5  
Bolsun

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: