21:12
"Ajaýyp zamanamyz - ylham akabasy"
ATA GULLAROW: «AJAÝYP ZAMANAMYZ — YLHAM AKABASY

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň işi barada söhbet

Döredijilik älemi – aňyrsyna göz ýetmeýän ummany ýadyňa salýar. Çünki döredijilik adamlary ýürek joşgunlary bilen kalplara gözellik paýlaýarlar. Ol gözellikden bolsa ýurtda, zeminde görkanalyk emele gelýär. Ýurtda amala aşyrylýan beýik işleriň keşbini çekmek, bagtyýar pursatlaryň beýanyny Zemine ýaýmak, esasan, döredijilik işgärleriniň wezipesi. Biziň söhbetdeşimizem şeýle joşgundan ganat alyp döredýän, zähmet çekýän sungat adamlarynyň biri, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň baş ýolbaşçysy Ata Gullarow. Bu teatrda halkymyza täze-täze sahna oýunlaryny hödürlemek, döwrümiziň waspyny ýetirmek, şonuň bilen bir hatarda nusgawy edebiýaty sahna dilinde tomaşaça ýetirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler gürrüňdeşligimiziň özenini düzdi.

— Hormatly Prezidentimiz biz — döredijilik işgärleriniň öňünde uzak geljekleri nazarlaýan wezipeleri goýmak bilen, her bir ädimiň şowly bolmagynda maksatnamaly zähmetiň miwesiniň ýokary bolýandygyny ussat mugallym hökmünde kalbymyza guýýar. Ine, şol beýik mekdebiň sapaklaryny ýüregimize guýmak bilen teatrymyzda-da ýylyň-ýylyna öňde belent maksatlary goýup, halkymyzyň ýüreginden turýan, döwrümizi, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän sahna oýunlary tomaşaçylara yzygiderli ýetirilýär. Teatrymyzyň tomaşa zalynyň dolup durmagy bolsa çekilýän zähmetiň datly miwesi hökmünde bizi täze-täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrýar. 2018-nji ýylda hem döwrebap oýunlaryň birnäçesini sahnalaşdyryp, tomaşaçylara hödürledik. Olardan Gylyçmyrat Kakabaýewiň edebi eseri esasynda režissýor Hoja Batyrow «Gumly gelin» atly komediýany şowly çykan oýunlaryň biri hökmünde ýatlap bileris. Bu spektaklda Türkmenistanyň halk artisti Kakageldi Garajaýew, Türkmenistanyň at gazanan artisti Nurbike Mollaýewa, şeýle-de teatrymyzyň Merdan Çaryýew ýaly zehinli artistleri keşpleri janlandyrýarlar. Şonuň ýaly-da «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda «Watanym» atly mono spektakly hem ildeşlerimize hödürledik. Dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň edebi eseri esasynda sahnalaşdyrylan bu spektakly tomaşaçylar uly söýgi bilen kabul etdiler. Bu spektaklda Şyragyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhammettirkeş Rüstemow ussatlyk bilen janlandyrdy. Şonuň ýaly-da bu spektaklda Merdan Akmämmedowyň ýerine ýetirmegindäki sahna bezegi bilermenleriň-de, tomaşaçylaryň-da gowy belliklerine, öwgüli sözlerine mynasyp boldy.
Biz teatrymyzda ýylyň-ýylyna körpe tomaşaçylar üçin hem spektakllary, ertekileri sahnalaşdyrýarys. Geçen ýyl hem şeýle sahna eserleriniň birini — «Taýharjyk» atly spektakly körpelere sowgat etdik. Dramaturg Aýmämmet Işangulyýewiň eseri esasynda bu spektakly režissýor Akynazar Hommyýew sahnalaşdyrdy.
Geçen ýylda sahnalaşdyran spektakllarymyzyň arasynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyndan ruhlanyp Enejan Akmyradowanyň ýazan «Söýgi ummanynda küreksiz» atly oýnuny buýsanç bilen agzap geçesimiz gelýär. Arkadagymyzyň ajaýyp kitabynda söhbet edilýän nusgawy şahyrymyz Mollanepesdir onuň ölmez-ýitmez peşgeşi — «Zöhre-Tahyr» dessany bilen baglanyşykly bu spektakly zehinli režissýor Perhat Hudaýberenow sahnalaşdyrdy. Onda baş keşpleri Gözel Annahanowa, Mekan Bekmyradow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhammet Rüstemow ýerine ýetirdi. «Söýgi ummanynda küreksiz» spektakly bilen biz geçen ýylyň tomsunda Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen paýtagtymyzda geçirilen «Ýüpek ýoly — ýürek ýoly» atly teatr festiwalyna gatnaşdyk. Bu festiwalda Muhammet Baýramowyň «Iň oňat saz bezegi» ugry boýunça ýörite baýraga mynasyp bolmagy teatrymyzyň döredijilik toparynyň yhlasly zähmetine berlen uly baha diýip kabul etdik. Umuman şeýle festiwallaryň geçirilip durulmagynyň özi sahna işgärleriniň ählisi üçin uly bir mekdep bolup durýar. Hut şonuň üçin-de her bir döredijilik işgärleriniň, şol sanda teatr işgärleriniň kalbynda hormatly Prezidentimize alkyşly sözler hemişe joşup dur. Geçen ýyl biziň teatrymyz üçin täsirli pursatlara baý boldy. Biz geçen ýyl «Söýgi ummanynda küreksiz» atly spektaklymyz bilen Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň teatr festiwalyna gatnaşdyk. Ol ýerdäki çykyşymyza ýerli tomaşaçylar, festiwala gatnaşmaga dürli ýurtlardan baran sungat ussatlary, medeniýet işgärleri uly baha berdiler. Spektaklymyzyň festiwalyň ýörite baýragyna mynasyp bolmagy hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.

— Siziň gürrüňiňizden çen tutsaň, teatryňyzda her bir ýylyň turuwbaşdan döredijilik gözleglerine beslemek adaty ýagdaý. Şu ýylyň başyndan bäri hem teatryňyzyň sahnasynda täze-täze spektakllaryň peýda bolmagy ugrunda işler dyngysyz alnyp barylýan eken. Şular barada gürrüňimizi dowam etdiräýsek?

— Teatrymyzyň sahna ussatlary «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinden Gahryman Arkadagymyzyň döredijilige, medeniýete, sungata çäksiz sarpasyna, bize bildirýän mukaddes ynamyna, guwanjyna mynasyp jogap etmek maksady bilen täze-täze spektakllary sahnalaşdyryp başladylar. «Ir gelen bahar» spektaklymyz eýýämden tomaşaçylaryň uly söýgüsine mynasyp boldy diýip aýdyp bileris. Döwrümiziň ýaşlarynyň durmuşyndan söhbet açýan bu oýny Merdan Akmämmedowyň edebi eseri esasynda teatrymyzyň ýaş režissýory Gurban Hallowow sahnalaşdyrdy. Bu özüne çekiji spektaklda baş gahrymanlaryň keşbini teatrymyzyň ýaş artistleri Mekan Bekmyradow hem-de Ýazdursun Rahmanowa janlandyrdylar. Şeýle-de bu spektaklda tejribeli ussat artistler Nurbike Mollaýewa, Parahat Akmyradow, Merdan Çaryýew, Bibi Aýmakowa, Gowşut Babaýew özlerine ynanylan keşpleri diýseň göwnejaý ýerine ýetirmegi başardylar.
Ýaňy hem belläp geçişimiz ýaly teatrymyzda ýylyň maksatnamasy düzülende körpeje tomaşaçylarymyz hem hiç haçan ünsden düşürilenok. Hut şu nukdaýnazardan hem häzirki wagtda teatrymyzyň sahnasynda A.Işangulyýewiň «Batyr towşan» atly erteki pýesasyny režissýorymyz Döwlet Hudaýberdiýew sahnalaşdyryp ýör.
Gahryman Arkadagymyzyň eserleri — biziň ylham çeşmämiz. Milli Liderimiziň döredijilikli gözlegleriniň, çäksiz zehininiň önümi bolan eserler esasynda teatrymyzda birnäçe sahna oýunlary goýuldy. Häzirki wagtda hem hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby esasynda K.Zamanowyň ýazan «Zaratuştra» atly taryhy dramasyny tejribeli režissýorymyz Akynazar Hommyýew sahnalaşdyryp başlady. Gadymyýetden söhbet açýan bu sahna oýnunda öňe sürülýän pikiriň çuňňurlygynyň tomaşaçyny özüne çekjekdigine ynanýarys.
Daşary ýurt dramaturglarynyň, dünýä nusgawy edebiýatynyň dürdänelerine ýüzlenmek — soňky ýyllarda türkmen teatrlarynda asylly däbe öwrüldi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik işgärleriniň öňünde goýýan wezipeleriniň datly miwesidir. Ine, şol ajaýyp işleriň miwesi hökmünde häzirki wagtda režissýorymyz G.Hallowowyň rus ýazyjy A.Wampilowyň eseri esasynda goýýan «Myhmanhanada» atly sahna oýnuny mysal getirip bolar.

— Teatrlaryň ýurdumyzyň çar künjegine döredijilik saparlarynyň guralyp durulmagy indi asylly däbe öwrüldi diýsek ýalňyş bolmasa gerek. Bu babatda siziň teatryňyzda alnyp barylýan işler hem okyjylarymyzy gyzyklandyrýan bolsa gerek.

— Hawa, biziň maksadymyz — Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döredýän, gurýan watandaşlarymyza ruhy lezzet paýlamak. Bu babatda milli Liderimiz biziň öňümizde uly wezipeleri goýýar. Şolaryň biri hem öz spektakllarymyz bilen ýerlerde çykyş edip, halka hyzmat etmek. Bu işleri soňky ýyllarda teatrymyz tarapynda yzygiderli alnyp barylýar. Geçen ýyl hem biz paýtagtymyzda, Ahal, Lebap welaýatlarynyň dürli ýerlerinde, Serhetabatda döredijilik saparlarynda bolup, ildeşlerimize režissýor Gurban Hotjyýewiň Gurbandurdy Nazarowyň edebi eseri esasynda goýan «Mülk» atly komediýasyny, şeýle-de «Geliň, gülüşeliň» atly degişme sahnalarymyzy hödürledik. Bulardan başga-da döredijilik saparymyzyň dowamynda tomaşaçylara degişme sahnalarymyzy-da görkezeris. Umuman aýdanymyzda teatrymyzyň döredijilik topary bolup Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş eden ajaýyp zamanamyzyň mynasyp waspyny ýetirmek, halkymyzyň göwnünden turýan täze-täze eserleri sahnalaşdyrmak maksady bilen her bir günümizi täze-täze gözleglere besläp döredijilikli zähmet çekýäris. Bize şeýle mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

— Gürrüňdeşlik üçin sag boluň, size mundan beýlägem döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.

— Sag boluň!

Gürrüňdeş bolan Myrat HUDAÝGULYÝEW.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 20 | Добавил: Haweran | Теги: Myrat Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: