08:58
Asylyp öldürilen maýmynlar
ASYLYP ÖLDÜRILEN MAÝMYNLAR

■ Türk deñizçiligi we maýmynlar

Osmanly türkmen döwletiniñ maýmynlary deñiz flotiliýasynda ulanandygy we janawarlary gämileriñ bumyna çykarmak bilen şöwür çekdirendigi öñden bäri mälimdir. Orta Ýer deñzini hakyky türk deñzine öwren Osmanlylar aýratynam Soltan Baýezit II-den soñ gämi önümçiligi we deñiz ýörişleriniñ inçe sungaty bilen giñden meşgullandylar. Şol bir wagtyñ özünde, uzak aralykdan görme ukyby bolan ýörite taýýarlykly maýmynlaryñ hyzmatyndan hem giñden peýdalanylyp başlandy. Gysgaça aýdylanda, osmanly deñizçileri maýmynlary dürbi ýa-da teleskop deregne ulanýardylar. Demirgazyk Afrikadan getirilen iri-iri maýmynlar Gelubolu we Stambul gämi ussahanalarynda belli bir wagt okadylandan soñ, söweşjeñ gämilerde gözçi edilip gulluga alynýardy. Ynha, şeýle çynlakaý taýýarlykdan geçen gözçi maýmynlar gämileriñ bumlaryna we burnuna çykarylyp, gözýetime esewan edýärdiler, açyk deñizde özlerine tarap ýakynlaşýan gämi göze ilen badyna özlerine mahsus usulda derhal aşak inip, gerekli çäreleriñ alynmagyna ýardam edipdirler.
Öñki Stambulyñ Galata raýonynda iki köpriniñ aralygy ýelken, tanap, tros, gara sakgyç (mazut), çelek... ýaly deñizçilik harytlarynyñ satylýan ýeridi. Gazy köprüsiniñ başynda, Sokully Mämmet paşa metjidiniñ (Azamgapysy metjidi) ýakynynda bolsa maýmyn dükany bar eken. Dükanda ýolagçy we söwda maksatly gämiler üçin taýýarlanan maýmynlar satylypdyr.

■ "Maýmynhor ymamyñ" gazaby

Soltan Myrat III-iñ mugallymy bolup, soñra Rumeliniñ goşun kazysy bolup işlän Molla Abdylkerim efendi tutanýerli, gaharjañ, edesi gelýän işini soñuna çenli etmän goýmaýan, patyşanyñ ýanyndaky sylag-sarpasyna daýanyp, hiç kimden çekinmeýän adam bolupdyr. Ol owadan labzy bilen metjitde wagyz edende namaz okamaga gelen jemagaty agzyna añk edip bilýän suhangöý adam eken. Günlerde bir gün ol kitap okap otyrka "maýmyn jynsy gatnaşyga sebäp bolup biler" diýen setiriñ üstünden barypdyr, gahar-gazapdan ýaña ot bolup tutaşan Molla Abdulkerim müñlerçe adamy yzyna salyp, dessine Azamgapysy bazaryna barypdyr we maýmyn satylýan dükanlaryñ üstüni basypdyr. Dükanlarda näçe maýmyn bar bolsa, hemmesini şol ýerdäki agaçlardan asdyryp, ölüm jezasyny beripdir. Bu wakadan soñ Molla Abdylkerime "Maýmynhor ymam" lakamy berlipdir. Waka barada saklanyp galan bir ýazgyda şeýle diýilýär: "Hijri 999-njy ýylda Stambul meýdançalarynda ähli uly agaçlaryñ şahasy maýmyndan miwe getiren agaçlara dönüpdi. Halka göz bolsun diýip, iri maýmynlara aýratyn jeza beriş sahnasy gurnalýardy. Abdulkerim atyna atlanyp, etrapma-etrap aýlandy we asyljak maýmynlaryñ ýüpüni öz eli bilen çekdi. Şeýle geñsi hüý-häsiýetu bolan kazynyñ oñar taraplary-da bardy. Meselem haýyr-sahawat işlerini etmegi gowy görerdi. Gaýry müslimlere (musulman dällere) garşy añyrdan gelýän çuññur ýigrenji we kinesi bardy. Günlerde bir gün onuñ küýüne hristianlary we ýewreýleri ýepbeklemek düşdu. Şol wagtlar her din wekiliniñ aýry reñkli serpuşlary bolupdyr. Hristianlar gök, ýewreýler sary tahýa geýipdirler. Molla Abdylkerim bularyñ tahýalaryny gara er gyzyl reñke öwrürdi.
Stambulyñ Kasympaşa raýonynda öñler, häzirki "Deñiz" hassahanasynyñ duran depesinden tä "Abdylla metjidine" we "Seýdi Aly Reýis metjidine" çenli ýewreý maşatlygy (gonamçylygy) bar eken, aşak eteklerinde bolsa musulman gonamçylygy bolupdyr. Abdylkerim ependi ýewreý gonamçylygynyñ içinde bir metjit saldyrmagy netine düwüpdir. Ýöne ýewreýleriñ nägileligi sebäpli, muny hiç amala aşyryp bilenokdy. 1591-nji ýylda Abdylkerim ependi gurdurjak binasynyñ ähli materiallaryny jemledi. Bir gije ýüzlerçe işçi birden herekete geçdi. Ertir irden turup görseler ýewreý gonamçylygynyñ ýerine minaralyja metjdiniñ durandygyny gördüler. Molla Abdylkerimiñ bu gözsüz batyrlygyna, çakganlygyna haýran galdylar. Döwletiñem Abdylkerim mollanyñ bu işini makullamakdan başga alajy galmady. Hawa, häzirki "Ýel degirmeni metjidi" adyny göterýän metjit birwagtlar "Maýmynhor ymam" tarapyndan şeýdip gurulypdy. Molla Kerim metjit gurlandan iki ýyl geçensoñ aradan çykypdyr we şol ýerdäki "Kasym Çawuş" gonamçylygyna jaýlanypdyr.
Ymam hezretleri ölen güni şäheriñ ähli maýmyn söwdagärleri begençlerine bäs edibilmän baýram edipdirler".


Çeşme: "Taryh hazynasy" žurnalynyñ 28.02.1951-nji ýyldaky sany.
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 75 | Добавил: Haweran | Рейтинг: 4.7/6

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 7
0
1  
Haýýran galyp okadym. Ymam dini taýdan juda wepalylygyndan jezalandyrypdyr maýmynlary meniñ pikirimçe. Häkimýet barka her kim beyle etmäge het edip bilmezdem... Gõzsüz batyrlyk gõrkezen ekeni..

0
2  
A meni bolsa, maýmynlara beren jezasy däl-de, ýewreýleriñ gözüne basyp bir gijede metjit galdyryşy haýran galdyrdy ))

0
3  
Meni ikisem hayran galdyrdy) Haýran sõzüniñ haýýran diyip ýazylmagy şondan-da) )

1
4  
Her iki işi'de çok yalnış. Mazlum maymunlarin ne günahı var? Onu eğiten insan, kullanan insan. Eğer onun cinsel ilişki yalacaksa yine insan yapacak, maymun değil! Yarin bir insan biriyle ilişki yapacakmış diye bugünden onu öldürsek doğru olarmı? Bu'da onun gibi bişey. Insan yapamadıklarindan sorumlu değil..

Yahudi mezarligina camii yaptırması hoşuma gitmedi değil. Ama o'da çok doğru bir iş değil.

0
5  
AKP-liler bilmesin bunu. smile Yoksa bugün Türkiyede köpekleriyle ilişki yaşayan çok türk kadını var (tövbe estağfurullah!). Türkiyede köpek birakmazlar wacko

1
6  
Sonuçta köpek'te olsa o yapmiy!or bu işi. Hayvanlaşan insanin kendisi ona meylediyor. Ne yapacaksan, ne ceza vereceksen insana vermeli

0
7  
Gyzmalygyndan gaharyna bäs gelmän derrew kellesine uran gaharyny geçiripdir-da durmuşa. Şol ýalñyşlygyñ düýbünde dinine wepalylygy bar.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: