02:25
ATSYZ GOŞGY
ATSYZ GOŞGY

Hasapsyz zat bolmaýarmyş dünýede,
Çyn söýgiň üçinem bermeli jogap.
Ertire bakmaly, ýöne düýnde-de,
Bolanlygyň üçin etmeli togap.

Bolanlygyň üçin etmeli togap,
Ýakanlygyň üçin ýürekde yşgy.
Edenligiň üçin şeýlekin sogap,
Ýazanlygyň üçin ençeme goşgy.

Ýazanlygyň üçin ençeme goşgy,
Ýer alanyň üçin kalbyndan ýaryň.
Çekenligiň üçin abrsyz keşgi,
Ýaşamanyň üçin durmuşda ýarym.

* * *

Jigerme sünjüp hanjarňy,
Sogurman saklapjyk dursuň,
Beýle lezzet berýän bolsa,
Aýyrma ýerinde dursun.

Ahyr bir gün elleň ýadar,
Ana, şonda nätjek gülüm,
Bilmeseň özüm aýdaýyn,
Diliň bilen etgin zulum.

Ýöne, sözlerem gutarar,
Hak ajala sabyr berse,
Şonda Ezraýylny ibär,
Meniň düşen halym görse,
Näderin nebsiň agyrsa.
Категория: Goşgular | Просмотров: 39 | Добавил: Allanazar | Теги: Allanazar Rejebow | Рейтинг: 5.0/3

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 19
0
1  
Seslenen bolmady welin...

0
2  
Ses bermäge zat goymansyñ agam..

0
3  
Dogrymy aýdaýyn agam, başky goýan goşgylaryñy gaýtalap gaýtalap okasamam o diýen bir ünsümi çekenokdy.

0
4  
Soñky goýýanlaryñ at gaýtarym öñe saýlandy. Galamyñ ötgür bolsun, Allanazar aga.

0
5  
Birinji topbak has gowy diýesim gelýä welin, ikinji topbak hem peslär ýaly däl, az bentde uz many beribilipsiñ. Soñky goşgularyñda duýgyny has güýçli berip bilýäñ.

0
6  
Gowy goşgylar ýöne ikinji goşga welin, ýöne gowy diýmän, ajaýyp diýesim gelýär. Meniň içki dünýäme gabat gelýär.

0
7  
Seslenýän ýok diýibä öýke kine etme. Bu saýtda kän syn ýazmaýan ekenler, ýöne ýagşydan, ýamandan seslenseler gowy bolaýjak ýaly welin. Ýagny kemiňi aýtsalar, düzeder ýaly.,arzylasalar höweslener ýaly :-)

0
8  
Ynha, Allanazar shahyr bir postda biri-birinden zyyat iki goshgy yerleshdiripdir. Goshgylar, elbetde, kamil'doredilipdir. Liriki hahryman ynsan omruniñ duynuni, bugununi we ertirini biri-birine berk baglanshykly goz oñune getiryar. Mysal ucin, cyn soyginiñ, hakyky yhlasyñ duyni, bu guni bolmayar. Cyn soygi duyn kalpda kok urup, bu gun gol yayradyp, ertir, yagny gelejekde netijani-shirin hasylyny-miwesini berjegine berk ynanc doredyar. Shol ynanc ynsan omruniñ mazmunyny kesgitleyar. Cunki, duynuñe edilyan togap,shu gunuñ kalp rahatlygy seni ertiriñ razylyk bagtyna eltyar.

0
9  
Shahyryñ ikinji goshgysy barada hem gaty gowy garayyshda.

0
10  
Goşgy gaty takaşyksyz, agyr okalýar.

1
11  
Saýtda syn ýazmaga @Garaýolly agamyzyñ jany sag bolsun.Garaýolly aga goşgyña syn ýazsa ýazan goşgyña nur çaýylyp,ylhamyña ganat biten ýaly bolýar.

0
12  
Alña yalkasyn,uyam. Sag-salamat bol!

1
13  
Azat aga, siz-ä eýýäm azy ýaran galamgär, bellik eder ýaly kem-köst goýañzok. Ýaşlara-da näme düýnki aýdyşym ýaly, saýty özümiz ýöredip duransoñ, eline-aýagyna kakyp durmajak bolýas, höwesini döwülmesin diýip. Siziñ ýaly agy-garany seljerýänleriñ arasynda düzeler giderler, kämilleşerler diýen umyt bk

0
14  
*umyt bilen.

1
15  
Emma teswir ýazmalaryna, bellik etmelerine saýta agza bolýan beyleki ýazyjy-şahyrlardan, awtorlardan garaşýas, olardanam ses-seda çykyberenok, sessizje okamagy makul bilýändirler-dä )) haysy bolanda-da janlary sag bolsun smile

0
16  
Ýogsa, saýta diñe myhman bolup giryanleriñ sany-da gunde 100-den geçya.. yek-yarym bolmasa olaram seslenip baranoklar.

0
17  
Tanyşlyk saýtlaryndaky ýaly wagyr-wugyrlyk bolup durandan ýene şu sessizlik gowydyr-la biggrin

0
18  
Dogry, manysyz, manysyz boş teswirlerden beýleki saýtlarda da bizar.ondan dymanlary ýagşy, ýöne men degerli maslahatlar berilse, kemiräk ýerleri düzedilse hasam gowy bolarmyka diýýän. Myhmanlaryňam teswir ýazmaga mümkinçiligi barmy? Eger şeýle bolsa örän gowy.

0
19  
Ÿokardaky seslemnelere gosulyan. Ajap gosgy. Teswir ÿazmadyklar bolsa name ozunden gorsun.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: