10:11
Aý astynda bir gurt uwlar...
AÝ ASTYNDA BIR GURT UWLAR...

Aý astynda bir gurt uwlar,
Boz gurt uwlar, joşaryn men.
Munda ýaralam gutular,
Bäş ýyldyz, bir aý bilen.

Uzaklardan jogap geler,
Ötesinden dag deñiziñ.
Olar meñ hyýalym biler,
Urgusy deñ ýüregmiziñ.

Bir gün geler, gowuşarys,
Tiken girmez aralara.
Biz bir atañ ogludyrys,
Mätäç däl biz agalara.

Siz üçin munda bar sözüm
Kasydalar, mersiýeler.
Ýaralara biraz dözüñ,
Şu ýyldyzlar, şu aý geler.

Nejep BAÝAT.
Категория: Goşgular | Просмотров: 76 | Добавил: Haweran | Теги: Nejep Baýat | Рейтинг: 3.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 271 2 »
0
1  
Haladym

-1
2  
Nähili goşgaý bu?

0
3  
Türkmenleň goşgysy

0
4  
Nejebiñ Ötüken dagynyñ gerşine çykyp çal möjek kimin uwlap okaýan goşgusy biggrin

0
5  
wacko

0
6  
Düşünene ajaýyp goşgy...

0
7  
Ötüken dagyny "Atakent dagy" diýip alynsa "Atamekan" diýen düşünjä dogry gelýän ýaly. Ýöne, gadymy türkmen dilinde "Ötüken" diýilýän ekeni. prof

0
8  
Serdar akga, señkem öñem biriniñ Pariž tûrkmenleriñ goýan ady "Porsy - ys / Porsys / Porys / Paris" diýşine bardy biggrin

0
9  
Ýöne şoñ aýdýan sözünde (geografiýa mugallymydy) hem jan bar eken-ow, görüp otyrsak. Öñräk Pariž hakynda dokumental filme tomaşa etdim, filmde Parižiñ ýer astynyñ eýýäm näçe asyr bäri her dürli (torf, keramzit we ş.m. suwy çalt özüne siñdirýän we çyg saklaýan, suwa pytraýan dürli daşlar) daşlar gazylyp alynyp ýörlensoñ şäheriñ astynyñ syçan kürümi ýaly eleme-deşikligini görkezýär.

0
10  
Hem mundan birnäçe müñýyl öñ Parižiñ duran ýeri çybyn-çirkeýdir gurbagaly porys batgalyk ýer eken.

0
11  
Franklaryñ gadymy ata-babalary hem edil şumerler mysaly Änewden gidip Mesopotamiýanyñ iki derýasynyñ arasyndaky batgalyklary guradyp mes toprakly oazisi we ösen siwilizasiýa döredişleri ýaly batgalygy guradyp Pariž şäherini gurupdyrlar.

0
12  
We häzirem dõwlet ähmiýetli birnäçe obýektleriñ, binalaryñ podwallary ýörite suw nasoslary bilen suwdan doldurylyp saklanýan eken.

0
13  
Eger podwallar suwly saklanmasa ýeriñ astky gatlaklaryndaky batgalyklar we şor suwlar ýokary galyp binalary ulanyşa ýaramaz hala getirýän eken.

0
14  
Filmde görkezyar welin käbir uly şayollar, koçeler, giden uly-uly binalar orta asyrlarda daş almak ûçin gazylan tunelleriñ üstünde, tunel diwarlarynyñ hen bary-yogy bäş-on sany daşyñ ustunde durandygyny gorkezyar. Parižiñ şaher abadanlaşdyryş edaralarynyñ işgarleri dunyade iñ agyr we jogapkarli işi yerine yetiryan bolsa gerek. Sebabi olar şol ejizje daşlaryñ daş-toweregine goşmaça betonlar guyup geçmişiñ gelejegiñ goyberen biparhlygyny duzedip yorler

0
15  
Yagyş ýagmak Pariž üçin diýseñ yaramaz yagday eken. Sebabi yerasty suwlar yokaryk galyp şäheretek derýalar hanasyndan çykyp jemgyýetçilik yerlerine ummasyz zelel yetiryan eken. Şol sanda adam eli bilen doredilen yerasty kürümler zerarly çökýän koçeler hem az dal.

0
16  
Gepiñ keltesi, Pariž - Porsys - Paris diýseñ Paris eken biggrin

0
17  
Haýsysy özüňe laýyk bolsa, laýyklabermelidir-dä. Şonuň üçinem döredijilik diýilýär-dä. "Döretmek" sözünden gelip çykýar. Gepiň gerdişine görä, isleseň Ötüken - Atakent bolar, isleseň Ötüken - Ot ene, Ene mekan, Ene ýer, Ot akýan dag bolar-da biggrin . Ýöne türkmen dilinde "Ene mekan" diýilmeýändigi sebäpli "Atakent" - "Ata mekan" diýmegi dogry hasaplaýaryn.

0
18  
Porsy ys barada maglumatlaryň üçin bolsa sag bol. biggrin

0
19  
Ýene-de bir maglumat. Gadymy Hytaý nindzýalaryna "Moşuh-nanren" - "Gizlin ganhorlar" diýipdirler. "Mojuk" diýen türkmen sözi hem şondan gelip çykdymyka?!
Ine gysgajygam bolsa jedel üçin sebäp!

0
20  
Baýat bagşa öz goşgusynyň teswirleriniň nireden çykandygyna geň galar-ow! "Mundan urdum gylyjy arapda şaňlar ujy" diýilýänine ýetip barýar yes

1
21  
Paris (par-as) parlar bilen aslaryñ göcen mekany bolsa näbilyañ diyyäñmi? biggrin

0
22  
"As" - diýmegiň iki manysy bar ekeni: 1.Arassa, ary, asylly; 2.Arslan (Ýolbars); Diýmek "Paris" - Arslan kibi parlaryň mekany bolýar.

0
23  
Goşgy "Dag başynda bulut oýnar sil biläni" diýýän setirleriň äheňini berdi.

0
24  
Gûldûribilýäñiz-ay biggrin tongue

0
25  
Ötükeniň ak ýyşynda,
Ýaňlanar bozgurt aýdymy.
Gök ýaýlada, ot başynda,
Diňlener Bozgur aýdymy.

Bozgur baba gaýrar nama,...

Yzynam, bizler ýaly "işiginden jyklaýanlar" däl-de, hakyky şahyrlar dowam edibersin... shutup

1-25 26-27
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: