21:19
Badalga sahnasy
BADALGA SAHNASY

Mollanepes adyndakty talyplar teatrynyň işi barada söhbet

Özgeriş. Bu söz ajaýyp zamanamyzda, islendik ugurdaky ösüşli menziller dogrusynda edilýän buýsançly gürrüňleriň sözbaşysyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýetilen sepgitler we durmuşa geçirilýän işleriň ählisi-de biziň her birimiziň ykbalymyzda ajaýyp özgerişlikleri emele getirmek bilen, şol beýik reformalara öz mynasyp goşandyňy goşmak hyjuwyny-da kalbyňa doldurýar. Bu bolsa her bir başyna barlan işiň haýran galdyryjylykly tizlikde durmuş ýüzünde amal bolmagyna alyp barýar.
Ajaýyp ösüşlere beslenen Garaşsyz diýarymyzyň waspçylary bolan medeniýet, sungat işgärleriniň şu günlerde alyp barýan işleri, täze-täze döredijilik gözlegleri dogrusynda gürrüň etjegem bolsaň, söhbeti ýene-de özgerişliklere syrykdyrmaly bolýar. Çünki bu ugurda durmuşa geçirilýän özgerişlikler türkmen sungatynda, medeniýetinde täze bir sahypany açdy. Ol sahypadan başlanan ýoluň ugrunda türkmen sungatynyň özboluşly keşbini emele getirjek täze-täze eserleriň dünýä injekdigine bolsa hemmeler ynanýar.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň ilkinji gününden başlap ýurdumyzyň teatr işgärleri talapkär tomaşaçynyň synagyndan mynasyp geçmek, hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerine jogap bermek üçin täze-täze spektakllaryň üstünde yzygiderli işläp, repertuarlaryny ilhalar eserler bilen baýlaşdyrmagyň aladasynda. Bizem ýakyn geljekdäki maksatlar barada gürrüň etmek üçin Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň baş ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Merdan Tüweleýew bilen söhbetdeş bolduk.

— Biziň teatrymyz ýurdumyzyň iň ýaş teatry bolsa-da, bu sahna uly-uly halypalaryň ensemesini gören — diýip, Merdan Tüweleýew söze başlady. — Sözümiň başyny türkmen teatr sungatynyň geljegi üçin şeýle öňdengörüjilikli işi durmuşa geçiren Gahryman Arkadagymyza alkyşdan başlasym gelýär. Sebäbi talyplaryň ygtyýaryna şeýle uly teatry bermek — sözüň doly manysynda sungatymyzyň geljeginiň aladasyny şu günden etmek. Iň ýönekeý zat — bu ýere gelýän ýaşuly artistlerem şu teatryň, şu sahnanyň özboluşly täsiri barada öwran-öwran gaýtalap gidýärler. Onsoň şol güýjüň ýaş artistlerde, talyplarymyzda nähili täsir döredýändigini göz öňüne getiriberiň. Ýene-de bir ýagdaýy men indi hemişe gaýtalaýaryn. Bize hormatly Prezidentimiz bilen Awstriýada, Sloweniýada saparda bolmak miýesser etdi. Şonda men olara talyplar teatrlary bilen baglanyşykly sowal berdim. Görüp otursam olarda talyplar teatry ýok ekeni. Şonda teatryň, sungatyň dürli görnüşleriniň ösen merkezi hasaplanýan ýurtlarda, şäherlerde talyplar teatrynyň bolmazlygyna geň galmadym-da, öz ýurdunyň ýaşlaryna, sungaty, sahnany ykbal edinip saýlan talyplara şeýle mähribanlyk bilen garaýan, her bir ädimini menzilläp öňden görüp ädýän Gahryman Arkadagymyza, ajaýyp zamanamyza buýsandym. Ine, halypalaryň ruhy siňen şu ajaýyp sahnadan badalga alyp, çäksiz buýsanjy kalbynda göterip kemala gelýän talyplarymyzyň geljekde uly-uly artistler bolup ýetişjegine ynanmazlyk mümkinem däl.

— Merdan, teatryňyz açylaly bäri birnäçe ýyl geçdi. Ondan gowrak möwsüm yzda galdy. Şu geçen ýyllarda tomaşaçylaryň aýratyn söýgüsine mynasyp bolan spektakllar bardyr?

— Teatrymyz 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen açyldy. Şondan bäri teatrymyzyň sahnasynda ýylyň-ýylyna täze spektakllar goýlup gelinýär. Olarda halypa režissýorymyz, Türkmenistanyň halk artisti Nurmuhammet Keşşikowyň sahnalaşdyran «Mollanepes», Karlo Galdoniniň «Iki hojaýynyň hyzmatkäri», Güseýin Muhtarowyň «Söýgi bar ýerinde» atly spektakllary diýseň şowly çykdy. Şonuň ýaly-da Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýewdir Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Urmatkan Meläýewa-da talyplarymyz bilen diýseň şowly çykan spektakllaryň birnäçesini goýdy. Şolardan «Leýli-Mejnun», «Durna umydy», «Habyl we Kabyl», «Arşyň nepisligi» spektakllaryny aýratyn belläp geçesim gelýär. Şonuň ýaly-da Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow, Gurban Çaryýew, Aýmämmet Işangulyýew ýaly Türkmen döwlet medeniýet institutynda mugallymçylyk edýän halypa režissýorlaram talyp artistlerimiz bilen spektakllaryň birnäçesini goýdular. Islendik möwsüm açylyşyndan başlap ýapylyşyna çenli teatr işgärleri üçin hakyky baýramçylyga öwrülýär. Şol bir wagtyň özünde-de munuň özi diýseň uly jogapkärçilikdir. Sebäbi biziň baş maksadymyz — teatra gelen tomaşaçynyň şu ýerden hakyky ruhy lezzet alyp gitmegini gazanmak. Onsoň her bir täze spektakldan tomaşaçy diýseň köp zada garaşýar. Şunda esasy zat — tomaşaçy eseriň sahna dilinde beýan edilişinden lezzet almaly. Biz teatrymyz açylaly bäri tomaşaçylarymyza birnäçe täze spektakllary hödürläp ýetişdik. Ol spektakllarymyza tomaşaçylar uly höwes bilen geldiler. Ol spektakllarda-da, näme, özüňiz bilýärsiňiz, keşpleri janlandyrýanlar, esasan, talyp ýaşlar. Onsoň, biziň täze oýunlarymyzyň döremegi-de hut, talyplaryň okuw möwsümi bilen baglanyşýar duruberýär.

— Merdan, ýaňky aýdyşyňyz ýaly, siziň teatryňyz sözüň doly manysyndaky bilim ojagy. Talybyň ýetişiginiň derejesini kesgitleýän zatlaryň biri — synag. Siziň talyplaryňyzyň synag meýdançasy — sahna. Şol synagy ýerlerde geçirişiňiz nähili?

— Diýjek bolýanyňyza düşündim. Gürrüňi döredijilik iş saparlaryna syrykdyrjak bolýaňyz. Elbetde, beýleki uly teatrlarda bolşy ýaly, biz hem idi birnäçe ýyl bäri ýerlerde bolup, welaýatlardaky tomaşaçylaryň öňünde çykyş edip gelýäris. Ine, geçen ýylam talyplarymyz welaýatlarda döredijilik saparynda bolup geldiler. Olar döredijilik saparynyň dowamynda tomaşaçylara Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanowyň sahnalaşdyran «Arşyn mal alan» spektaklyny görkezdiler.
Nesip bolsa ýakyn günlerde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 5-nji ýyllyk talyplaryndan düzülen döredijilik toparymyz ýene-de welaýatlarda çykyş etmäge gitmeli. Ýagny şu aýyň 10-y—13-i aralygynda Lebapda, 13-i—16-sy aralykda Maryda, 19-y—22-si aralykda Balkan welaýatynda, 24-i—28-i aralygynda bolsa Daşoguz welaýatynda talyplarymyz öz spekatakllary bilen çykyş ederler. Şonuň ýaly-da mart aýynyň 2-si—3-i aralygynda talyplarymyz Ahal welaýatynda döredijilik saparynda bolarlar. Olar tomaşaçylara Aýmämmet Işangulyýewiň «Çynymy aýtsam bar-a» atly komediýasyny, şeýle-de Güseýin Muhtarowyň eseri esasynda halypa režissýorymyz Nurmuhammet Keşşikowyň sahnalaşdyran «Söýgi bar ýerinde» atly spektaklyny tomaşaçylara hödürlärler.

— Ýaňy gürrüňiň arasynda daşary ýurtlara guralýan döredijilik saparlary barada aýtdyňyz. Belki teatryňyz şolar ýaly döredijilik saparynda bolandyr?

— Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy netijesinde islendik ugurda zähmet çekýän raýatlarymyzyň dünýä tejribesinden ýüküniň ýetmegi babatda tagallalar edilýär. Biziň talyplarymyzam 2015-nji ýylda Türkie respublikasynda geçirilen halkara teatr festiwalyna gatnaşyp geldiler. Şolar ýaly festiwallara gatnaşylmagynyň talyplarymyzda döredýän täsirini hiç bir zat bilen deňeşdirer ýaly däl. Ine, talyplarymyzyň şol halkara festiwalynda şowly çykyş edip, onuň ýörite diplomyna mynasyp bolup gelmegi bolsa Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlarymyz babatda edýän tagallalarynyň ýerine düşýändigini ýene bir ýola subut etdi. Şonuň ýaly-da soňky ýyllar ýurdumyza-da dünýäniň dürli döwletleriniň teatrlary gelip durýarlar. Şolar ýalyda mümkin boldugyndan dünýäniň dürli ýurtlarynyň teatrlarynyň wekilleri bolan halypalar bilen talyplarymyzyň duşuşyklaryny geçirmäge çalyşýarys. Şu-da talyplarymyzyň tejribesiniň artmagyna diýseň uly täsirini ýetirýär.

— Merdan, sungat äleminde ilkinji ädimini teatryňyzyň sahnasynda äden ýaşlaryň ençemesi bu günki gün ýurdumyzyň teatrlarynda zähmet çekýärler. Häzirki talyplaryň arasynda şu günlerden şowly gadamlary bilen tapawutlanýanlary-da bardyr?

— Elbetde, bäş barmagyň deň bolmaýşy ýaly, talyplaryň arasynda-da has zehinlileri-de bar, gowşagraklary-da bar. Ýöne olaryň ählisini bir zat — sungata bolan çäksiz söýgi birleşdirýär. Dogrusy olaryň biriniň adyny agzap, beýlekisini galdyrasymyzam gelenok. Ýöne Arslan Mämmetgulyýew, Ogulşeker Gurbanowa, Döwran Arabalyýew, Döwlet Atageldiýew, Ogulşeker Muhammedowa ýaly ýaş zehinlerimizi buýsanç, guwanç duýgularyna beslenip ýatlamanam durup biljek däl. Nesip bolsa şeýle talyplarymyzyň geljekde uly-uly sahnalarda uly-uly keşpleri janlandyryp, halkymyzyň söýgüsine mynasyp boljakdygyna ynanýarys.

— «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýyly ählimiziň öňümizde uly-uly borçlary goýýar. Bu bolsa täze-täze maksatlaryň döremeginiň sebäpkäri bolup durýar. Gürrüňimizi teatryňyzyň ýakyn geljekdäki maksatlaryna syrykdyraýaly?

— Elbetde, biz özümize şeýle ajaýyp mümkinçilikleriň döredilmegine diňe irginsiz zähmet, sungata söýgi bilen jogap bermäge çalyşýarys. Şonuň üçin hem biz zamanamyzyň sesine ses goşmak, Gahryman Arkadagymyzyň şular ýaly ajaýyp binany bagyş edip bildiren mukaddes ynamyna mynasyp jogap berip işlemek, döretmek üçin yhlasymyzy gaýgyramyzok. Şu günlerem Urmatkan Meläýewa talyplarymyz bilen hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda «Mähir» atly spektakly sahnalaşdyryp ýör. Bu spektakly Halkara zenanlar baýramyna gabatlap tomaşaçylara hödürlemegi meýilleşdirýäris. Şonuň ýaly-da «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylymyzyň dowamynda Aýmämmet Işangulyýewiň «Janly heýkeller» atly eseri esasynda täze oýny-da goýmagy meýilleşdirýäris. Bu spektaklly Aýmämmet mugallymyň özi talyplarymyz bilen goýar. Teatrymyzda adatça her ýylda üç sany täze spektakly sahnalaşdyrýarys. Gahryman Arkadagymyz dünýä edebiýatynyň wekilleriniň eserlerine yzygiderli ýüzlenmegi-de biziň öňümizde wezipe edip goýýar. Munuň talyplarymyzyň kämilleşmeginde-de täsiri diýseň uly bolýar. Ine, şu nukdaýnazardan hem Anna Meläýewdir Urmatkan Meläýewa talyplarymyz bilen «Romeo we Žulýetta» atly spektakly goýmagy maksat edinýär. Umuman aýdylanda döredijilik adamsynyň baş wezipesi — döwrüň waspyny ýetirmek. Nesip bolsa geljekde-de teatrymyzyň sahnasynda talyplarymyz bilen süňňüni ajaýyp zamanamyza, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly tutumlaryndan gülleýän Diýarymyza bolan buýsanç duýgusy düzýän spektakllary yzygiderli goýarys. Şol buýsanjy ýaşlarymyzyň häzirki ruhubelent durmuşynyň üsti bilen beýan ederis.

— Merdan, maksatlaryňyz myrat tapsyn. Işiňizde üstünlik arzuw edýäris.

— Sag boluň.

Taýýarlan: Myrat HUDAÝGULYÝEW.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 20 | Добавил: Haweran | Теги: Myrat Hudaýguly | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: