10:52
Biwepa
BIWEPA

"Söýýän"-diýseñ çyn ýürekden öýdenim,
Diñläp-diñläp çyn söýgümiñ aýdymyn,
Orta ýolda ýalñyz goýup gaýdanyñ,
Ýadyñdamy? Armanly ýol biwepa.

Sen ömürlik "Taýym"- diýip, geregim,
Her pursatda ytygsardy ýüregim.
Weýran edip ilki söýgiñ diregin,
Soñ bagtyny tapan ýok,bil, biwepa.

Yşkyñ odun alowlatdym söýüp men,
"Ýollaryma çyrag bolar" -diýip men,
Galyberdim öz oduma köýüp men,
Kalpda közdüñ, indi buz bol biwepa.

Bu ýürekler seýil bag däl,ýaýnara,
Tüñçe-de däl, hemme üçin gaýnara,
Yşkyñ oýny oýunjak däl oýnara,
Gözbagçy deý, atynma şal biwepa.

Sanjar ANNAGYLYJOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 40 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Sanjar Annagylyjow | Рейтинг: 5.0/3

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 4
0
1  
Gowy goshgy

0
2  
Oňat ýazylypdyr, tüňçeli setir bolsa haýran galdyrýa.

0
3  
Sanjar döredijilik ýolunda ýañy ýörjen-ýörjen...

0
4  
Şoñ üçinem bellikleriñiz bolsa gysganmañ.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: