18:44
Biz Gagarin nesli / poema
BIZ GAGARIN NESLI

1. Kebşirleýji taýajyk

Görüpmidiñ, dostum, polat eredip,
Görüpmidiñ onuñ dönüşin muma?
Keseden däl, ele alyp seredip
Görüpmidiñ suw deý buldurýan sime?

Görüpmidiñ älemgoşar döredip,
Görüpmidiñ düşüp ylham-göçgüne?!
Keseden däl, ele alyp seredip,
Görüpmidiñ birden milýon uçguna!

Birden milýon zer-ýyldyza, röwüşe -
Her birisi tawus guşuñ käkili!
Bolup görüpmidiñ säherler, dostum,
Şäheri ýagtyldýan Günüñ häkimi?!

Jadyly taýajyk, jadyly gural
Binalañ başynda zogurýar şony.
Derýalañ biline GES-leri orap,
Tolkunlañ joşundan sogurýar şony!

Onuñ ýalkymyny göresiñ gelse,
Oba-şäherime - islän taýa çyk,
Kosmosa-da uçgunyny syçradyp,
Görkezendir gudratyn bu taýajyk!

...Şol otly taýajyk elimde, ine!
Göýä säherleriñ dirižýory men,
Aýak goşup halypalañ aýagna,
Ýagty gelejege çekýän ýoly men!

Kebşirleýän demir bilen demiri,
Kebşirleýän polat bilen polady, -
Şu gün bilen Gelejegiñ sepini
Berkidýän öz elim bilen ebedi!

2. Şäherimiñ şahyry

Sallarlap-sallarlap her sözi şahyr,
Birini birine tirkeýär jebis.
Öz diýen eseri bolynça ahyr,
Der saçyp işleýär ol gyş-u-tomus.

Çür başyndan başlaýar ol binýady,
Soñra aşak inýär - barha çuñlaşýar:
Dür sözlerden dürs örülen setirleñ
Ýüregi badaşyp, süññi sazlaşýar...

Söz deý düzýän menem daşdan setirim,
Birini birine tirkeýän jebis, -
Meniñ "bentlerimi" synag etmeli
Ýaz ýagmyry, gyşyñ gary hem tomus.

Hawa, menem şu şäheriñ şahyry,
Şygrym köçä ýazdym setirme-setir,
Her setirmiñ añyrsynda syn etseñ
Adamlañ durmuşy, arzuwy ýatyr!

Säher...
Belent kranlaryñ
Şadyýan aýdymyn owazy gelýär.
Toprakdan başlanyp setirme-setir
Meniñ poemalam asmana galýar!

Täze penjireler, täze gapylar
Bahym ýañlanarlar çaga sesine!
...Bu diwarlañ iñ ýokarky setiri
Deñdir çyn aýdymyñ jemlemesine!

3. Ýigdelýän sähram

Garagumuñ alañlarnyñ arasy,
Kä epgek, kä boran, kä çapgyn şemal...
Dostlugyñ, mertligiñ Synag Zonasy,
Ýowuz ýollaryñda tapýaryn kemal!

...Depäñi gaýnadýar simap deý howry,
Bu sährañ gylygy çakyñdan ýeser, -
Gün ýaşanda ak çägesin sowuryp,
Señ säher ýörejek ýoluñy keser.

Ýatar wagtyñ zaryn-zaryn ses edip,
dowul ýetiýr her sazakdan-selinden,
Ýaralanan aždarha deý esedip,
Häkimligin bermejek bor elinden.

Tamdyr deý sähranyñ jümmüşi, ine,
Takyrdan, çägeden ýol salyp barýas.
Käte çykyp al alañlañ gerşine,
Geçilen menzile eginden garýas.

Gollaryñ goýnunda gözýetime çen
Çeken sapagymyz uzalyp ýatyr.
Şol polat sapagyñ - turbañ üstünde
Gözüni tegeläp towşanjyk otyr.

Keýerilip haýran galýar towşanjyk,
Bu ne alañ, bu nä del depe?
(Ýigdelýän sähramda her säher şeýdip,
Duşýar köne bilen täze pelsepe!)

Gorkma, hüşerlenme, eý uzyngulak!
Seret, çöle bahar gelýär, ýaz gelýär!
Ördekler ýetenok bu ýere entek,
Ýöne eýýäm gapdalyñdan gaz gelýär!

4. Mukaddes mukam

Telegraf, telefon simleri gyzyp,
Haýyşdyr sowaldan dolup dur efir:
"Kerpiji köpüräk, agajy azrak,
Betony goýurak, şiferi tizräk
Ýetir, ýetir, ýetir!"

Telegramma: "Söýýän! Toýumyz şu ýaz!"
Pyragyñ goşgusy, Şopen dutar, jaz...
Dañdanmy, öýlänmi, agşammy, ertir
Damar deý tirsildäp işleýär efir,
Efiriñ içinden geçýär okkessir:
"Stanok iber!" "Magdan ugrat!"
"Çüý getir!"...

Añzakly gyşda hem bilbilli ýazda
Meniñem perdäm bar şu ajap sazda,
Ýetmese-de şindi-şindi şirwana,
Owaz saçýar meniñ perdäm çar ýana!

Gulak goý alañlañ arasyndaky,
Polat burawlaryñ iññildisine!
Gulak goý, selinleñ añyrsyndaky
Süýşüp gelýän buldozerleñ sesine!

Eşidiler şonda meñem owazym,
Ýañlandyrar ol saz agşamyñ-şamyñ,
...Öwrenýän men öz perdämde çalmany
Mukamlar soltany Zähmet Mukamyn!

5. Ilkinji aýlyk

Hiç mahal bolmandym men beýle sahy,
Bolmandym hiç mahal şu günki deý baý! -
Çagalar, daşyma aýlanyñ hany,
Size kemput aldym, paýlajak toýpaý!

Öz-özüme berjek bu gün gutlugy, -
Bir gujak şar alyp uçurjak göge!
Goý, bu günüñ guwanjy hem şatlygy,
Ýañlasyn düzlüge, ýañlansyn daga!

Asmana seçilip ýagty salýut dek,
Ýañlansyn zemine gök şarlañ zalpy, -
Bu gün kabul etdi sapyna meni
Aly Hezretleri Işçiler Synpy!

Goşuldy Ýurdumyñ zähmet gününe
Meniñ zähmet günüm, meniñ senedim!
Barabardyr dünýä hazynasyna
Der döküp gazanan halal manadym!

Altyn, kümüş... Bilýän, ýeriñ ýüzünde
Bardyr zatlañ gymmadyndan gymmady,
Ýöne şolañ hemmesinden beýikdir,
Elimdäki şu manadyñ hümmeti!

Hiç mahal bolmandym men şeýle sahy,
Bolmandym hiç haçal şu günki deý baý! -
Çagalar, daşyma aýlanyñ hany,
Size öz elimden paýlajak toýpaý!

6. Biz Gagarin nesli

Tomaşaçy bolup gelemzok dünýä,
Gelemzok sähere syn etmek üçin, -
Juwan ýüreklerimiz sabyrsyz urýa
Ertirki işleri şun etmek üçin!

Elimizde atalary çekiji,
Elimizde atalaryñ oragy,
Dilimizde atalaryñ aýdymy,
Gursagymyzda - atalaryñ ýüregi!

Öñümizde zähmet, göreş meýdany,
Onuñ saýlajagy zoruñ zorudyr.
Biziñ durmuş mekdebimiziñ beýigi
Gagariniñ işlän stanogydyr!

Tomaşaçy bolup gelemzok dünýä,
Gelemzok biz oña syn etmek üçin,
Juwan ýüreklerimiz sabyrsyz urýa
Ertirki menzile şun etmek üçin!

Annaberdi AGABAÝEW,
Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy.
Категория: Poemalar | Просмотров: 21 | Добавил: Haweran | Теги: Annaberdi Agabaýew | Рейтинг: 4.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 1
0
1  
Kän many almadym.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: