23:04
Çäç
ÇÄÇ

Ýyldyrym çakdymy?
Gök gübürdedi?
Ýa-da daglar gozgandymy ýerinden?
Magnidiñ çekdimi?
Gujurly çignim
Iki büklüp,
Düwme-düwme derledi.
Magrupdan Maşryga sergezdan kimin
Ygyşýan bulutlar
Däli serimden
Ýüz ýylyñ arzuwy, hyýaly birden
Süýthatynyñ sanajyndan dikaşak
Müñzäp gaýdan ýagyş ýaly pöwşüldäp
Ähli kitaplarmy,
Goş-golamlarmy,
Asyl-ha özümi ylham siliniñ
Girdabynda ikiýana bulady.
Fyrgun ýaly gark bolsamam deñizde
Manamanyñ gerişlerne direlen
Nuhuñ gämisinden aman diledim.
Saña haýal etmän gowuşmak üçin
Düýnden, öññinden syýymda ýek-tük
Asylyşyp galan harpyk-hurpygy
Yşkyñ guşgöz eleginde eledim.
Aýama üýşende bir goşawuç çäç
Jemalyña bolsun diýip sadaka
Jüýjesine berdim Humaý guşlaryñ.
Bir boş depder alyp, hem galam bilen
Ýazmak üçin seniñ şirin düýşleriñ
Dek şu gije gidip barýan ýanyña,
Ähli gunduzlarym,
garalam bilen...
Категория: Goşgular | Просмотров: 88 | Добавил: Haweran | Теги: Has TÜRKMEN | Рейтинг: 4.5/2

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 4
0
1  
Gaty gowy shygyr.

0
2  
Gowussanda vysal gosgularynam okasak...

0
3  
Hyrkasyny egnine atyp dagdan eli hasaly gelýan derwüş gõzõñüme geldi

0
4  
Erbet däl goşgy

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: