21:15
Döwrümizde ylham bar
DÖWRÜMIZDE YLHAM BAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni sazlaşykly döredilen kämil esere meňzeýär. Onda her bir raýatyň ýürek buýsanjy, joşgunly sözleriň senasy, parasatly atalaryň alkyşy, mährem eneleriň dilleriniň dogasy jemlenen. Bir-birinden zyýat günleriň gözelliginden, dabarasy dünýä dolan bagtyýarlyk döwrümiziň belent ruhundan ylham alýan döredijilik işgärleri ýürek joşgunyny eserleriniň üsti bilen halka ýetirýärler. Muny biz teatr sungatyna ýüzlenenimizde hem aýdyň görýäris. Sebäbi ýurdumyzyň teatrlarynda goýulýan ajaýyp sahnalar bagtyýarlyk döwrümiziň joşgunly ruhy bolup kalplara dolýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarda gurlup ulanylmaga berlen ertekilerdäki köşkleri ýatladýan kaşaň teatrlar sungat işgärleriniň kalbyna her pursatda, her ädimde ylham eçilýär. Onuň netijesinde ajaýyp sahnalarda janlandyrylýan eserler tomaşaçylaryň göwün guşuny ganatlandyryp, döwletli döwrümize buýsanjyny goşalandyrýar. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasynda tomaşaçylara ýetirilýän döwrebap sahna eserleri hem biziň aýdanlarymyzy tassyklaýar. Indi birnäçe ýyl bäri tomaşaçylara ruhy lezzet paýlaýan bu teatryň sahnasynda görkezilýän spektakllaryň her biri döwrümiziň belent ruhy bilen sazlaşýar. Bu teatrda sahnalaşdyrylýan sahna eserleriniň aglabasynyň pýesasy hem hut şu ýerde döreýär. Şular dogrusynda, hem-de teatrda şu günlerde tomaşaçylara ýetirilýän sahna eserleri dogrusynda teatryň režissýory Öwezmämmet Galandarow bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

- «Teatr — durmuşyň aýnasy» diýlişi ýaly, döwrümiziň ajaýyp
keşbi döredilýän sahna eserleriniň süňňüne ornaýar. Sebäbi ol eserler ýöne bir galam ujundan döredilmän, döwrümiziň belent ruhundan ylham alyp döredilýär. Bu siziň teatryňyzda sahnalaşdyrylýan eserler babatynda-da şeýledir.

- Döwletli günlerimiziň her pursady döredijilik adamlarynyň ylham çeşmesi. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren bagtyýarlyk döwrüniň şuglasy kalbymyza nur eçilýär. Bagtyýarlykdan galkynýan göwünlerimizde täze-täze eserleri döretmek ylhamy ýaşaýar. Sebäbi döwrümiziň özünde, özeninde ylham bar. Onsoň döwrümiziň joşgunly ruhy eserlere siňýär-de, halkymyza ruhy lezzet paýlaýar.
Döredijilikde ylham bolmasa onuň ornuny zähmetem, zehinem tutup bilmeýär. Haçan-da ylham, zähmet, zehin sazlaşanda halkyň göwnünden turýan ajaýyp eserler döreýär. Şeýle eserleriň ömri-de uzak bolýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýe içre ýaň salýan şanly ösüşlere beslenýän ýurdumyzda dogýan her täze gün biziň kalbymyza joşgunly duýgulary paýlaýar. Döwletli döwrümiziň her bir taryhy wakasyndan egsilmez ylham alyp döredýän eserlerimiz tomaşaçylaryň ruhuna ruh goşýar. Halkyň köňül köşgünden ebedilik orun aljak ajaýyp eserleri döretmekde bize Gahryman Arkadagymyz nusgalyk görelde. Geçen ýylda ýurdumyzyň teatr işgärleri «Ýüpek ýoly — ýürek ýoly» atly teatr festiwalyna hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby esasynda sahnalaşdyran eserleri bilen gatnaşdylar. Biz hem Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän bu eseriniň «Sarahs bilen Änewiň aralygynda» atly bölümi boýunça «Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen sahna eserimiz bilen teatr festiwalyna gatnaşdyk. Bu spektaklda dünýä belli serkerde Aleksandr Makedonskiniň goşunynyň pederlerimiziň gaýduwsyzlygyna, edermenligine göz ýetirip, bu mukaddes topraga aýak basmakdan el çekmegi bilen baglanyşykly wakalar, taryhyň milli ruhy eriş-argaç bolup geçýär. Spektaklda baş gahrymanlaryň keşplerini Amansoltan Nepesowa, Rejepgeldi Nazgurbanow, Myratberdi Sätiýew, Orazgeldi Igdirow janlandyrdy. Bu spektaklyň pýesasy üçin teatr festiwalynda «Iň gowy drama eseri üçin» diýen baýraga mynasyp boldum.

- Teatryňyzda sahnalaşdyrylýan spektakllarda millilik bilen döwrebaplygyň özboluşly sazlaşygy öz ornuny tapýar. Bu bolsa sahna eserleriňiziň üsti arkaly döwrümiziň belent ruhuny tomaşaçylara açyp görkezmäge ýardam berýändir.

- Biziň sahnalaşdyrýan eserlerimizde taryhy spektakllar hem, ýaşlaryň durmuşyna bagyşlananlary hem, çagalar üçin niýetlenenleri-de bar. Şol spektakllaryň ählisinde halkymyzyň milli ruhuny, bagtyýarlyk döwrümiziň beren bagtyny açyp görkezip, ýaşlarda watansöýüjiligi, şöhratly taryhymyza hormaty artdyrmagy maksat edinýäris. Geçen ýylyň dowamynda «Wadasyna wepalym» atly spektakly tomaşaçylarymyza ýetirdik. Spektakldaky wakalar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolup geçýär. Bu spektakl ýaşlaryň durmuşyndan söhbet açyp, Hazaryň jana şypaly kenarynyň gözelligi ajaýyp duýgular bilen sazlaşýar. «Ak alaňlaryň aýdymy» spektaklda bolsa ýer astyndan nebit agtarýan burawçylaryň durmuşy bilen baglanyşykly wakalar beýan edilmek bilen ýaşlaryň halal zähmet çekmegi ündelýär. «Bagtyýarlyk döwrüniň goşa toýy» spektaklymyz- da oba ýaşlarynyň durmuşyndan söz açylýar. Spektaklda kärendesine ýer alyp pagta, galla öndürmek bilen ýere maňlaý derini siňdirmekde, gurluşyk desgalarynyň işini alyp barmakda, köpçülikleýin çäreleri guramagy ýola goýmakda işjeň gatnaşýan ýaşlaryň durmuşy görkezilýär. Bu sahna eserinde baş keşpleri Arslan Hojagurbanow, Gülsoltan Arazgeldiýewa, şeýle-de Ogulgözel Gurbanowa ýerine ýetirýär. «Saňa düşdi nazarym» spektaklynda Yşk mülküniň şasy Mollanepesiň «Zöhre-Tahyr» dessanyny ýazyşy we ol dessandaky wakalar hakynda söhbet açylýar. Şeýle-de teatrymyzda Gowşutgeldi Daňatarowyň «Asuda ummanyň sergin şemaly» pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan spektaklymyzy tomaşalara ýetirdik. Bu spektaklda ýaşlaryň saýlan hünärini ele alyp, durmuşda öz ornuny tapmagy, ene-atasyna wepaly perzentler bolup ýetişmegi dogrusynda beýan edilip, halkymyzyň milli toý däp-dessurlary bilen baglanyşykly wakalar «Awaza» milli syýahatçylyk solagynda ýaýbaňlandyrylýar. Teatrymyzyň sahnasynda şu ýylyň dowamynda körpe tomaşaçylara Aýmämmet Işangulyýewiň «Batyr towşanjyk», «Kör garga» atly sahna oýunlaryny görkezdik.

- «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda teatryňyzda sahnalaşdyrmagy göz öňünde tutýan eserleriňiz dogrusynda gürrüň beräýseňiz!

- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri biz — döredijilik işgärlerini Watanymyzyň äleme dolan belent şan-şöhratyny wasp edýän milli ruhly eserleri döretmäge ruhlandyrýar. Şundan ugur alyp biz hem täze-täze sahna eserlerini tomaşaçylara ýetirmegi maksat edinýäris.
Ýakyn günlerde «Rowaç menzilleriň mukamy» atly pýesany sahnalaşdyrmagy göz öňünde tutýarys. Bu sahna eserinde bagtyýar ýaşlaryň ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän kärhanalarda zähmet çekişi, olaryň öz kärine bolan söýgisiniň, birek-birek bilen dostlukly gatnaşyklarynyň netijesinde ýüreklerinde beslän arzuwlaryna ýetmekleri dogrusynda beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berlen Gyýanlydaky Polimer zawodynyň öndürýän önümleriniň Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň üsti arkaly daşary döwletlere eksporta ugradylyşy hakda sahna eseriniň wakalarynda beýan edilýär. Bu eseriň üsti bilen döwletleriň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanýandygy açylyp görkezilýär.
Ýurdumyzda her ýylda uludan toýlanylýan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlap täze spektakla taýýarlyk görýäris. Her ýylda ýurdumyzyň bir welaýatynda geçirilmegi däbe öwrülen Medeniýet hepdeligi bu ýyl Balkan welaýatynda bellenilip geçiler. Biz — döredijilik işgärleri bu toýa sowgatly barýarys. Nesip bolsa, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanan sahna eserimiziň ilkinji görkezilişini Magtymguly etrabynda geçiriljek dabaralaryň dowamynda tomaşaçylara ýetirmegi göz öňünde tutýarys.
2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli «Köňül telwasy» atly spektakly tomaşaçylara ýetirdik. Bu spektakl halkymyzyň göwnünden turdy. Nesip bolsa akyldar şahyra bagyşlanan täze spektaklymyz hem tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boljakdygyna ynanýarys.
Ýurdumyzyň medeniýetini, sungatyny dünýäde dabaralandyrýan, türkmen teatr sungatynyň belent sepgitleri nazarlamagyna ajaýyp mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýärin.

— Beren täsirli gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň! Biz size teatr sungatynyň täze-täze döwrebap eserler bilen baýlaşmagyna mynasyp goşant goşmakda alyp barýan işleriňizde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny, halkymyzyň söýgüsine mynasyp bolýan ajaýyp sahna eserleriňiziň dowamly bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

- Sag boluň!

Taýýarlan: Aýjemal GAÝLYÝEWA.
Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 9 | Добавил: Haweran | Теги: Aýjemal Gaýlyýewa | Рейтинг: 4.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: