12:27
Durmuşyň hemişe peýda berjek kadalary
Durmuşyň hemişe peýda berjek 19 sany kadasy:

1. Özara bähbitlilik kadasy – Özgeleriň ýalňyşyny ýazgarmakdan öň, özüňizi ünsli seljeriň. Özgelere palçyk zyňýan adamyň eli arassa bolup bilmeýär;
2. Ynjy kadasy – Göwnüne deglen adamyň özem beýlekileriň göwnüne degmäge ymtylýar;
3. Ýokarky ýoluň kadasy – Biz haçan-da özgeler bilen olaryň bize bolan gatnaşyklaryndan has gowy gatnaşyk saklap başlanymyzda durmuşy ýolunyň has ýokarky derejelerine geçýäris;
4. Bumerangyň kadasy – Haçan-da biz özgelere kömek edýärkäk, özümize kömek edýäris;
5. Çekijiň kadasy – Goňşyňyzyň maňlaýyna gonan siňegi öldürmek üçin hiç haçan çekiji ulanmaň;
6. Alyş-çalyş kadasy – Beýlekileri ýerinde oturtmagyň deregine, olaryň ýerine özümizi goýup görmegimiz gerek;
7. Öwrenmek kadasy – Bize sataşýan her bir adam bize nämedir bir zat öwretmäge ukyplydyr;
8. Harizma kadasy – Adamlar diňe özleri bilen gyzyklanýan adama gyzyklanma bildirýärler;
9. 10 ballyň kadasy – Adamlaryň gowy häsiýetlerine bolan ynam olary gowy häsiýetlerini ýüze çykarmaga mejbur edýär;
10. Hadysanyň kadasy – Haýsydyr bir hadysanyň siziň üçin özara gatnaşyklardan ýokarda bolmagyna hiç haçan ýol bermäň;
11. Bobyň kadasy – Bobyň hemmeler bilen meselesi bar bolan wagtynda, adatça Bobyň özi onuň iň esasy meselesi bolup durýardy;
12. Elýeterlilik kadasy – Özüň bilen ýeňil gatnaşyk, beýlekilere biziň bilen erkin gatnaşmaklyga mümkinçilik berýär;
13. Garymyň kadasy – Haçan-da söweşe taýynlanýan wagtyňda, özüň bilen bilelikde dostuňam ýerleşer ýaly garym gaz!
14. Ekerançylyk kadasy – Hemme gatnaşyklary ekmek we idi-yssywat etmek mümkinem, hökmanam;
15. 101 göterimiň kadasy – Biziň ylalaşýan bir göterimimizi gözläp tapmaly we biziň güýjümiziň 100 göterimini şoňa gönükdirmeli;
16. Sabyrlylyk kadasy – Beýlekiler bilen syýahat etmek hemişe-de ýeke özüň syýahat edeniňden haýal bolýar. Uzaga gidesiň gelse – bilelikde git, çalt gidesiň gelse – ýeke git;
17. Bir medalyň iki tarapynyň kadasy – Özara gatnaşyklaryň hakykylygy diňe bir dostlarymyz şowsuzlyga uçranda, biziň olara wepadarlygymyzyň derejesi bilen barlanman, eýsem, olar üstünlik gazananda biziň olara näderejede begenýändigimiz bilen hem barlanýar;
18. Mähirlilik kadasy – Başga şertleriň deňliginde adamlar özlerine ýaraýanlar bilen işleşmäge ymtylýarlar, eger-de başga şertler deň bolmasa-da barybir adamlar şeýle hereket edýärler;
19. Hyzmatdaşlyk kadasy – Bilelikdäki iş bilelikde ýeňiş gazanmagyň mümkinçiligini artdyrýar.

Çeşmesi: http://fit4brain.com/1735
Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 45 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: