19:26
Durmuşyñ duzy gaçypdyr...
DURMUŞYÑ DUZY GAÇYPDYR...

Durmuşyñ duzy gaçypdyr. Hemişe köçelerde ýaş-ýeleñler bolardy, ýaş ýigitler elleri gülli kimdir bir gözel gyz bilen suw çüwdürimli salkyn saýaly seýilgählerde duşuşmaga haýdaşyp barardylar, ýa bolmasa iki ýaş juwan el tutuşyp teatrdan gelerdiler...
Kekre ýaly ajy kofäni owurtlap durşuma jaýyñ iñ ýokarky gatyndan köçäni synlaýan. Gum-guklyk. Ýaş ýigitler indi pyýada däl. Duşuşyga awtoulagly gidýärler, olar duşuşygy-da awtoulagda geçiräýýäler... Seýilgähler bolsa boşap galypdyr. Agaçlaryñ ýapraklary-da saralşyp ugrapdyr. Ýene bir-iki aýdan olaryñ hemmesi şahalaryny çuw-ýalañaçlygyna goýar-da, tänip ýere gaçarlar. Tüwmaýak galan ýetim agaçlar çapgyn ýellere zaryn-zaryn ses eder. Kim olaryn zaryny diñläp dur. Göklügini saklap galjak bir arçalardyr. Olaram mekirlik edip, hiç kime bildirmän pürlerini çalşar...
Geçen aý Gurban baýramy boldy. Uly il bilen bile her gezek Gurbanlyga uly höwes bilen garaşardym. Bu gezek garaşmadym. Adata eýerip, ir bilen suwa-da düşmedim. Täze eşigem geýmedim. Ikindinara wannany suwdan dolduryp icinde ýatyp galypdyryn...
Näm üçindir hiññildiklerde-de öñki ýaly şowhun-şagalañ ýok. Öñler hiññildikleriñ daşy ýaş oglan-gyzlardan mygyllym bolardy... Goñşy-golamda gurbanlyk edenem bolmady, "gurbanlyk etdim" diýip, duz datmaga çagyranam... Öñler aýal-gyzlar, çagalar iñ täze geýimlerini geýip dogan-garyndaşlarynyñ öýüne giderdiler görme-görşe. Gurban baýramy durmuş aladalary sebäpli biri-birlerinden sowaşyp barýan adamlaryñ gaýtadan didarlaşyp, bir supranyñ başyna jemlenmegine sebäp bolardy. Ýüregedüşgünç tukatlyk, ýaşaýyşdan doýgunlyk hemme zadyñ üstüne gara gurum bolup çöküpdir. Adamlaryñ ýüzi gara-ört.
Ýaşlary göresim gelýä ýaşlary!.. Ýogsa-da olar nirä sumat boldularka? Ýa her kim öýünde busulyşyp ýatyrmyka? Dek şu pursat on ikinji gatyñ äpişgesinden özümi aşak zyñsam, parçalanan meýdimiñ daşyna adam üýşermikä bir? Ýa birlän-ikilän eýläk-beýläk gyssanmaç barýan aladaly adamlar buz ýaly sowuk ýüzlerini eñşedişip, deñämden biparhlyk bilen geçip gidiberermikä?. Her niçik-de bolsa, kofämi bir içip gutaraýyn. Munyñam düýbünde gap-gara löderesi galypdyr... Ony-da başyma çekip ýerimden turdum. Başym aýlandy. Gözüm garañkyrap nirä ýöränimi bilmedim. Aýagymam gurşup gidipdir. Hemme zady terk edip nirädir bir ýerlere baş alyp gitmeklik üçin aýagymy ädenimden, diwana tarap entirekläp gidenimi bilýän, soñ näme bolanyny bilemok... Ölendirin öýtdüm. Ýüzümi bir sowuklyk sypaýar. "Bir aç pişik maslygyñ ysyny alyp timisgenip ýör-ow" diýip, içimden pikir öwürýän. Eýse, ölüler pikirlenip bilýärlermi diýsene. Diýmek ölmändirin. Bir-birine ýapyşyp bek ýumulan tüm garañky gabaklarymyñ içinde umyt uçguny ýalpyldap gitdi. Gözümi açanymda we mejalsyz halda elimi ýüzüme degrenimde, ol sowuklygyñ seniñ gara zülpleñ ujydygyny bildim. Tözlenip duran göwüsleñ ujy bolsa meniñ sowukdan ýaña tüýleri dim-dik bolan döşüme degip, endamymy gagşadyp başlady. Barybir janlanyp gidibermedim...
Durmuşyñ duzy gaçypdyr. Bir-birlerinden doýgun adamlarda mähir-şepagatdan nam-nyşan ýok. Söýgüdir muhabbetem bir ýerlerik uçup gidipdir. Ýeri, bu zatlardan maña näme? Häzir ýanymda sen bar ahyryn. Hernä, meni sen idäp geläýipsiñ. Adamlar nirä gitse şoña gitsin. Sen gitmeseñ bor...
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 115 | Добавил: Haweran | Теги: Has TÜRKMEN | Рейтинг: 4.5/4

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 8
0
1  
Durmuşyñ tagamy ýasalanda ýuwan ýasalanlar üçin duzsuz däldir diýip pikir edýän...

0
2  
Edil meniň içki pikirlerimi okap ýazan ýaly.

0
3  
Bowruñe sanjy bolup duryan nysaklaryñ yiti teswiri. Arman, beyle kesapat ewalyussion osushde. Adamzadyñ gatnashyk mylakatlaryna zarba urup baryan yowuz alamat, bidowa dert. Syncy nazar bn yazylan oylanma.

0
4  
Söýgä ýugran bolup diýjegini diýip otyr şu Has Türkmen wink

0
5  
Durmuşyň duzy gaçmagynyň esasy sebäbi -  jemgyýete milletiň wyždany bolmaly hakyky ýazyjy-şahyrlaryň sesi ýetenok.

-1
6  
@Adamzadyñ aýdýanlarynda jan bar. Şahyrlar her ýyl berilýän bary-ýogy müñ dollara ýetýänmi ýetmeýänmi pul we zynjyrly baýrak aljak bolup halk bilenem işleri ýok, durmuş bilenem işleri ýok. Bu zatlary soñ taryh seljerer. Bu baýragy alanlar, almaga jan edenler taryhymyzyñ tegmili bolup galar.

0
7  
Näme üçindir @Adamzadyñ teswirini okap:
"Dayanmadı, yalancılar dayanmadı,
Utanmadı yalancılar, utanmadı,
Bu dünyanı aldılar eline,
Düzelmedi, bu dünya düzelmedi..." diyen aydymyñ sõzlerine hiñlenenimi bilmän galypdyryn.. :-(

Azerbaýjan aýdymçysy Uzeýir Mehdizadanyñ "Tañrym" diýen aýdymyndan)

0
8  

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: