12:15
Düýşler / hekaýalar toplumy - Kunstkamera
KUNSTKAMERA

…Ölügsi gögümtil yşyk…
…Giň däliz…
…Alagaraňkylyk zerarly ahyryna gözüň ýetmeýär…
Iki gyrasynda-da setir edilip, gyradeň goýlan, süýnmek, dik aýna gaplar...
Ysgynsyz ýagtylyk sebäpli olaryň içindäki suwuklykda doňup galan betnyşan bäbejikleriň meýitleri hasam eýmenç görünýär…
…Hudaý saklasyn!...
…Her hilisi bar…
…Bir boýunjykda betnyşan goşa kelle…
…Iki sany sepleşen göwrejik…
…Üç aýakly bir elli göwrejik…
…Guýrukly, ganatsypat golly…
…Gurçuga çalymdaş, bilinden aşagy doly ösüp bilmedigi…
…Burunsyz, göz-gulaksyz, tekiz ýüzlüsi…
…Haýsydyr däli ekspresionist heýkeltaraşyň ýasan nämedigem näbelli şekiline çalymdaşy…
Hamana, sergä goýlan aýna gaplaryň içindäki betnyşanjyklara birdenkä jan giräge-de, olar hemişelik bendihanalaryny kül-öwram edip üstüne topulaýjak ýaly, gorkusyndan ýaňa jany çykyp gelýär…
Şol bir wagtyň özünde, hem-ä tizräk bu elhenç däliziň aňyrsyna çykmaga howlugýar, hem-de her ädimini gorka-gorka ädýär…
Göýä, seresapsyz hereketi bilen aýna gaplaryň betnyşan bendilerini ebedilik ukusyndan oýarmakdan çekinýän ýaly…
Her aýna gabyň deňesine ýetende-de onuň beýnisinde nähilidir birhili tukat biperwaýlyk bilen aýdylýan jümle-pyşyrdy emele gelýär…
…Bu seniň alty ýaşyňda uçarman bolmak, soňam başga planetalary açmak üçin älem giňişligine uçmak hakynda eden arzuwlaryň…
…Bilinden aşagy tokga ete çalymdaş, gollarynyň deregine-de etene guşuň perlenmedik ganatyna çalymdaş ösüntgili betnyşan jesetjik…
…Bu seniň sekiz ýaşyňda dünýä belli sazanda bolup, öň görlüp-eşidilmedik mukamlary döretmek hakyndaky arzuwyň…
…Ýüzüniň deregine, gulaksyz, agyzsyz, bir tokga mäjerlenen hamyra meňzeş bir zat bolan, sereden dessiňe iniňi tikenekledýän göwrejik…
...Bu seniň on ýaşyňdan başlap hemme adamlary bagtly etmek hakynda birnäçe ýyllap gursagyňda göterip gezen arzuwyň…
…Edil kellesiniň bir tarapyny sekizaýak ýaryp çykan ýaly bolup görünýän betnyşan meýitjik…
…Bu seniň ýetginjeklikdäki ilkinji söýgiň…
…Içi bulançak, hapa suwuklykdan doly boş aýna gap…
…Bu seniň dünýä meşhur şahyr bolup, adamlarda umyt-ynam, şatlyk, mähir, söýgi, ruhubelentlik, mähribanlyk oýarjak şygyrlary ýazmak hakynda jahyllykda joş uran yhlasyň…
…Aýna gabyň içindäki suwuklyk sirkemi nämemi, onuň içinde öň näme bolanam bolsa, eräp-akyp, hüýt-gara läbige dönüpdir…
…Bu seniň ýaşlykdaky dünýäň manysyna akyl ýetirip, adamlara düşündirmek hakyndaky tükeniksiz oýlanmalaryň…
…Göýä, aýna gabyň içine kiçeňräk tüweleý gabalan ýaly, suwuklyk towlanyp, pyrlanyp, çaklaňja girdap emele getirýär…
…Bu seniň goýazylykdaky çagalary gowy adam edip ýetişdirmek üçin terbiýe beriş usullaryny oýlap tapmak baradaky umytlaryň…
…Suwuklygyň içindäki meýitjigiň keşbi hyňranyp duran porsy syrtlanyň tumşugyna çalym edýär…
…Özüne zor salyp, dähedem-dessemläp gadam urup barýar…
…Beýnisinde-de her aýna gabyň içindäkiň nämedigini düşündirýän jümle pyşyrdalýar…
Süňňüni doldurýan wehimden ýaňa tutuş göwresi bilen elenýär…
Oýanasy gelip, ölüp barýar…
Başaranok…
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 41 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 2
0
1  
Okap başlanymdan dünýä inmäkä,heniz doly ösüp ýetişmäkä ene göwresinden düşürilen bäbejikler göz öñüme geldi.Amala aşmadyk arzuwlaram edil şol bäbejikler ýaly...

0
2  
Arada bir gün internetden bir zat gözläp durdum-da tötänden Peterburgyň kunstkamerasynda saklanýan kolbajyklaryň suratynyň üstünden bardym. Şonda-da şu hekaýajygyň pikiri kelläme geldi.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: