07:29
Düýşler / hekaýalar toplumy - Lal
LAL

…Gyzan bazar adamlardan hümer…
…Elleri sebetli-sebetsiz adamlar garynja gatnawyna çalymdaş, eýläk-de-beýläk, ibirt-de-zibirt…
…Ortarasyndaky boşlaň meýdançada-da şol dur…
…Özem lal bolara çemeli, işigaýdan…
…Ellerini kelemenledip, barmaklary bilen her dürli şekilleri gözeilmez çaltlykda ýasaşdyryp, gapdalyndan geçýän bazarçylara, öz harytlaryna göwnübirlik bilen gümra bolup duran satyjylara lallaryň dilinde nämedir bir zatlary düşündirjek bolýar…
Hiç kimiň piňine-de däl.
Sebäbi düşünýän ýok.
Düşünesi gelýänem...
Düşünjek bolýanam...
Çünki düşünesiň gelse, düşünjek bolsaň, özüňe agram salmaly...
Gyzan bazarda bolsa kim özüne agram saljak?!
Biperwaýlyk bilen gapdalyndan geçip durlar, geçip durlar…
Bu lal görgüliniň nämesi ünsüni çekdi?!
Belli däl.
Belki, täk özüniň şeýdip gara çyny bilen özelenip durmasyna dözen däldir…
Belki-de, onuň ellerini-barmaklaryny kelemenledip, ala-başagaý bolup durşuny geň görendir…
Öňüne geçdi-de, agzyny öweldip, onuň elleriniň-barmaklarynyň tiz-tizden ýasaýan şekillerini synlamaga durdy…
Seretdi…
Seretdi…
Soň ýene-de seretdi…
Birdenem düşündi...
Lal görgüliniň barmaklary bilen yzyny üzmän diňe şol bir jümlesini gaýtalap durandygyna...
...Beýtmäliň, adamlar! Beýle bolmalyň! Gaýrat edäýiňsene! Adam ahyry biz!...
…Beýtmäliň-le adamlar! Beýle bolmalyň-la! Gaýrat edäýeliň-dä! Adam ahyry biz!...
Edil, gämi heläkçiligine uçrap, uç-gyraksyz ummanyň orruk-ortarasynda ýalňyz galan betbagt görgüliniň halas ediş gursakçasyndaky radiomaýagyň şol bir çagyryşy yzyny üzmän asman giňişligine ugradyp durşy ýaly…
…SOS! SOS! SOS!...
Lal görgüliniň barmaklary bilen yşarat edýän jümlesine düşünenden soňam ol birsalym ony synlap durdy-durdy-da, birdenkä, özi üçinem oslagsyz halda, onuň gapdalyna geçdi.
Daşlaryndan aýlanyp, deňelerinden ötýän adamlara birlaý göz gezdirdi-de, lal görgüliniň yşaratlaryny başardygyndan gaýtalap, ellerini-barmaklaryny kelemenledip başlady…
…Beýtmäliň-le adamlar! Beýle bolmalyň-la! Gaýrat edäýeliň-dä! Adam ahyry biz!...
Bada-badam oýandy...
Oýanasy gelmän, ölüp barsa-da...
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 53 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 1
0
1  
Çyn bolup bilermi?! cry

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: