19:26
Ermeni gözeli
ERMENI GÖZELI

Margarita, eý, ermeni gözeli,
Ykbal bagş eýledi ajap pursady.
Men türkmen şahyry
Goşgy-gazaly
Kalba sygman, joşup duran gursagy.

Men gadym oguzlañ mertligi siñen,
Seljuklaryñ döwlet guran ýerinden
Dostluk salamyny getirdim size,
Ýurdum Türkmenistan - bagy-Eremden.

Eý, gözel Kawkazlañ näzik jenany,
Sen bilýärmiñ, biziñ iliñ düzgünin?!
Türkmen ýigdi söýse eger zenany,
Geñlemegin onuñ goşgy düzmegin!

Bada doly ylham meýin berensoñ,
Köpetdagym,
Ýaşyl sähram - Garagum.
Şygyr bilen beýan etdim, gör, onsoñ,
Öz halkymyñ Güneş ýaly ýüregin.

Biziñ iller myhmansöýer hemişe,
Duz-çörekli gujak asýas gelene.
Deñeýäris eneleri - perişdä,
Gelin-gyzy - sähranyñ ter gülüne.

Sen ýylgyrýañ,
Üns bilen diñleýäñ,
Haýran galyp bakýañ goşgy okamda.
Birwagt ermeni gyzyny söýen
Türkmen ýigidiniñ yşky hakynda.

Geñ zatlar dünýede gyt däl ähyry,
Şeýle ykbal bur durmuşda, gör, nije?!
Diýdiñ,
Internetden tapyp şo şygry:
"Öz dilimw etjek muny terjime".

Margarita,
Gözel ermeni gyzy?
Bagtly pursay az wagtlyk bolsa-da.
Ömrüñ zer çaýylan sahaby ýaly,
Müdimilik siñip gidýär gursaga.

Biz durmuşda bir-biregi unudyp,
Duşuşýarys,
Aýralygyñ deregne.
Bilýärmiñ sen,
Akja gollañ uzadyp,
"Hoş!" diýeñde, gireniñi ýüregme?!

Bäşim ATAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 53 | Добавил: Haweran | Теги: Bäşim Ataýew | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 12
0
1  
"Nirde sen nirde sen emeni gyzynyñ" täze wersiýasymy biggrin

0
2  
"Men türkmen şahyry!" ýaman kesgitli aýdypdyr-aý Bäşim Ataýew. Ermenilerde has meşhurmyka ýa ol?

0
3  
Türkmenlerde ermeni gyzyny söýenler öñem az bolmadyk öýdýän. "Ýa sen musulman bol, ýa men ermeni" diýibem bir halk aýdym bardy.

0
4  
Ermeni gyzlarynyñ sagrysy-da uly bolýar. wacko

0
5  
Häzirki Ýerewan (Eriwan ýa-da Rewan) türkmenleriñ ýaşan ýurdy. Ýerewanyñ häzirki ýerinde Rewan hanlygy bolypdyr we orslar gelip, Genje, Rewan, Şiraz ýaly azerbaýjan hanlyklaryny basyp aldy we agramly bölegi Osmanly tûrkmen döwletiniñ raýaty bolup ýaşaýan ermenileri özbaşdak Ermenistan döwletini gurup bermegi wada edip musulmanlaryñ we Osmanly imperiyasynyñ garşysyna ulandylar.

0
6  
Birinji jahan urşy döwründe Osmanly döwletini içinden ýykmak üçin ermeni bandalary (döredildi) we olary yarag we beyleki serişdeler bilen iñlis, fransuz, rus we şeýle-de amerikan imperialistleri üpjün edýärdiler. Dünýäniñ ähli şeýtany güýçlerine garşy bir özi söweşmage mejbur edilen Osmanlylar bolsa öz içinde ermeni, grek, serb bandalaryna, iñlisleriñ ýapjasyna öwrülen oýnatgy arap wahhabylaryna, daşarda iñlis, fransuz we rus imperialistleriniñ goşunlaryna garşy söweşipdi.

0
7  
Ynha, bu gün bolsa Tramp, Sarkozi, Makron we ş.m amerikan we yewropaly syyasatçylar türkler ermenilere garşy genosid etdiler diýip dunya syyasatynda uly gowur turuzyp yorler we bu meselani uns merkezinde saklamak bilen Tûrkiyani syyasy arenada yalñyzlaşdyrmak isleyarler.

0
8  
Taryhy syyasy bähbitlere perde tutunmak halklaryñ öñünde edilip bilinjek iñ uly namartlykdyr.

0
9  
Allajan ýolumyzda Ermeni bir goýmaweri...

0
10  
Häzir ABŞ-nyñ Pensilwaniýa ştatyndaky daşy SRU-nyñ we FBR-iñ işgärleriniñ ýörite goragy bilen üpjün edilen willasynda 5.000 $-lyk massažny kreslosynda oturan ýerinden dogduk ýurduna nälet okaýan Fethulla Güleniñem asly ermeni bolmaly.

0
11  
Hut şol ermeni genosidiniñ bolandygyny aýdýandygy üçin tûrk ýazyjysy Orhan Pamuk Nobel baýragyny aldy. Görlüp oturylsa onuñ doganoglany hem Ysraýylyñ premýer-ministri Benýamin Netanýahunyñ geñeşçisi bolsa nätjek!
Diñe şunuñ özem dûnýä syýasatynda nähili oýunlaryñ bolup geçýändigine, Nobel baýragynyñ kimlere berilyandigine, haysy yazyjynyñ ýüpüniñ kimleriñ elindedigine göz yetirmäge ýüpujy bolsa gerek.

0
12  
@Watanperwer, teswirleriñ goşgynyñ temasyndan daşlaşypdyr biggrin

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: