14:13
Gara adam / poema

GARA ADAM

Dostum, dostum
Halym agyr diýerden,
Çekip çydaran kyn ýolugan derdi.
Serde ösýär çölüñ
Ýakmaz şemaly,
Bir görseñem,
Başym ümürde ýaly,
Beýnimi gaplapdyr serhoşlyk gerdi.

Guşuñ ganat kakyşy dek,
Gulaklam galgaýar başda.
Bu dünýe bilen serim ýok,
Kararym ýok içde-daşda.
Gara adam,
Hünni gara,
Gara adam
Gelip ýanymda oturýar,
Gara adam,
Gijeler meni ýatyrman.

Oña gulak germek,
Gorkunç, hyllalla,
Ol nejis kitabyñ
Yzarlap hatyn,
Aýat edýän molla ýaly myññyldap,
Maña okap berýär,
Yralap başyn,
Bir deýýus ykmandañ
Geçen durmuşyn.
Gara adam,
Hünni gara,
Gara adam.

"Kän kitapda
Gözel pikir, planlar.
Diñle, diñle!" -
Diýýär maña bu gende. -
Ol adam ýaşapdyr
Çekip pyganlar,
Aýbygadym
Ýykgynçylañ ýurdunda.

Nowruz gelse ol watanda
Kamys garlydyr ýaýlalar.
Syrgyny ezber eldäki
Bogaz ik ýaly aýlanar.
Ol adam bozgakmyş
Ulusa mälim,
Ýöne, başbozarlañ
Zorumyş zalym.

Syratly bolupdyr
Ak derek ýaly.
Ýöredip bilipdir
Söze hökümin.
Ýaşy kyrkdan geçen
Oral aýaly
Apalap söýüpdir
Ulugyz kimin.

Diýipdir ol:
"Bagt isleseñ başar
Hile gurmany.
Sada tutar
Ejizleriñ tarapyn.
Kyn bolsa-da oñar
Boýun burmany.
Hereketiñ galp bolsun
Galapyn!

Howp-hatarly durmuş
Atanda badak,
Tumşugyñy ýyrşarmaga
Ram etdir.
Şatkañ aglan bolmak,
Gamlykañ gülmek
Bu dünýede 
Iñ bir beýik sungatdyr".

"Gara adam!
Sesiñi gap näletkerde,
Durma, ýanym alyp,
Gopjyñy göter.

Meniñ şerçi şahyr bilen
Nä derdim?!
Git-de ertekiñi
Özgäge otar".

Gara adam
Gözlerme seredip dogry,
Ýarylaýjak bolýar
Gazapdan ýaña.
Diýmekçi bolýan dek
Ýurtýykan, ogry,
Bihaýa bakýan deý
Garaýar maña.
. . . . . . . . . . . . . . . . .

Dostum, dostum
Halym agyr diýerden,
Çekip çydardan kyn ýolugan derdi.
Serde ösýär çölüñ 
Ýakmaz şemaly,
Bir görseñem,
Başym ümürde ýaly.
Beýnimi gaplapdyr serhoşlyk gerdi.

Gije aýaz.
Durun aýnañ öñünde.
Dost ýa myhman...
Sorajak ýok bu haly.
Hek örtülen meýdan
Ýatyr öñümde,
Baglar howla üýşen
Gölegçi ýaly.

Nirdedir bir ýerde
Gygyrýar baýguş,
Agaçlar şatlaýar
Aýaza üşäp.
Şol gara sopbaşly
Pormusy gurmuş
Ýene-de kürsümde
Oturýar aşak.

"Diñle, - diýýär
Içne garap didämiñ,
Barha golaý süýşýär
Göýäki arly. -
Görmändim men heniz
Haramzadanyñ
Kösenenin
Ukusyzlyk zerarly.

Aýdaly, ýalñyşýan.
Bolmaz ýalñyşman.
Asmanda Aý -
Asylyp dur otly jam.
Bes şol,
Dünýäñ ukusyndan ganana.
Belki, gizlin geler
Ýogyn butlujañ
Çalajan şygryñy
Oka şanyna.

Şahyr halkyn söýýän,
Täsindir özem.
Bilýän,
Belet olañ şeýle kesbine:
Bir sadaja gyzyñ
Aklyn çaşyryp,
Dünýewi gürrüñler eden bolsa-da
Pisin aşyryp
Emenýändir
Bedibagtyñ husnuna.

Ýa-ga Kaluganyñ,
Rýazanyñ ýa-da,
Bir obajygynda
Tokaýly-düzli.
Bir daýhan adamyñ sadadan sada
Ogly bolan
Sary saçly,
Gök gözli.
Soñ ol ulalypdyr
Ak derek ýaly.
Ýöredip bilipdir
Söze hökümin.
Ýaşy kyrkdan geçen
Oral aýaly
Apalap söýüpdir
Ulugyz kimin".

"Gara adam!
Bes et gara hasabyñ
Seniñ deýýuslygyñ
Öñden bilýärin".
Gaharyma çydap bilmän hasamy
Ýazzy mañlaýyndan
Aýlap salýaryn.
. . . . . . . . . . . . . . . . . . .

Aý öldi.....
Penjirä garasam, daşda,
Säher kem-kem
Ak şalyny dañynýar.
Ýalñyz özüm.......
Gara sopbaşym başda.
Durun
Döwlen aýnamyzyñ öñünde.

Sergeý ÝESENIN.

Terjime eden: Ahmet GURBANNEPESOW.

Категория: Poemalar | Просмотров: 91 | Добавил: НаS | Теги: Sergeý Ýesenin | Рейтинг: 4.7/3

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: