02:26
Gaýdyp geldim, meni bagyşla, Eje
GAÝDYP GELDIM, MENI BAGYŞLA, EJE

Ynha gaýdyp geldim, işlerim paşman,
At basmajak ýerne müň sapar basar.
Diýipdiň sen gitme, edersiň puşman,
Şu garyp çatmaňy ýüregiň küýsär.

Emma men diňlemän, çykyp gidipdim,
Howaýy hyýallaň yzyna düşüp.
Behişdi durmuşy arzuw edipdim,
Bagtymy gözläpdim menziller aşyp.

Asyl jennet seň aýagyň astynda,
Galan eken şu garypja çatmada.
Özge bagt ýok eken, ýeriň üstünde,
Kabul et ogluňy, kine etme-de.

Ýöne ol çatmadan çykmady seda,
Enede çykmady gerip gujagny.
Aglady sergezdan, ökündi juda,
Görüp ody öçen eziz ojagny.

“Men seniň kalbyňda ýaşaýan ahyr,
Eziz,balam, görmeseň-de keşbimi.
Sen,şu garyp çatma siňdirde mähir,
Täzeden alawlat, öçen yşgyny.”

Ýigit Ejesini ýadyna saldy,
Geldi ýaşlygynda baky galasy...
Ene-de bir salym tirsegne galdy,
Çünki gaýdyp geldi, ýalňyz balasy.

Azat NURGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 48 | Добавил: shahyr1964 | Теги: Azat Nurgeldiýew | Рейтинг: 5.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 5
1
1  
Ine, Azat shahyrdan yene bir kesgir goshgy. Beyik Danamyz,, Adam ozun bilmez, ham-hyyal bolar" diyyar. Ene-atadan soñ ojagyñ odyny so durman alawlatjak adam ol oguldyr. Yashlykda akylly-payhasly bolsañam, dogrysy, kim bolsañam gownuñde besle en eshret-engamlar duypsiz ham-hyyallaryñ usti bilen seni añyrsy bianyk alyslara alyp gidyar. Ol yerde seniñ baglanyp, towereginde hereket etmeli yrsgal gazygyñ berkmi, bimejalmy, onuñ bilen akylyñ ishi yok. Dogrysy, yashlyk howesi, yagny, sheytany islegler bilen bil tutushmakda yash mahalyñ akyl-payhaz ejizlik edyar. Ine, goshgynyñ liriki gahrymany ene islegine tabyn bolman, ishleri pashman, ahyry dolanyp gelyar. Emma, ,, Soñky tuykulik sakgal ezmez" diyeni bolyar. Ol dadu-peryat etse-de, mahriban ene oñki yerinde yok. Hatda, mylayym owazyny hem eshidenak. Ojak-mukaddes ojak welin, yzgar ceken kuli bilen agzyny acyp dur. Odun salmaly, ot yakmaly. Kukurt bolsa, liriki gahrymanyñ elinde. Ajap goshgy.

0
2  
Sag boluň, agam, Garaýolly, beren synyňyz hemde beýik bahaňyz üçin. Siziň synyňyza her bir goýýan goşgymda sabyrsyzlyk bilen garaşýan, çünki Siziň we beýleki ähli okyjylaryň pikirleri meniň üçin wajyp, sebäbi men şolara esaslanyp öz indiki ýazjak eserlerimi döretmeli.

1
3  
Täze eserleñ höwri köp bolsun Azat aga.

0
4  
Sag bol, Gumlygelin. Seniňem galamyň ýiti bolsun, uýam.

0
5  
Eje keramat! Seyle keramata tutus kitaplary bagys etsenem az. Ene hakda sygyrlary onat goryan. Bu gosgy hem uns berenine mynasyp. Tasirli ussatlyk bilen yazylypdyr

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: