20:49
Giderin men...
GIDERIN MEN...

Megerem, dünýämi açyp giderin,
Sensiz dünýäň basga bir ýat künjüne,
Seni agtarmaga gaçyp giderin.
Giderin men, sen bolsaňam ýanymda,
Seni agtarmaga özümde ýasan,
"Senimi" tapmaga basga ýerlerden.
Eger öz kalbyňdan maňa ýer berseň,
Hem gudrata ynanyp bu dünýede,
Başga-başga mekanlarda ýerlesen.
Başgalara ýanyňdan ýer bermeseň,
Men seniň dünýäňde bardyryn, bilgin,
Su pursat men saňa ýardyryn bilgin.
Boşluga galgatsam, gamgyn gollarym
Çydaman men umman bolup oňüňde,
Sen dünýäniň allaryna ynanyp,
Hem derdiňi şonuñ bilen ýeñledip,
Gidäýjekdiň,
Meni taşlap bir ýana,
Hem söýmäge öz naşyja hyýalyñ.
Eger, saňa söýgi jeza bermese,
Hem seni saklaman, boşatsa, söýgim.
Eglenme dünýämde parlak ýyldyzym,
Git süýnüp.
Men kararsyz älem içre galaryn,
Belki-de seýledir meniň täleýim.
Ýaşamalydyryn soñra sensizem,
Men dünýede bir boş göwrä öwrülip,
Sensiz, sensiz, sensiz, sensiz galaýyn.
Aglap ýürek ezýet cekse bilginiň,
Seni bir ýerlerde ideýänimi.
Tapyp bu dünýede idealymy,
Ony özüm, özüm ücin ýitirip,
Şeýdip özüm, şeýdip, hamana ümsüm,
„Ýasaryn söýgimiň mozaikasyn".
Seni senden aýyrmaga hetdim ýok,
Hasabym ýok, señ ýanyñda galmaga.
Saña taý bolmaga meniñ keşbim ýok,
Hem ykbalyñ öz ýanyma almaga,
Hukugym ýok,
Men nädeýin, mähriban,
Şahyr diýilýäni bir geñ jemende,
Sensiz ýaşajagyma ynjama menden.
Göwnüme baglaryn ümsüm hasratyň,
Başa çekip öz dünýäme giderin,
Özümi saýlaryn owadan dünýäň,
Hyýalynda galan duýgularyndan.
Maňa, goý, diýsinler betbagt şahyr,
Hem yzymdan gep baryny etsinler.
Setirlerim kimdigimi aýdar meñ,
Ýene müñ asyrdan sözüm öpsünler.
Ýaşlygymy ýitirmäge giderin,
Seň söýgiňde ýitip-ýitip bir zaman.
Sen maňa ýene-de ezýet berersiň,
Telefonda dem alyp, hiç gürlemän,
Diñlärsiñ, gowräñem darygar şonda,
Ýer tapman janyña üýtgär şol keşbiň.
Hasrata goşulyp ýarylar şonda,
Pyntygyň icinde süýjän şol yşgym.
Seniň göwräñ sarsar, gözleriň üýtgär,
Boş meýdan görüner garaýyşlañda,
Sonda näzijek hem owadan şemal,
Saña salam elter gara gyşlardan.
Söýyänligim üçin bagyşla meni,
"Men seni hasrata görmerin rowa,"
Ýolsuz ýodalarda elimi salgap,
Aglaryn,
Belki-de ýüregim sowar,
"Seni ynjytmakdan utansyn ykbal!"
Ene-de gaşyña barasym geler,
Leblerñe-lebimi degirip, ysgap,
Aýdaryn: "Meñ seni göresim geler".
Ýuwdynarsyñ, şol oñküje bolşuñ deý,
Hem dünýeden söz gözlärsiñ, tapmarsyñ.
Meñ söýgime jogap bermäñ ýerine,
Ene aglarsyñ sen, ýazan hatlañda.
Sensizlige hic öwrenşip bilmesem,
Hatdan dolar şol köneje tahylym.
Ýöne sowap gitmek üçin yşgymy,
Saña golaýlatman goýmak ahyry,
Meniň maksadym.
Seň bagtly bolmagyñ bu giñ dünýede,
Sen betbagtlygydyñ, uly şahyryñ.
Maksadym, göwnüñe gül eksin ýaryñ,
Hem seni aýasyn, men deýin söýüp.
Señ keşbiñde öz dünýämi görýänim,
Hem señ gapdalyñda bolýanym ücin,
Onuñ saña garaýşyny syzaryn.
Göwnümi döwmäge ýetmedik güýjüň
Bilen, onuň yhlasyny doweniň.
Mana ezýet berer, düşün, söýgülim,
Sensiz bu hasratyň yzasy agyr.
Agyr, agyr, agyr eken söýgülim.
Erkiñ bilen taşla gaşlary ýaýyň,
Sensizlige kyn bolsa-da, çydaryn,
Çydaryn, gözleriñ görmezlige-de.
Ýöne men bir zada çydaman öýdýän,
Meni taşlamaga dözmejegiñe.
Men ýalñyz däl ahyr, şygrym bar meniň,
Senim bar, göwrämde baky ýaşajak.
Yşgymy aýajak höwrüm bar menin.
Eý, meniñ görmegeý, keýipsiz, naşyjam
Çyda.
Kysmat ýowuz, bu ýollar inçe,
Çyda.
Söýgi hasrat bilen doglandyr.
Men seni ulaltdym öz söýgim bilen,
Sen bir mahal, men söýmänkäm oglandyñ.
Söýgi adam bilen adamyñ parhyn,
Saýlaýan bir ýoldur, hasratly ýoldur.
Sen öz ykbalyñda, öz göwün dünýäñ,
Owadan duýgudan, yşkdan doldur.
Şonda... Dine şonda duşünersiň sen,
Ykbalyñda bir şahyryn sözlerne,
Gop-goýy, owadan syýa bolanňa.
Hem bir pursat onuň ýalňyz ykbalna,
Sarsmaz binýat bilen gala bolanňa.
Söý! "Yşk owal, Ahli zat soňdyr!"
Meniň şu sözlermi beýniňde doňdur.
Men basga bir ada göçüp giderin,
Söýüp ýaşamany öwredip saňa.
Seniň ykbalyňdan öçüp giderin.
"Giderin men, ýöräp ýerden-asmandan,
Giderin men nirädigi hökman däl".

Oguljennet BÄŞIMOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 59 | Добавил: Nurbanu | Теги: Oguljennet Bäşimowa | Рейтинг: 5.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 1
0
1  
Oňat beýan edilipdir, okap bolanyňdan soňam täsirinden çykyp bolanok...

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: