17:34
Görmeksiz gyza
GÖRMEKSIZ GYZA

Utanma, eý, jenan, galdyrgyn başyň,
Sen öz-özüňdenem göwnüň geçirme.
Ok ýaly kirpikleň, ýaý ýaly gaşyň,
Bolmanda nä, umydyňy öçürme.

Sen nämä utanyp ýygrylyp ýörsüň,
Her kimiň alnynda garaşýar bagty.
Taparsyň menzilleň gatlaryn dörseň,
Bilýäň-ä munda ýok hiç zadyň nagty.

Ykbalyňa nälet okamaweri,
Dokuzy düzüwi tapmak juda kyn.
Ynsana sen, bolmak hökman däl peri,
Besdir, ak ýüregiň ýürege ýakyn.

Bir gün bagtyň çöken göwnüň göterer,
Düşer-de dideleň düýpsüz çuňlugna.
Ol şol ýerde bir zada göz ýetirer –
Çuňlukda bagtynyň bukulandygyna.

Sebäp, dideleňde mähir joş urýar,
Durkuňda bir öýe ýetik gaýrat bar.
Arman, bagt bilen ykbal duşurýar,
Sen oňa ýetýänçäň sönme, gaýnap bar.

Çünki, seniň ýüregiň bar ajaýyp,
Onsoň seni söýmän bolarmyka heý.
Bu dünýede nika gaýyp, bagt gaýyp,
Bagt görke aldanmaýar adam deý...

***

Kalbyňy ynjytma hüýr kybap ynsan,
Ýöne bir kösäniň galar bu jany!
Lebiň baldyr, goýnuň ajaýyp bossan,
Sen Hudaýyň yhlas edip ýasany.

Özi haýran bolan keşbin beripdir,
Goýnuňda ýerläpdir jennetiň ýazyn.
Barça gözelligi rowa görüpdir,
Görküňe baglanyp, ýitirip özün.

Umyt yşy sönmäwersin pelteden,
Eý, eýjejik bägül, birden solaýma!
Bagta eýe çykjak bolýar öňýeten,
Belki seniň özüň bagt bolaýma!?

Başyň aşak salma, galdyrgyn bir gez,
Görküňden nurlansyn Gün bilen Aýam.
... Saňa ynsan ogly bagt berip bilmez,
Bagt bermegi unudansoň Hudaýam.

Azymberdi KAKAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 41 | Добавил: Bagtygül | Теги: Azymberdi Kakaýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 3
0
1  
"Görmeksiz gyz" temasy hem indi çygjaryp ugrady. Suwy çykar basym...

1
2  
Goşgynyň ýazylanyna 20 ýyl dagy bolandyr. Indi siziň suwuny çykaryp ýören bolmagyňyz ahmal.

0
3  
Azady, gaharlanmak gerek däl. Ezizowdan soň şu temaňam ýoň bolanyny aýtjak boldum.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: