21:50
Gulmyrat / hekaýa

GULMYRAT

Çagalykdan kitap bilen bagry badaşan, kitap gujaklap, kitap ýassanyp ulalan Gulmyradyň bir aýby−arzuwçyllygydy. Ony maşgala agzalarynyň igenip lellimlikde, emelsizlikde, tagaşyksyzlykda aýyplamalarynyň bar sebäbem şol arzuwçyllygy. Ýöne häzir beý diýseň kim ynanar?! «Arzuwçyllygynyň ýaltaçylygyna näme dahyly barmyş? diýerler, «Arzuw edibersin, kim oňa arzuw etme diýýämiş. Arzuwynam etsin, işinem» diýerler. Ah, ýöne onuň arzuwlary iş edip ýörkäň edip bolýan arzuwlar däl-ä. Ol arzuwlary gaty sazlap, ýörite pursatlary peýläp, wakalarynam ýerbe-ýer ýerleşdirip etmeli. «Başly-barat, hallyň-sallyň arzuwlary edip, soňam ondan hasyla garaşmak, her zadyny islän wagtyň gazana atyp, soňam göwnejaý bişen palawa garaşan ýaly bolmazmy. Ýo-ok, öz arzuwlaryňa  hormatyň bolmasa, olar dagy hem hasyl bolmaz».  Bularyň hemmesi kitaphon Gulmyradyň arzuw baradaky özboluşly pelsepesi. Ine-de, enesiniň Gulmyrady gözläp gygyrýan sesi eşdildi. Enesi görgüli indi 3 ýyl bäri gözüne garasuw inip, ýörejek ýolunam ibaly saýgaranok. Ýöne ol şonda-da Gulmyradyň saman kepbedäki bedeleriň iň üstünde agzyna çöp gysdyryp ýatanyny bilýär. Gulmyrat bärde işden gaçyp ýatandyr öýdýär, görgüli. Wah, Gulmyrat işden gaçanog-a, ol bärik arzuw edäýmege rahat ýer diýip gelýär. Başga ýerde goh-galmagal kän, ünsüň bölünýär. Häzirem Gulmyrat saman kepbeden çykyp enesiniň gözlerine ilteşäkgetdinim, onuň ýumşunyň ugruna çyksa-da, öz arzuwlarynyňam arasyny bölmejek bolar. Beýle etmek aňsadam däl. Kelläň-ä başga ýerde, özüňem işlän bolup ýörmeli. Şol bolşuna Gulmyrat sürüden gelen sygryny daňaram, oňa suwam görkezer, ýöne taýyn duran tirti welin sygryň nowasyna guýup goýmagy unudar. Bu-da nesip edenden, enesine oglana  gygyrmaga nobatdaky bahana bolar. Tirti nowa Gumyradyň ejesem guýup bilerdi, ýöne olam aňyrdan ellerine ellik zat geýişdirip, ýüz-gözüni arassa ak mata bilen saraşdyryp  geler. Sygyr sagmak onuň üçin edil operasiýa ýaly-da.  Gulmyradyň ejesi paýtagtdan, özem lukman. Onuň paýtagtly gyz halyna  nädip bu çolaja oba durmuşa çykanyna haýran galýan oba aýallaryna ol «Iz za lýubwi» diýip bir agyz jogap berýär. Ol aýallaram oňa gözügidijilik bilen seredýäler.

Ejesine «Iz za lýubwi» diýmäge bialaç mejbur eden Gulmyradyň kakasy hem özboluşly adam. Gulmyrat kakasyny gowy görýär. Onuň arzuwlarynda-da kakasynyň öz aýratyn ýeri,  uly orny bar.
Gulmyrada öz arzuwlaryna beýle eserdeň bolmaga esas ýogam däl. Çünki onuň şeýle yhlas bilen eden arzuwlaryndan hasyl bolanlary az däl. Meselem, entek ol çagarakka, entek arzuw etmäge-de öwrenjeräk wagtlary onuň iki arzuwy bada-bat hasyl boldy. Bir-ä entek bir-iki ýyldanam bolsa bolýa-la diýip, gaharjaň gyz doganynyň durmuşa çykmagy hakyndaky eden arzuwy. Beýlekisem, öýlerinde ullakan telewizoryň bolmagy. Birinji arzuwy-ha hasam köptaraply amala aşdy. Gaharjaň gyz dogany− indi olardan uzakda ýaşaýan mähirli aýal dogana öwrüldi, üstesine, Gulmyradyň arzuwy  oňa ekiz oglan ýegenjiklerem berdi. Gyz dogany bütinleý özgerdi. Ol indi bu öýlerine käwagt gelýär, özem ekizlerinden ýaňa Gulmyrada elem degenok. Ikinji arzuwyň hasyl bolşy hasam täsin. Kakasynyň aýdyşyça oňa iş ýerinde beriljek sowgatlaryň sanawyndan  täze gaz plitasyny ýazypdyrlar. Olam aýalym begener diýip begenipdir. Soň bolsa oňa telewizor gowşurypdyrlar, özem iň ulusyny. Kakasy aňk-taňk bolupmyş. Ol öýe gelip gürrüň berende, Gulmyradyňam haýrany hekgerdi. Aýtjagam boldy, dili diýen etmedi. Soň-soňlaram kakasy telewizorly wakany ýatlasa, sebäpkäriň özüdigiden ýaňa  ýüzüni aşak salyp, bar güýji bilen ýylgyrmajak bolup oturýar.
Ýöne indi Gulmyrat, kellä gelen zady arzuw edip ýören  çaga Gulmyrat däl. Ol indi sazlap-sazlap, soňuny gaty seljerip arzuw edýär. Şu çaka çenli eden arzuwlarynyň hasylyny derňäbem, ol bir zada düşündi, häzirem şoňa ynanýar. Onuň bu filosofiýasy gaty bir ýöntemem däl. Ol diýýär: «Duşmanyňa arzuw etseňem, hökman gowy, ajaýyp zatlary arzuw etmeli. Sebäbi onuň awtory hökmünde senem boş galmarsyň. Ülüşli bolanyňa görä-de, gowy zatdan bolsaň gowy-da».
Bilmedik, hyýaly dünýäde köp düşläninden boldumy, ýa arassa arzuwlarynyň täsiri, Gulmyrat üýtgeşik oglan bolup ýetişdi. Aňrujy syzyp bilýän adam Gulmyradyň öz pikirleridir arzuwlary ýaly dup-dury gözlerine siňe seretse, kalbyna  nähilidir bir giňlik, kanagat duýgusy aralaşýardy. Gulmyrat gürlese-hä, bar onsoň. Kökerilmän galjak az-azdyr. Özem, Gulmyradyň ýüreginde maşgalasyna, obadaşlaryna bolan söýgi, mähir şeýle bir gaýnap-joşýardy welin, hut hoşuňa geläýsin! Ol päk ýürejiginden syzdyryp ak arzuwlary besleýe-besleýe gör, näçe adamlaryň bagtly bolşuny synlady. Özüniň şol bagta şärikdigini bilmegem onuň üçin bagtdy. Goý, beýlekiler bilmeseler, bilmesinler. Bilenlerinde-de ynajaklarmy, ynanmajaklarmy?! Esasy zat, onuň şeýledigini Gulmyrat bilýär.
Ah, Gulmyrat, Gulmyrat! Ol şeýle inçe zatlary duýmagy başarsa-da, özüňe berlen bu ajaýyp ukybyň wagtlaýyndygyny duýmag-a däl, hatda ol hakynda pikirem etmedi…Enesiniň gözüniň gaýtadan operasiýa edilip, ýene öňküsi ýaly gowy görmegini arzuw etdi. Hasyl! Ejesiniň özüni şäherli saýyp,sada hem mähriban  oba aýallaryndan  çekilip ýörmezligini isledi. Olam kabul. Gyz doganynyň bal ýaly süýji durmuşy bar. Oňa-da onuň arzuwlarynyň täsiri uly. Kakasy ussat mugallym derejesine eýe boldy. Ony indi etrapda, welaýatda tanamaýan, oňa aýratyn sylag-sarpa goýmaýan ýok. Goňşulaň ulagsyzy ulag edindi, jaýsyzy jaý. Bagty açylman oturanlar ellerinden çekilen ýaly bolup galkynyp, gözli-başly bolup gitdiler. Okan mekdebi täzeden salnyp, kaşaň mekdebe öwrüldi. Ýitirenler ýitigini tapdylar. Hemmesem oglanyň onki süňňüňden syzdyrypjyk beslän arzuwlaryňa jan girizip bilmeginden.
Arman, ol hiç haçanam özi hakda arzuw etmedi. Özi   üçin belli bir kär edinmegi,  mynasyp ýar edinmegi arzuw etjegem bolmady. Ol şeýtmegi ýa hususy duýgulara gandallanmak saýdy, ýa-da bir adam onuň hut öz edişi ýaly, oňa derek ol üçin arzuw edäýer öýtdi. Wah, beýle etmäge hany ondaky ýaly uly ýürek, üýtgeşik ukyp!..Gulmyradyň iň bolmanda, gadryny bilselerem boljakdy. Hemme adam onuň ýaly däl-ä. Olar onuň durky-düýrmegi bilen arzuwçyllyga berlip, töwerege bagt paýlap ýörenini bikärlik saýdylar. Şol «bikärligi» zerarly-da onuň üçin guda giden hossarlary, gör näçe gapydan kowuldy. Ahyry mäňlaýyndan çykanam-a… Gulmyradyň nähili adamdygyňy şol gyz tanaýanda-da boljakdy. Şeýden bolsa, ol onuň göwnüne ganat dakardy-da ikisiniň geljegi hakda bitginli arzuwlary ýüwürtmäge itererdi. A ol bolsa, gele-gelmäne Gulmyradyň giň dünýäsini daraltdy goýaýdy. Bir gün Gulmyrat gelnine ýürejigini dökdi. Joşup-joşup özüniň eden arzuwlary, olaryň hasyl bolşy hakynda aýdyp berdi. Gelni Aýjahanyň jakgyldap çykan gülki sesi bosa, onuň ýüregini dyrnaçaklap gitdi.
−Gyýýw, öz aýdýan zadyňa özüň bir ynanýaňmy sen?
Gulmyradyň gökde ganat ýaýyp ýören göwün guşy başy aýlanana ýaly pyrlanyp gaýtdy-da, onuň hut öz gapdaljygyna gondy. Bir agyz söze sülleren ýigdiň boýny buruldy.
−Howwa, ynanýan. Ynanmasam aýtmazdym-a. Bir saňa aýdýan şuny.
−Maňa-da aýtma, jan dogan. Bilenem özüň bol, bilmedigem. Bolduň meň başyma arzuwy hasyl bolýan. Beýle güýçli bolýan bolsaň, belli bir işiňem başyny tutmaly ekeniň-dä. Nädip eklejek meni, şular ýaly erteki aýdypmy?! Goý, goý!
Ýigdiň ýüzüne şarpyk çalynsa-da şeýle bolmazdy. Onuň gelniniň ýüzüne seredesi gemedi. Başyny alyp, bir ýerlere gidiberesi geldi. Ah, ol şol okan kitaplarynyň içine bir siňip bilsedi. Emma, olam bojak zat däl. Haýp, ak ýüreginiň arzuwlary bilen nijeme adamlary halas eden Gulmyradyň halasgäri ýok eken, ol bu dünýäde ýalňyz ekeni…
Onuň ot ýaly gyzgyn ýüregi sowuklady. Sowuk ýürek bilenem arzuw edip boljakmy, arzuw edeňde olara jan girjekmi, jansyz arzuwam hasyl bojakmy?! Özüniň nähili üýtgeşik adamdygyna akly çatmadyk  Gulmyrat,  ol ýagdaýa welin gowy düşünýärdi. Şonuň üçin ol gaýdyp arzuw etjegem bolmady. Ňöki eden pikirlerine-de şübheli garady. Günä etdi! Ýogsa, olar ýaly päk hem täsin hakyky hakykaty meger, başga ýerden tapybam bolmazdy. Her bir zady täsinligini inkär edýän dek, olary ne artyk, ne kem−duýşy ýal däl-de, görşi  ýaly kabul etdi. Şeýdibem, Gulmyrat ýuwaş-ýuwaş öňki Gulmyratdan adaty Gulmyrada öwrüldi. Gözleriniň  nury  täsin ukybynyň kütelip gidişi ýaly küteli, sözleriniň süýjüligi arzuwlarynyň süýjüliginiň ýitişi deý ýitdi. Asyl-a ol soň kän gürlemedem, gürleşmedem. Elmydama diýen ýaly içini hümletdi ýördi. Edil iki jahan owarrasy-da. Duýgulary horlanyp, göwresi semrän Gulmyrat özüni tutuşlygy bilen işe bagyşlady. Ekin ekdi, suw tutdy, orak ordy. Mümkin boldugyndan ýadap, öýe özüni zordan atdy. Öňki Gulmyratdan başga bir Gulmyrady ýasansoňam köşeşmedik  aýalynyň iňňirdilerine hüwdülenibem uka giderdi. Düýşünde-de, hökman samankepbede çöp çeýnäp arzuw edip ýatan Gulmyrat bilen duşuşardy. Oňa gözi gidýärdi, öz häzirki  durmuşyndan gürrüň berip, zeýir-zeýir zeýrenýärdi. Ol Gulmyrat bolsa  oňa hijem ýüz bermedi. Ol onuň samankepbä girenini görenden, aňysyna öwrülerdi-de, agy gatyşykly zeýrenjini goýansoňam bir agyz şeý diýýärdi:«Başgalar owarram, ýöne sen näme üçin şübhelendiň?! Men entekler kän iş etjekdim ahyry…»                        

 Aýgül GARAÝEWA.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 100 | Добавил: Has | Теги: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 3.5/2

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: