16:25
Hülgendiñ wesýeti
HÜLGENDIÑ WESÝETI

Aýdym aýdyp ýürek syryny açmak,
Öñýetene berilmändir alma dek
Özgeleriñ aýak astyna gaçmak.

Hergiz unutmañ siz şu beýik pendin
Ýuka ýürek hem garagol hülgendiñ.

Ýalyn ýaly saçlarymy görýäñiz!
Men beýnimi ýakyp çykýan ýollara.
Boş kelläñiz hem ýüreksiz göwräñiz
Görkezesim gelip ulus-illere.
Men halaýan siziñ gargyş daşyñyz
Ýyldyrym dek ursa, doly dek ýagsa.
Gollarym daldalap ýeke başymy
Goraýan, bu çaka ölmeli ýogsa.

Şonda ýatlamalar tesellim meniñ,
Oba, kölçe daşy ümürsäp duran.
Ol ýerde ýaşaýar atamdyr enem,
Şygrym, gara şaýy hasaplap ýören.
Birisi men olañ iki gözüniñ,
Ýagmyry, ýaýlasy, gögünde ülker.
Eşitseler diýýän ýeke sözüñiz
Gelip, çarşak bilen garnyñyz silker.

Gara zähmet gözüñ açyp göreniñ,
Görk-görmekden gaçan, eý, daýhan pahyr!
Henizem çyndan
Arwahdan-jyndan,
Tañryñ gudratyndan gorkup ýöreniñ
Gelip meñ bagryma sanjylýar ahyr.
Neneñ gyýylmaýyn señ halyña men,
Sen-ä ýelden-guzdan gorap ösdüren.
Duzuñ, yhlasyñdyr - ýok oña jedel,
Meni Russiýañ belli şahyry eden.
Siz dälmi, kökenek bolan daşymda
Lüýge, suwa taýçanak deý towsamda.
Indi meniñ jam papak bar başymda,
Ýüzüñiz görüner geýýän köwşümde.

Öñküligim, üýtgetsem-de eşigmi,
Merkez melgunlarna tabyn bolamok.
Et dükan agzynda sygryñ keşbini
Görsem, tagzym etmän geçip bilemok.
Köçede paýtuna duşan wagtlam
Ýatlaýan ders ysyn ekinzarlygyñ.
Ýüze sylsam diýýän guýrugyn atlañ
Sylan ýaly mukaddes toý ýaglygyn.

Bu eziz watany
Jan-dilden söýdüm!
Onda gam bolsa-da posy deý söwdüñ.
Bir näzik kesel bar garagol serde;
Olam çagalygym ýatlamak derdi.
Düýşe girýär obañ ýagmyry-ýazy,
Mukam maña gurbagalañ owazy.
Hapa görmän gaýta halaýar göwün
Doñuzlañ çyr-çyrşak, sürpek temegin.
Obam, nanyñ datly, suwlaryñ tereñ!
Señ ornuñ tutjak ýok, eý, ene mekan.

Şindem gapymyzda çommalyp zereñ
Şapagyñ oduna çoýunýarmykan?
Kän ogurlandyryn ýaş wagty başym
Höwürtgeden gargañ ýumurtgalaryn.
Henizem zereñim ýaşylmy başyñ,
Ýatdamy ýyrtanlañ köýnek-balagym?

Meniñ eziz görýän
Ala köpegim,
Garrap kör bolduñmy?!
Barýanyñ niräk
Bilmän, çyñsap ýörmiñ, tapman ketegiñ
Tüýleri bürmeli guýrugyñ süýräp?
Ýatlamak ýakymly maña henizem,
Köpegim, syrdaşym, meniñ ezizim:
Döwüm çörek ogurlasam ejemden,
Señ ýanyña ylgap gelenim-de men
Dişlärdiñ ilki sen,
Soñra bolsa men
Şeýdip bir-biregiñ hakyny iýmän,
Bir-bire sen ynsan,
Sen haýwan diýmän,
Gezek gezegine salardyk agyz,
Rysgymyzy şeýdip böleşerdik biz.

Öñküligim, obaly däl bir kemim,
Öñküligi keşbim, sözlerim meniñ.
Çowdaryñ içinde mawy gül kimin,
Saryýagyz ýüzde gözlerim meniñ.
Altyn boýra ýaly goşgulam kileñ
Ýazyp aýagñyzyñ astyna siziñ:
Diýmekçi bolýaryn ýüregim bilen
Belki, soñky gezek aýtjak sözüm.

Goý, rahat bolsun siziñ gijäñiz!
Parahat ýumulsyn siziñ didäñiz!
Iñrik çagy urlan çalgynyñ sesi...
Dildi al şapagy, ordy höwesi.
Men şu gün bir zady isleýän gaty
Penjireden aýy. . . . . . . .
Dünýe göm-gök, bu görnüşde ýoluñy
Başgalap,
ölmegem haýyp däl eken.
Ýa men indi bir bihaýa ýalymy,
Ile peçan bolup o ýola çykan!?
Eý, meñ Ylham atym, -
ardurja garran
Bir meñ üçin däldi señ ýumşak ýorgañ!
Nesip etdi seni ulanmak sähel.
Ýa-ha ir,
Ýa-da giç,
Garaz bimahal:
Bar nepis duýgyny ýygnap dahana,
Ýowuz ussat bolup indim jahana
Men bagtygara...
Magtap, şan bermäge alakalara.
Ýogsa kalbym güýzdi,
Ýüregim sapdy,
Sary saçlam köpürjüklän şerapdy.

Azalypdyr rysgym - çöregim, suwum,
Galypdyr köñülde birje arzuwym.
Ýelken bolsam, tutup döşümi ýele
Eltsem sizi ýetilmeli menzile.

Sergeý ÝESENIN.

Terjime eden: Ahmet GURBANNEPESOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 51 | Добавил: Haweran | Теги: Sergeý Ýesenin | Рейтинг: 4.7/3

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 1
0
1  
Hakdan içenleriňki başgaça... Ýetirene sagbolsun.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: