19:07
Içki dünýäniň çelgileri / Z.Freýdiň pikirine görä
IÇKI DÜNÝÄNIÑ ÇELGILERI

Awstriýaly meşhur psiholog Zigmund Freýdiň 26 sany jümlesi adamlara öz-özleri barada köp zady habar berýär diýip, käbir awtorlar hasaplaýarlar.
Ol jümleler şu aşakdakylardyr:
1. Adam daşyndan näçe kemçiliksiz bolup görünýän bolsa, onuň içinde şonça-da melguny köpdür...
2. Biz biri-birimizi tötänden saýlamaýarys...Biz diňe özümiziň aňastaňymyzda öň bar bolanlara sataşýarys;
3. Gynansagam, üstünden basylan duýgular ýok bolup gitmeýär. Olar diňe dymmaga mejbur edilýär. Soňam içinden adama täsir etmeklerini dowam edýärler;
4. Adamy bagtly etmek wezipesi dünýäni ýaratmagyň meýilnamasyna girmeýärdi;
5. Biz dünýä ýalňyz gelýäris, ýekelikde-de ony terk edýäris;
6. Köp zenanlary söýýän aýallara belet bolýar, diňe bir zenany söýýän söýgä belet bolýar;
7. Sen güýç-kuwwaty we ygtybarlylygy daşyňdan agtarmagy bes etmeýärsiň, hakykat-da welin, olary özüňden gözlemeli. Sebäbi olar hemişe-de şol ýerde bar;
8. Adamlaryň aglaba köpüsi erkinligi islemeýärler, sebäbi ol jogapkärçiligiň bolmagyny talap edýär. Adamlaryň köpüsi bolsa jogapkärçilikden eýmenýär;
9. Işine meşgul adamyň ýanyna bikärler myhmançylyga seýrek gelýärler – çünki gaýnap duran gazanyň ýanyna siňekler uçmaýar;
10. Orta asyrlarda meni ýakardylar, bu wagt bolsa bary-ýogy meniň kitaplarymy ýakýarlar;
11. Kähalatlarda sigara (çilim) – bu adaty bir sigaradyr;
12. Söýgi we iş – ine biziň adamkärçiligiňimiziň binýatlaýyn daşy;
13. Bahylçylyk weýran edijidir;
14. Biz beýlekileriň üstünden gülýän ýalňyşlyklarymyzy etmekden hemişe azat däldiris;
15. Keselden we ony inkär etmekden gymmat düşýän hiç zat ýokdur;
16. Köpçülik hiç haçanam hakykata teşne bolan däldir. Olar özleriniň şolarsyz ýaşap bilmeýän ham-hyýallarynyň bolmagyny talap edýärler;
17. Jynsy bozulma diýip diňe onuň düýbünden ýoklugyna aýdyp bolar, galan zat bolsa diňe her kimiň öz küýsegine degişlidir;
18. Durmuşda kesel we akmaklyk ýaly gymmat düşýän başga hiç zat ýokdur;
19. Daş zyňmagyň deregine sögünç oklan birinji adam siwilizasiýany emele getirijidir;
20. Akmaklygyň birinji alamaty utanç-haýanyň düýbünden bolmazlygydyr;
21. Düýşler – bu aň ýetirip bolmaýan zatlara tarap şaýoldyr;
22. Her bir adamda onuň hatda özüniň öňünde-de boýun almaýan we özgelere aýtmaýan islegleri bardyr;
23. Adama özüniň ýetip bilmejek zadyny hemme zatdan beter küýsemek we gymmatly saýmak duýgusy mahsusdyr;
24. Özüňizi deňemeli ýeke-täk adamyňyz – bu diňe siziň geçmişdäki özüňizdir. Şondan gowy bolmaga borçly ýeke-täk adamyňyz hem – bu siziň şu wagtky özüňizdir;
25. Adam hiç haçan hiç zatdan ýüz döndermeýär. Ol diňe bir lezzetiň ornuny başga biri bilen çalyşýar;
26. Siziň şahsyýetiňiziň möçberi sizi özüňizi ýitirmäge ukyply bolan meseläniň ululygyna görä kesgitlenýär.

Internet maglumatlarynyň esasynda taýýarlanyldy.
Категория: Psihologiýa | Просмотров: 53 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 2
0
1  
Sag boluň özümizi undamizda gerek bolan ýa ýatlamagymyza kömek edýän gyzila gaplaýmali ýazgilary ýetireniňiz için
book

0
2  
Hytaýlar şeýle diýýär;
—Eger alymlaryň bary Ýewreý bolsa, näme üçin tutuş dünýä elektronika üçin bize gelýär? Näme üçin Ezraýyla gidenoklar?

Z. Freýdam ýene bir gezek çişirlen Ýewreý...

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: