17:34
Jübütlik hakda goşgy
JÜBÜTLIK HAKDA GOŞGY

Jübütlik hem gözelligi barlygyň,
Goşulanlar goşalykda goş bolsun!
Bagt bolsun barça dünýäň, baýlygyň,
Ata-enäň sizden göwni hoş bolsun!

Örňäp gidiň, sözläp gidiň bagt hakda,
Ýaşaň mydam halallykda, aklykda,
Nesip etsin özüň görmek agtykda,
Mydam size rowaçlyklar duş bolsun!

Hergiz-hergiz paýhas bolmaz gaharda,
Takdyrda bar tomus, güýz, gyş, bahar-da,
Käteler alňasap göge bakaňda,
Gören zadyň diňe bagt guş bolsun!

Gün jemlense, umytly bak ertäňe,
Umyt bir tohumdyr, arma, sep däne!
Bilbil gonsun ykbal şirwan perdäňe,
Rysgalyň, döwletiň jana noş bolsun!

Arzuwy bar, umydy bar göwünleň,
Sarpasy bar, serpaýy bar bu günleň,
Bagtyňyza guwansynlar görenler,
Şahyryňam göwni mydam joş bolsun!

Azymberdi KAKAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 32 | Добавил: Bagtygül | Теги: Azymberdi Kakaýew | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 3
0
1  
Amin, toylarda okalmaly goşgy ekeni

1
2  
Toýa niýetlenip ýazylan goşgy aslynda

0
3  
Owadan, ajayyp goşgy

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: