21:01
Köşeş, ýürek, köşeş
KÖŞEŞ, ÝÜREK, KÖŞEŞ

Käte tötänlikde aýdylan bir söz,
Daşa öwrülýär-de degýär ýürege.
Köşeş, ýürek, köşeş, tolgunma biraz,
Düşünjek bolaly birek-birege.

Belki ol söz, däldir seniň salgyňa,
Belki ol ýürekden aýdylan däldir.
Köşeş, ýürek köşeş, biraz tolgunma,
Bagyşlap bilmeklik, bu ýagşy päldir.

Ýöne käbir sözüň salýan ýarasy,
Biterden has agyr, has çökder gelýär.
Bozulýarda iki dostuň arasy,
Ýürek daşdan beter, agramyn salýar.

Ýüregimizem daşa dönüp gitmezmi?
Beýdip, gursagmyzda toplap ýörsek daş.
Dosty dostuň günäsini ötmezmi?
Tolgunma, eý, ýürek, sen biraz köşeş.

Parhy ýok, dostuňmy ýa-da nätanyş,
Her sözi oýlanyp sözlemek gerek.
Mylaýym söz bilen gazansaň ýeňiş,
Şonda, şatlyk dolup, ynjalar ýürek.

Azat NURGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 24 | Добавил: shahyr1964 | Теги: Azat Nurgeldiýew | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: