15:22
Manaman
MANAMAN

Saba söýýäñ.
Günortan
Hunaba berýäñ maña.
Ikindinler köşeşip,
Gaý turuzýañ agşama.

Hem eziz sen,
Hem nejis.
Dünýäñ bar birenaýy.
Sensiz ötürip bolmaz,
Her sagat, gün,
Her aýy.

Söýseñ,
Misli ýaz pasly,
Gülälekler açylýar.
Men ýazyña höwesli,
Pyntyk urup, açyl, ýar!

Dymsañ,
Tomsuñ jokrama
Yssysynyñ petişi.
Wa hasrata, nedamat
Kölegäñe ýetişip,

Irkilip saý ýeriñde
Dem almasam,
Tüssesiz -
buga dönüp giderin
Kelam agyz kyssasyz.

Her günde,
Ýa günaşa,
Söbügimi yzarlap.
Yrsarañda bihuda
Garlar ýagar köwsarlap.

Bilýän,
Ýene dözmersiñ
Salarsyñam külbäñe.
Demiñden dem berersiñ
Üşän göwün ülkäme.

Dört pasyly dünýäñde
Jem eýlegen jenan sen.
Men Nuhuñ körpe ogly,
Manaman sen,
Aman sen.

Ýoklugyñda girmäge,
Mejalym ýok jeñlere.
Sen bolmasañ ýetmerin
Tilkiguýruk dañlara!..
Категория: Goşgular | Просмотров: 65 | Добавил: Haweran | Теги: Has TÜRKMEN | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 2
0
1  
Шуна.догры.айтян.агам.

0
2  
Мена.хов.шу.ойдаки.болмаса.онубам.билемок.жанлары.саг.болаверсин.ойдакилен

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: