18:37
Mollamyz
MOLLAMYZ

Gaba sakgaly bar bir misginsokar,
Doga okap ili aldar mollamyz.
Öz ýanyndan kimi dowzahda ýakar,
Kimsini jennete ýollar mollamyz.

Sebäp bilen eger barsañ öýüne,
Düşer senden ýonmaklygyñ küýüne.
Iki gözi meñzär çakgyñ çüýüne,
Torba sakgalyna ellär mollamyz.

Durmaz seniñ üçin jany agyryp,
Nahar berseñ oñar käte çagyryp,
Pugta doýup, uly-uly gägirip,
Käte agzyn açyp pallar mollamyz.

Bir gün edip gördük şeýle synagy,
Dolduryp köjeden uly çanagy
Berdik tamdyr çörekden üç sanagy
Lak-luk atdy, gaty ýaldar mollamyz.

Sowady ýok, duza demin ýöreder,
Aklyk diýip elleriñe sereder,
Bir pul üçin haýyr işi şer eder,
Şer işe haýyr diýp goldar mollamyz.

Ömürboýy bet pyglyna eýerip,
Kim ölerkä diýip otyr keýerip,
Ýok dünýäniñ hüýr gyzlarna öýerip,
Sähedinem özi bellär mollamyz.

Ilden gizlese-de bozuk pälini,
Bilýäs indi sapalagyn, alyny.
Terekä sal diýseñ ýetim malyny,
Özü-de bir paýdyr, tellär mollamyz.

Aklyk üçin diýer näme diý diýseñ,
"Dogalarña düşünýärmiñ hiý" diýseñ,
"Beýdip ýörmän senem işläp iý" diýseñ,
Gaşyn çytyp, ýüzün sallar mollamyz.

Ata KÖPEKMERGEN.
Категория: Goşgular | Просмотров: 64 | Добавил: Haweran | Теги: Ata Köpekmergen | Рейтинг: 4.5/2

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 1
0
1  
Ajayyp shygyr

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: