00:33
Mukaddeslik
MUKADDESLIK

Ýöräp barýan, mahmal ýaly ýumşajyk
Dabanymyň astyndaky topragym.
Ol meni göterýär hem gurbat berýär
Bedenime, al ganyma, ýüregme.
Ol mylaýym, ol gödeňsi, ol ýowuz –
Sebäbi topragam adamlar ýaly,
Kimsä ýowuz, kimselere mylaýym.

Başym goýup aladaly göwsüne,
Söýýän diňlemegi pyşyrdysyny.
Söýýän baglarynyň aýdymlaryny,
Guşlaryň göçgünli simfoniýasyny,
Ter otlaň şemala paşyrdysyny.

Toprak mukaddeslik, toprak päk ahlak,
Göwsünde ýaşap ýör Akyl hem Akmak.
Toprak ene – perzentleri meňzeş däl,
Olaň dünýä inişleri meňzeş däl,
Dogluşlary meňzeş, ösüşi aýra,
Göz açyşy, akyl kesişi aýra.
Il günüm guwanjym,
Toprak daýanjym,
Diýarym – diregim,
Şu günüm ertäm.
Ýüregmiň dykynyn şular aýyrýar,
Kalbymyň umydyn şular oýarýar.

Şulardan öwrenýän ýanyp söýmäni,
Ýigrenmegem şular guýýar ýüregme.
Adalatyň, azat erkiň mesgeni,
Watanymyň barýan ýoly ýörelgäm.

Näzik ANNATYÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 28 | Добавил: Mahperi | Теги: Näzik Annatyýewa | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 2
0
1  
Juda gowy goşgy.

0
2  
Durli gornushli mahir-soyginiñ ozbolushly beyany.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: