22:36
Öwrendim
ÖWRENDIM

Enemden öwrendim aldamazlygy,
Atamdan öwrendim aglamazlygy,
Agamdan öwrendim mertligin äriň,
Uýamdan öwrendim söýgüde çägim.
Dosty saýlamagy öwrendim dostdan,
Duşman saýgarmagy öwrendim pisden.
Ýarymdan öwrendim wepalylygy,
Ussamdan öwrendim sapalylygy.

Bir günem…
Enemiň aldanyn görüp,
Atamyň, bukulyp, aglanyn görüp,
Agamyň kyn günde ejizlän wagty,
Uýamyň birini nejislän wagty,
Dostum kyn günümde taşlap gidende,
Pis saýanym derde derman edende,
Ýardan biwepalyk sapagyn alyp,
Ussadymyň hapasyna garylyp,
Ýuwaş-ýuwaş olaň baryn öwrendim,
Şeýdip, onsoň, uly adama öwrüldim…

Çary ATAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 32 | Добавил: Mahymm | Теги: Çary Ataýew | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 4
0
1  
Gowy goşgy. Kerim aganyñ "Çagakañ aglamak aýyp diýdiler..." diýip başlanýan goşgusyny ýada saldy.

0
2  
Tasirli shygyr eken

0
3  
Haweram dogry aydypdyr Gosguda Kerim Gurabnepesowyň ruhy bar, oran terbiyecilikli eser.

2
4  
Birinji bentde "ussadymyñ sapalylygy" diyen soz bilen ikinji bentdäki "ussadymyñ hapasy" diyen sözi logiki taydan baglanyşdyryp bilmedim.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: