05:14
Özümiziñki gowy däl (hekaýa)
ÖZÜMIZIŇKI GOWY DÄL

Gaýyp başlyk aýalynyň çaý başyndaky etsem-petsemli gürrüňine öwrenişip gidipdir. Aýaly gürläp durmasa çaýyny nirä içenini bilenok, geň, ýadawlygam aýrylanok. Senem eje hem adamsyny uzak garaşdyranok. Çäýnegini göterip gelşine gürrüňe başlaberýär:
– Kakasy, men-ä indi çydap bilemok. Her gün janymy ýakyp ýörüň. – Senem eje günorta naharyna gelen adamsynyň öňünde bir çäýnek çaý goýdy. Adamsynyň näme hakda gürrüň gidýändigini soramagyny isläp, birsalym dymdy. Öň-ä beýle häsiýeti ýokdy onuň. Bir başladygy, gürrüňini gutarman goýmazdy.
Gaýyp başlyk gürrüňi gyzdyrmak islän bolarly: aýalynyň näme hakda gürrüň edýändigi barada oýlanybam oturmady:
– Seniň bir zad-a gaharyň gelipdir.
– Nämä bor öýdýäň, kakasy – diýip, Senem eje gyzyşyp ugrady. Indi gitdigidir. – Aýagy döwülmiş sygrymyzyň gürrüňini edýän men. Onuň haýsy tarapyndan barjagymy bilmän, ugur-utgamy ýitirdim. Gyzyl jynly ol. Durup-durup şallaklamaga başlaýar welin, şo mahal it dursun ýanynda. Özem beren zadyňy dannamasy ýok, ýalmap dur. Soňundanam kyrk günüň ajy ýaly, ýüzüňe mölterilip molaýar. Molap başladygy hem Hudaýyň urdugy, hi-iç wagty bilen gutaranok. Ot berseňem, suw berseňem molap dur.
– Men barkam-a molanok.
– Pis häsiýeti bar onuň. Seniň işe gideniňi gördügi, molamaga başlaýar. Öýdekäňem molanok. – Senem eje ardynjyrady. – Kakasy, munuň ýaly ýaman sygyr dünýäde ýokdur.
– Tarypyny ýerde-gökde duruzman satyn alanyňa bolsa bir ýyl bolandyr. Janawar saňa düşüp, dünýädäki iň ýaman sygra öwrüläýdimi? – Gaýyp başlyk özüniň gyşyk gürrüňine aýalynyň düşünjekdigine ynandy.
Heý, oňa Senem eje düşünmezmi?! Düşündi. Ol bir zady bilýär: adamsy haýsy tarapa gyşarsa gyşarybersin, garşy bolup gygyrsyn, ýer depip haýbat atsyn, barybir, uzak saklanyp bilmän, aýalynyň sözi bilen ylalaşar. Bu zatlary Senem eje bile-bile, göre-göre gelýär:
– Wah, janymy ýakmasana, kakasy! Maly bir göreniňde-iki göreniňde tanap bolýarmy?
– «Dünýäniň süýdüni berýär!» diýýärdiň.
– Azar ýamanyny berse, dünýäniň süýdüni başyma ýapaýynmy?
– Hojalygyň garamatyny göterip bilmän, zeýrenip otyrsyň. Meniň göterýän ýükümi – kolhozyň garamatyny üstüňe ýüklesem-ä sen çydabam biljek däl. Başlygyň aýaly halyňa öýüň işini bir oňar-how. Men saňa: «Kolhoz işle!» diýemok.
– Şu sygry görüp dursam, elim işe baranok.
Gaýyp başlyk uzak çekeleşmän ýan berdi:
– Satjak diýen zadyňy satyp bolýarmy näme? Onsoňam, seniň aýdyşyňa görä, dünýädäki iň ýaman sygry kim başyna ýapsyn?!
Ýene-de gyşyk gürrüň. Senem eje muňa üns bermedi:
– Onuň ýamandygy maňlaýyna ýazylgy däl, kakasy. Ýazylaýanda-da ony okajak bolup durmazlar: bizden bir zat alyp bilseler, adamlaryň armanlary ýokdur. – Senem eje sygrynyň duran ýerine göz aýlap goýberdi. Ol hyýalynda eýýäm kimdirbiri bilen söwdalaşyp durdy. Ýöne sygryny bahalap bilmän kösendi. Dogrudanam, näçe bahalamaly bolarka? Senem eje adamsynyň käsesine çaý guýdy-da, gürrüňini dowam etdirdi. – Ho gün ilerki obadaky garyndaşymyz Mamagüller myhmançylyga çagyranda göleli sygryny halap gaýtdym. Tüýs maňa gerek sygyr eken ol. Görseň senem halarsyň. Ol eýläk-beýläk seretjegem bolanok, molanogam. Ümsümje dur. Gölesem ümsüm dur. Olaryň şol göleli sygryny alaýaly, kakasy? – Senem eje eýýäm bu soragy bermegiň zerurlygynyň ýokdugyny, adamsynyň garşy çykyp durmajakdygyny bilýär. Şonda-da, hemişekileri ýaly, ätiýajy elden berenok. Onuňam ogrynja sebäbi bar. Aýdaýyn. Ertirki gün Mamagüllerden alnan sygyr ýaramaz çyksa, Gaýyp başlygyň ähli günäni aýalynyň depesinden eňtermegi mümkin. Ana, şonda Senem eje adamsynyň häzirki aýtjak razylyk sözi «Özüň: «Alaý!» diýipdiň» diýmäge gerek boljak. Şonuň üçin hem Senem eje adamsynyň gürlärine, özem köpräk gürlärine garaşdy. – Seniň diýeniň bolar, kakasy. «Alaý!» diýseň-ä uzaga çekdirip durjak däl? Ä? Aýdyber. Näme diýjek bolduň? «Alaý!» diýýäňmi?
Gaýyp başlyk iki tarapyndan gysylýan ýaly oýkanjyrady. Aýalynyň ýüzüne bakyp ýuwdundy. Soňam howsalaly ýerinden turdy:
– Sygyrdan möhüm gürrüň bar... Çaýy täzeden ajyja demläp, içki otaga elt. Çaý eltýänçäň, menem eşiklerimi çalşyraýyn.
– Içjegiň bir käse çaý bolsa, ondan bärki otaglarda-da, şu ýerde-de içse bolar. Naharam taýýar.
– Bizi hiç kim görmesin, gürrüňimizem hiç kim eşitmesin! – Gaýyp başlyk aýdan sözüni biriniň eşiden bolmagyndan howatyrlanýan ýaly, töweregine garanjaklady.
Rast, adamsy: «Içki otaga barmaly» diýse, barmaly bolar. Möhüm maslahat bardyr. Senem eje adamsyna hiç zat diýmän, ajyja çaý demlemegiň ugruna çykdy. Demläbem içki otagda agyr oýa batyp ýatan adamsynyň öňünde goýdy. Bu onuň: «Näme gürrüňiň bolsa başlaber!» diýdigidi. Näme gürrüňi barka? Öz-ä möhüm gürrüň bolmaly. Senem ejäniň äwmezek adamsynyň gürlärine garaşmaga takady ýetmedi, özi başlady. Möhümden möhüm gürrüňler kän ahyryn.
– Goňşy oba gaçan gyzymyz gelip gitdi häli. Ýanynda ärhaýrany bar murtuny taýzardyp.
– Gyzyňam gursun, murtam! – Gaýyp başlyk köne edähedi bilen öwhüldedi. – Akyl ýok onda. Geň galýan, gyzlar üçin başga obanyň ýigitleriniň ýigitligi üýtgeşik ýaly. Edip bilseler, uzagrak ýere, nätanyş ýigidine durmuşa çykjak bolup durlar. Heý, beýle-de samsyklyk bolarmy?!
– Goňşy-golamlaryň ogullarynyň birine durmuşa çykan bolsa, sarpasy belent tutulardy. Günde-günaşa öýe gelip, islän zadyny alyp giderdi. Başlygyň gyzy bolansoň, onuň towugyna tok diýjek bolmazdy.
Gaýyp başlyk ýene durup bilmedi:
– Towugam gursun, özem! Gyzyňa terbiýe-hä bermänsiň.
– Terbiýäni alybildi-le ol, kakasy. – Senem eje özüni aklamak üçin ykjamlandy. Ähli çeken zähmetiňi püçege çykardaýmak bolmaz ahyryn! – Obadan çykmak ýoň boldy gyzlara. Gyzymyzam şol ýoňa ýolukdy. Ýogsam ol ejesiniň ýüzüne gara çekmeli gyz däldi. Şo murtly haýran diýip, bizi terk edip gidibermesine Senemiň jany ýanýan däldir öýdýäňmi? Ýanýa, gatam ýanýa. Gel-gel, biz şol murtluça mährem bolmadykmy? «Är» diýip ataň-eneňden gaçaýmak bolmaz-a! Özümiz-ä ata-enemizi janymyz-tenimiz bilen syladyk. «Kime berseňiz beräýiň» diýipdim.
– Şeýdeniň üçin bagtyň açylaýandyr... – Gaýyp başlyk ýene birzatlar diýjek boldy. Ýetişmedi.
– «Etjegini edip, soňundanam nä ýüzüňe gelýäň?» diýýän öz ýanymdan. Ärhaýrany äl bir iş eden ýaly gaýşarylyp dur. «Näme kömek gerek bolsa aýdyň. Bitireýin!» diýýär. «Öňki bitiren işiňem az däl» diýýän oňa içimden. «Han ogul, biler bolsaň, biz biriniň kömegine mätäç adam däl. Uly il bizden kömek alýar» diýdim. Wah, asyllyja gyzym bardy. Onuň gaçmagyna sen günäkär, Gaýyp.
Gaýyp başlyk bu söze gözlerini petredip doňdy galdy.
– Ol gaçmaly gyz däldi. – Ýeňmek üçin diňe goranyp durmaly däl-de, hüjüm etmeli. Bu pähimi Senem eje bir ýerden okap ýa söweş serkerdeleriniň birinden eşidip aýdanok, özi bilýär. – Çaga terbiýe gerek. Özem ata terbiýesi gerek. Sen bolsa iki düýp gowaçany çagalaryňdan eý gördüň. Mydama meýdanda. Çagalaryň näme edip-näme goýýandygy, nähili okaýandygy, näme iş edýändigi bilen gyzyklananyň, heý, ýadyňa düşýärmi?! Hemme zada men ylgamaly. Men on däl, men ýeke...
Gaýyp başlyk halyny dyrmamaga başlady. Bu onuň ýeňlendiginiň alamaty. Kim muňa düşünenok?! Senem eje-hä düşünýär.
Içerini agyr dymyşlyk basmarlanda on üç-on dört ýaşlaryndaky Derkar peýda boldy. Ol gaýşarybrak oturan ejesine, başyny aşak salyp, tirsekläp ýatan kakasyna garady:
– Eje, men seni agtaryp ýörüň. Näme iş edýäň bu ýerde?
– Gül bogýas, oglum, gül!
– Bir halta ot getirendirin. Özem Ýekegümmeziň ýanyndan alyp geldim.
Ýap-ýaňyja aýalyndan igenç, özem adalatly igenç eşiden Gaýyp başlyk atalyk borjuny ýatlady:
– Oňarypsyň, oglum, oňarypsyň. Berekella! Senden tamam hem şeýle. Ýöne bir göterim ot diýip uzaga gitmeli däl ekeniň. Obanyň gyrasyndaky atyzlaryň ählisinde ot kän ahyryn.
Derkar kakasynyň sözüne onçakly üns bermedi:
– Eje, indi oýnabereýinmi?
Senem eje sesini çykarmady. Adamsyna «gürle» diýýän äheňde seretdi. Gaýyp başlyk bu dartgynly ýagdaýdan çykalga gözledi:
– Oýnaber, oglum. Nähili döwür boldy-aý bu? Öň-ä oty priseplije getirip giderdiler. Indi ot getirmegem çagalarymyzyň boýnuna düşdi. – Ol garysyna galdy. – Oglum, getiren otuňdan sygra beräýme. Biz ony häzir satmakçy.
Derkar gapyny daşardan ýapdy. Köp wagt geçmänkä hem ýapan gapysyny açdy:
– Kaka, seni biri çagyrýar.
– «Kakam ýok, raýona gitdi» diý. – Senem ejäniň sesi kesgitli çykdy.
Ogly gidensoň, Gaýyp başlyk howlukdy. Kim bilýär, biriniň geläýmegi mümkin:
– Möhüm maslahat bar, keýwany.
Senem eje howlukdy:
– Kakasy, sygrymyzy satjakdygymyzy goňşularymyza ylgap duýduryp gaýdaýyn.
Aýallar bir zadyň kül-külüne düşmesin. Düşdügi ärine-de, özüne-de rahatlyk ýok. Senem eje adamsyndan razylyk alansoň, dünýädäki iň ýaman sygryny ertire çenli saklarmy? Derrew gümüni çeker. Şeýtdi ol. Goňşularynyňka düňk ýasady. Gaýyp başlygyň möhüm maslahaty soňa galdyryldy.
Senem ejäniň sygryny satjakdygyny goňşularyna duýduranyna köp wagt geçmänkä elleri düwünçekli adamlar gelip ugrady. Eşiden eňäýipdir başlygyň öýüne. Senem eje gelenlere: «Göwnüňizden çykaranyňyzy beräýiň» diýdi. Dellal tapyldy. Biri beýlekisinden ýokary bahalady. Ýanynda azrak pul getiren-ä hyrçyny dişläp galdy. Iň kän pul getirenem sygrynyň – «bagtynyň» ýüpünden çekip äkitdi. Gijiräk gelenler sygryň eýýäm satylandygyny eşidip, başlaryny aşak salşyp, giç eşidenlerine müň-de bir puşman edip gitdiler.
Senem eje ogly Derkar bilen Mamagüllere howlukdy. Mamagül bilen söwdalaşyp, sygryny Derkara iýtdirip öýüne gaýtdy. Gijara ümsüm sygry öňki ýaman sygryň duran ýerine daňdy. Ana, şondan soň Senem eje rahatlandy. Täze sygryna Derkaryň getiren otundan gysganman berdi. Oňa kesesinden, uzakdan, ýakyndan durup syn etdi. Halady. Bolar-a şeýle mährem sygyrlaram!
Çaý içerlik iş-ä edildi. Senem eje çaýynam sygrynyň ýanynda içäýesi geldi. Ýöne iliň gep-sözünden çekinip, bu pikirinden saklandy. Daş işikde durup adamsynyň gelerine garaşdy. Gelensoň, ony yzyna tirkäp täze alan göleli sygryny görkezmäge äkitdi:
– Kakasy, bu tüýs maňa gerek sygyr. Äwmän durşy nämä degenok?! Gör, gölejiginiň enaýyjadygyny? Tüýs enesi-dä!
Agşamlyk nahary diňe täze alnan göleli sygry taryplamaga bagyşlandy.
– Sygyr aňyny aldy – diýip, garaşmakdan ýaňa sabyr käsesi dökülip ugran Gaýyp başlyk çagalary uklansoň, aýalyna närazylygyny ýaňzytdy.
– Men-ä sygrymyzy köp sagmadym, gölesini goýberäýdim – diýip, Senem eje şolbir sözüni on birinji gezek gaýtalady. – Indi arkaýyn men...
– Sen arkaýyn bolsaňam, men arkaýyn däl.
– Arkaýyn bolmaz ýaly, ne döw çalanmyş?
– Işgärlerden tamam çykanok – diýip, Gaýyp başlyk günortanky aýtmak islän gürrüňine başlady. – Hydyr diýip gol bereniň, goldanyň hyrs çykaýýar.
Senem ejäniň nagt gürrüňi bar:
– Pyzyp goýbererler hyrs çykýanyny.
– Haýsy birini kowjak? Kowup ýerine alaýaryn diýer ýaly, işi elujundan oňaryp duran ökde kadram ýok.
– Kim ol hyrs çykan?
– Baş bugalterimiz Abdy. Janyň ýanmaz ýaly däl. Goňşy raýonda ýönekeýje bugalter bolup işläp ýörkä, ençeme ýolbaşçydan haýyş edip, ony baş bugalterlige işe aldym. Ondan bärem geçse iki ýyl geçendir. Şeýdip arzylap alan işgärimiň iki ýylda galplyk bilen jübüsine uran puly ýerde-gökde duranok. Ol işe gelen gününden galplyga başlapdyr. Ilki işe öwrenişeýin, adamlara özümi aldyraýyn diýen düşünje bolmandyr onda. «Gowy işgär» diýseler, men güp ynanypdyryn. Barlagçylar onuň etmişiniň üstüni derrew açdylar. Munu1 üçin maňa-da käýinç berdiler.
– Bir säwlik bolandyr, kakasy. Abdy örän asylly, mylaýym adam ahyryn. «Gelneje» diýip, haçan görseň, üzeňňiňden geçmäge taýyn.
– Üzeňňimizden eýläk-beýläk geçip, etjegini edipdir! – Gaýyp başlyk öwhüldedi. – Ýeri, indi men onuň ýerine kimi goýaýyn?
– Bolmandyr. – Senem eje Abdyny göz atuwyna getirip gyýyldy.
– Ýaňy prawleniýäniň ýygnagyny geçirdim. Köpler Serheni goýmaly diýdiler. Ony özüm göwnämok.
– Kim ol Serhen?
– Aý, ilerki uçastokda bar biri. Ýokary bilimli, sowadam erbet däl. Haýsy işe iberseň, sesini çykarman edip ýör. Ol Abdy bilen oňuşmady. Ýok, ýok, Abdy ony halamady. «Şuny meniň ýanymda işletme!» diýip ýalbardy ýördi. Şonuň üçinem men Serheni çöle tabelçi edip iberdim. Bu gün ony kontora işe alsam, öz ýalňyşymy boýun aldygym boljak. Göwnüme, başga bir ýerden kadr getirilse gowy bolaýjak ýaly.
– Raýona ýüz tutup gör.
– «Onuň ýaly meseläni özüňiz çözüň» diýdiler.
– Abdy näme diýýär?
– «Obamyzda ýakynda tehnikumy gutaran bir ykdysatçy bar» diýdi. Onuň diýýän ýigidi bilen gürleşip gördüm. Gepinden-sözünden çen tutsaň-a iş oňarjaga meňzeýär.
– Oňarar şol. – Senem eje kandidaturany makullady. – Buhgalteriýada öňden işläp gelýän ýokary bilimliler goh etjek bolsalar: «Ýokardan görkezme şeýle» diýip aýdaý.
– Şun-a dogry aýtdyň.
Möhüm maslahat gutardy.

* * *
Senem eje ýuwaş sygyr edinip, dünýäniň aladasyndan dynaýana döndi. Arkaýynlanldy. Ýöne arkaýynçylygy uzaga çekmedi. Üç-dört gün geçenden soň şol arzyly sygryň arzysy gaçdy. Senem eje işden keýpihon gelen adamsyny ýüzüni asyp garşylady. Gaýyp başlyk aýalynyň aladasyny duýmady:
– Keýwany, hany, çaý getir! Özem şu ýerde – daşarda düşek taşlap oturaly.
– Oturmagyň işi haýyr-la, kakasy. – Senem eje habaryny nädip aýtjagyny bilmän, sözüne biraz dyngy berdi. – Eden işim tersine bolup dur... Täze alan sygrymyz-a garaýelin çykdy. Wah, Mamagül aýtdam-la. Oňa üns bermedim. «Sygryňy sat» diýdim durdum.
– Indi sygry nireden almaly bolarkak? Belläp gaýdan ýeriň ýokmy? – Gaýyp başlyk ýylgyrdy. Senem eje adamsynyň kinaýasyna düşündi.
– Molaman, gozganman dur welin, men-ä, kakasy, oňa bir zat bolar öýdüp gorkýanam. Mal janawar azda-kände gymyldasa ýagşy eken. Wah, öňki sygrymyzy nähak satypdyryn. Sygryň gowusydy ol! Birki gezek mollanda jynym uraýdy ony. Bar günä sende, kakasy. «Bu sygryňy satma» diýip ýeke gezegem aýtmadyň. – Senem eje adamsynyň bir söz diýerine garaşdy. Adamsy onuň düýpden garaşmaýan soragyny berdi:
– Derkar jan görnenok-la?
– Ota iberdim.
– Ýene Ýekegümmeziň ýanyna gitdimi?
– Başga nirä gitsin?
– Golaý-goltumda ot kän ahyryn. – Gaýyp başlyk ýuwnup, tagta sekiniň üstüne çykdy. Aýaly hiç zat diýmänden soň, öz soragyna özi jogap berdi. – Özümizem oglankak ot diýip allowarra giderdik. Öýümiziň daş-töweregi ýylgynlykka bäş-alty kilometr ýol söküp syrkyn getirerdik. Şo bolşumyzy bu gün oglumyz gaýtalaýar.
– Ähli kişi şeýledi... – Senem eje adamsynyň sygyr hakda däl-de, oglunyň nirededigini soramagyny, geçmişi ýatlamagyny nämä ýorjagyny bilmedi. Belki, adamsy sygryň gürrüňini etmegi isleýän däldir, ownuk hasaplaýandyr? Senem eje özüne pent etdi: bu sygry sat, başga aljak sygryň hakda hem adamyňa aýtma. Getir-de agylyňda daň. Wessalam! Gaýyp agyla seredip durmy näme. Ol öýüň ownuk-uşak işine kellesine agyrtmasyn. Gaýtam, oňarsaň, sen onuň işine kömek ber. Kömek berip bilmeseň, maslahat ber, diliň oňurgasy ýok, agyrjak bolup duranok.
– Kakasy, işler düzeldimi?
– Düzelmejek gümany barmy, keýwany?!
– Bildimem-le. Şonda-da soraýdym.
– Senem, seniň bilmeýän zadyň barmyka? – Gaýyp başlyk aýalynyň uguny ýekeledi.
– Ertirden bäri ýanyma üç-dört adam geldi. Ýalym-ýulum. Hemme kişä wezipe gerek. Hiç kimiň maňlaýyny derledip işläsi gelenok.
– Gelenlere näme diýdiň?
– «Näme gep-gürrüňiňiz bolsa, başlyga aýdyň» diýdim.
Gaýyp başlyk şol adaty ýylgyryşyny etdi:
– Il arasynda «Senem başlyk» diýen lakamy-ha aldyň.
– Göripleriň sözi ol.
Är-aýalyň ýaňy gyzygan gürrüňini daş işikde gezmeläp ýören birtopar towugyň gowury böldi. Towuklar nämedir bir zady çokajak bolup ala-pasyrdy, alazenzele boluşdylar. Gaýyp başlyk ellerini kelemenledip towuklara haýbat atdy:
– Tok, tok! – Onuň haýbatyndan köpler gorkýanam bolsa, towuklar gorkmady. – Senem, towuklaryňy goýberme ahyryn.
– Men-ä towuklarymy goýberemok, kakasy. Goňşularymyzyň towuklary bular.
– Ap-arkaýyn. Öz öýleri däldir öýdenoklar!
– Goňşymyza: «Towuklaryňyzy goýbermäň» diýip ada-aýda dilim syryldy. «Indi goýbermeris» diýip söz berip, etjeklerini edip ýörler. Gatyrak bir söz diýmeli bolaryn men bulara. Biziň işigimizde semredi towuklary. – Senem ejäniň nazary towuklaryň birinde eglendi. – Kakasy, kakasy, seret, ol towuga. Juda owadanja. Meniň-ä synym oturdy oňa. Men entek onuň ýaly daýaw, owadan towuk göremok. Älhepus...
– «Goňşyň kel towugy gözüňe gözel gaz bolup görner» diýip eşitmänmidiň?
– Seret ahyryn oňa, Gaýyp! Döşüne seret! Durşuna etdir. Palawa ýatyraýsaň şuny. – Senem eje biygtyýar ýuwdundy.
– Hökman şonumy? Öz towuklaryňdan ýatyr birini.
– Biziň towuklarymyzyň birem bu towukça ýok. Şonuň eti tagamlydyr. Eger aýdyşym ýaly bolmasa, meniň zat bilmedigim. Goňşymyza aýdyp göreýinmi, kakasy? Näçe diýse bahasyny bereris.
...Şol arzyly kel towuk soýlup, agşam palaw bişirildi. Özem şeýlebir datly, şeýlebir tagamly palaw!

1987 ý.

Osman ÖDE
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 291 | Добавил: Has | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: