17:48
Parodiýalar:
ÝYLGYRSAŇ

Atadurdy Garaýew

Sen ýylgyrsaň, paýrap gökden döküler
Kümüş apbasylar, altyn şaýylar.
Gül açylyp Garagumuň golunda,
Süýji suwdan dolar gurruk guýular.

Sen ýylgyrsaň, suw sepen deý ýatyryp
Düwläp gelen tüweleýleň gylawyn,
Kör bolan çeşmeleň gözi açylar,
Süýt iner ýelnine gysyr sygyryň.

A.Gurbanow

Eger ýylgyrmasaň, şo günden şeýläk
Goýar guzlamasyn biziň towuklar.
Suwy takrap galar tereň derýanyň,
Öňküsinden has ir düşer sowuklar.

Ýylgyrmasaň, burunlarny gyzardyp,
Aglar hork-hork edip öňki gülenler.
Ýylgyrmasaň, girdi “Gyzyl kitaba”
Ýylgyraňda üçem dogan gulanlar.

Ýylgyrmasaň, dat gününe obanyň,
Guýusyndan suw deregne laý çykar.
Ýylgyrmasaň, gaty kyn bor, ezizim,
Uçup barýan durnalary möý çakar.

Ýylgyrmasaň, wah, nädeýin, nädeýin,
Her ýyl gysyr galýar sary sygrymyz.
…Yzyny ýazmakçy bolýanam weli,
Ýylgyrmaňsoň, soňlanaýýar şygrymyz.


* * *

HOWLUKMAÇ

A.Akmämmedow

Häzirki bagtly minutlar indi,
Belli däl – gelermi, gelmezmi gaýdyp.
Ýagşymy, ýamanmy – bir zat diý indi,
Sen, gyz, haçana çen oturjak şeýdip?!

Baýran Amangylyjow

Ýagşymy, ýamanmy – bir zat diý indi,
Sög weli, bir sözüň eşdip galaýyn.
Soň duşarmyň ýa duşmazmyň, kim bilýä,
Men-ä gelmen duş etmese täleýim.

Sen, gyz, haçana çen oturjak şeýdip,
Wagtam geçip gitdi ýatar pillämden.
Sözlemeseň, hereket bir et, janym,
Ökjeli köwşüňi inder kellämden.


* * *

GYBAT-GÜRRÜŇLERE GULAK GABARTSAŇ

Bazar Guzybaýew

Bu sözler ýürekde harasat gopdy:r,
Goňşyňyz duranmyş tüpeňli-okly.
Öýüňden bir ädim daş çykmak howply,
Gybat-gürrüňlere gulak gabartsaň.

Dädebaý Amanow

Dogrudyr, bu sözler harasat gopdy:r,
Goňşusynyň öýi tankdyr, topdur.
Diýmeli däl: "Olar bir ýalan gepdir"
Gybat-gürrüňlere gulak gabartsaň.

Daş çyksaň, goňşyňyz hyrlydan atar,
Eý-waý, pyçaklasa, ondanam beter,
Goňşusyndan gorkan daş çykman ýatar,
Gybat-gürrüňlere gulak gabartsaň.

Ýedi gulp astynda iýip nahary,
Gelmez ýaly ol goňşulaň gahary,
Daş çykýamyş goňşyň pýan mahaly,
Gybat-gürrüňlere gulak gabartsaň.

Goňşusyndan gorkup ýüzi solupdyr,
Dostlarynyň ýürek-bagryn dilipdir,
Bazar Guzybaýew şahyr bolupdyr,
Gybat-gürrüňlere gulak gabartsaň.


* * *

GUDRATLY DÖWÜR

Ö.Tejenow

Päkligi asmandan alan damjalar,
Bu ne gudrat, duýman durkam diňdiler.
Pöwhe peşmek deýin asmana galman,
Aşak syrykdylar, ýere siňdiler.

Hojadurdy Haşaýew

Bu ne gudrat, duýman durkam töwerek
Gün ýaşdy-da, basyrnaýdy tümlüge.
Birdenem asmany ýyldyzlar aldy,
Aklym haýran meň-ä şeýle geňlige.

Tüýs bir geň galmaly döwür gelipdir,
Balyklaram diňe suwda ýüzüp ýör.
Gör ahyry, ellerinde ýöremän,
Adamlaram iki aýakda gezip ýör.

Öňler pöwhe peşmek deýin göterlip,
Damjalaram galýady-da asmana.
Tersined-ä indi, şolaram ýere
Siňip durlar.
Üýtgäp ýörmi zamana...


* * *

“GÖZELLIK ŞAHYRY”

B.Gökleňow

Obaň ýeňsesinde, bir el tersine
Edilen iş, gara işe nusgalyk.
Ýatyr bezeg berip ýeriň üstüne
Bir owadan köpek, daňylgy maslyk.

Nädip öldüreňde bolmaýar iti?!
Aryň alyp öldür, öldür keýpine...

Gazanýaz Hümmedow

Obaň ýeňsesinde bir maslyk ýatyr,
Ýatyr bezeg berip ýeriň üstüne.
Owadan köpegiň maslygy özem,
Ysy dagy beýnä urýar dessine.

Nädip öldüreňde bolmaýar iti?!
Artjak bolup durka ýeriň bezegi.
Aryň alyp öldür, öldür keýpine,
Asyp öldür ýa-da gurup duzagy.

Öldüreňsoň, gömjek bolup ýörme-de,
Obaň ýeňsesine okla-da gaýdaý.
Ýüzugra maslyklaň artandygyny
“Gözellik şahyry” Bapba-da aýdaý.


* * *

OSMAN ÖDÄÝEWE DOSTLUK DEGIŞMESI

Kakajan Rejebow

Men birneme uzyn, sen bolsa kelte,
Men birneme ynjyk, sen bolsa gödek.
Men içýän keýpine, sen içseň dawa,
Araçy bolmasa, işimiz çatak.

Men tebigy sada, sen bolsa mekir,
Men birneme garyp, sen bolsa has baý.
Men birneme jomart, sen bolsa gysganç,
Men şonda-da bagtly, sen bolsa gedaý.

Men görmegeý ýigit, sen bolsa bedroý,
Men edep-ekramly, sen bolsa tentek.
Aýalyňy taşlap, çagaňy döküp,
Jelep gözlemäňi goýaňok entek.

Men erkek ýörişli, aýaklam göni,
Sen garga ýörişli, aýaklaň gowky.
Taksa pul bermeli her geleniňde,
Sen meniň başyma düşen bir towky.

Aý, ýeri bolýa-da, bes edäýeýin,
Barybir sen dostum, gitjek ýerim ýok.
Ýogsa, ýene köp zat aýdardym weli,
Dostuňa agyr zat aýtmak bolanok.

* * *

D.Gurbanow

"Gabaklaryň – bulgur,
Gözleriň – şerap..."

Gurban Atajanow

Gabaklaryň – bulgur, gözleriň – şerap,
Ýaňaklaryň alma – zakuska, eý gyz.
Saňa etjek bir sargydym bar meniň:
Arakhora görünmejek bol hergiz!


* * *

A.Atajanow

Bu dünýäň baýlygy erkimde bolsa,
Men saňa bererdim baryny, Gunçam.
Meňki deý söýgini hiç gören däldir,
Eşidenem däldir aşyky-ynsan.

* * *

Görmeklik hakda-ha gürrüňem ýokdur,
Eşdilenem däldir meňki deý söýgi.
Howenäň Adama uçraly bäri
Bolan söýgülerden meňki iň beýgi.

Şeýle bir söýdüm men undup bar zady,
Galaryn öýtmedim adam sanynda.
“Zöhräşke-Tahirçik”, bulaň söýgüsi
Oýunjak ýalydy meňkiň ýanynda.

Togalanyp, çabalanyp söýdüm men,
Söýdüm aşyr atyp, çiň arkan gaýdyp.
Käte bolsa, öňümdäki çorbany
Ýakamdan guýýardym agzymdyr öýdüp.

Bu dünýäň baýlygy erkimde bolsa,
Wah, bilýän söýgimiň böküp geljegin.
Ýöne beýle summa tapdyraýýarmy?!
Ýogsa satdymam-la köwşüm, penjegim.


* * *
Magtymguly

Gelen aş diýp gelmez, turşutmagyl ýüz,
Aşa matäç däldir, söze myhmandyr.

MYHMAN
(degişme)

Ýazjuma Agageldiýew

Ol öýden öý bolmaz myhman gelmese,
Myhmana hemişe gapymyz açyk.
Begenýäň ýörite myhman gelinse,
Saçagňy däl, goýýaň kalbyňy açyp…

Ýöne, dostlar, şeýle myhmanlar eňýä:
Başyňy ýaýkaýaň, dişleýäň hyrçyň.
Hut bazar gezmäge gelendir seňkä,
Bir elinde ganar, egninde – horjun.

Aýalyň aýalyn gezdirmelidir,
Özüňem ýükçüsiň ýanynda onuň.
O dükandan o dükana hars urup,
Ýolda ötürersiň uzynly günüň.

Bilet üçin durup ýakarsyň jany,
Şol hümerdir kassadaky nobatam.
Bu gün sowandyryn öýtseň myhmany,
Ertir ýene ýetip geler obadan.

Şeýdip eliň sowa:r iş-aladadan,
Öňünde myhman dek duýarsyň özüň.
Eý, Pyragy! Nirde diýýän myhmanyň?
Ýa indi gymmaty gaçdymy sözüň...
Категория: Goşgular | Просмотров: 34 | Добавил: Pegas | Теги: Goşgy | Рейтинг: 5.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 2
0
1  
Her bela edip şol gyzlary ýylgyrtmalyda onda)))

0
2  
Ýylgyranda gõkden pul, altyn dôküljek bolsa añsat bolardy ol şahyryñ eklenj-ä. Hezillig-ä olarda bar ekeni

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: