10:47
"Pil" lakamly Hamdiniñ ele salnyşy
"PIL" LAKAMLY HAMDINIÑ ELE SALNYŞY

Stambulyñ howpsuzlyk uprawleniýesinden şu gün ähli welaýatlaryñ uprawleniýelerine şu aşakdaky mazmunltly telegramma iberildi:
"Hamdi Pil" lakamly zandyýaman ogry - ganhor ogry türmeden gaçdy. Otuz bäş ýaşlarynda, uzyn boýly, agramy iki ýüz kilogram, melemtil saçly, üç dişi ýok, ýokarky dişleriniñ azylarynyñ birine plomba goýlan bolmaly, aşaky çep alynky dişi gyzyl bolmaly, çyzmyk-çyzmyk goñur kostýumly, saçy gaty seýrekdir, ýüzi tegelek, gözlerem goýun göz bolmaly. Biziñ iki sany poliseýmiziñ üç gije-gündiz arakesmesiz garawulçylyk çekip, şol sebäplem dik duran ýerlerinde uklandyklaryndan peýdalanyp, jenaýat gizlenmegi başarypdyr. Biziñ geçiren soraglarymyz, barlaglarymyz, agtaryşlarymyz netijesinde Hamdi Piliñ gaçanlygy doly äşgär edildi. Eger-de ol siziñ welaýatyñyzyñ haýsam bolsa bir polisiýa uçastogyna ýa şoña degişli uezdleriñ birine baraýsa, ýa-da polisiýa işgärine haýsydyr bir sprawka ber diýip ýüz tutaýsa, oña biziñ sabyr-takatsyz garaşýandygymyzy aýdyñ. Goý, ol özi üçin haýsy wagty amatly hasap etse, Stambulyñ howpsuzlyk uprawleniýesine gelsin-de elini galdyrsyn. Şu telegrammanyñ ýanyna zandyýaman residiwist "Hamdi Piliñ" suratam goşulýar".

* * *

Welaýatlaryñ biriniñ demir ýol wokzalynda iki sany polisiýa işgäri özara gürrüñleşip durdylar:
- Remezan, doganjygym, ana hol salen içip oturan deýýus hökman Hamdi Pil bolmaly.
- Hmm... Öz-ä meñzemänem duranok. Suratyny al, seredeli.
Beýlekisi jübüsinden bir surat çykaryp, ýoldaşyna görkezýär.
- Dogry aýdýañ! Baýramçylykda aldyran suratym eken-ow. Gowy gerek?
- Aý, ýok, Remezan! Bu seniñ öz suratyñ-la!
- Gaty gowy! Ýeri bolýa, alsana, şo Hamdi Piliñ suratyny, göreli hany.
Remezan jübüsinden bir top surat çykaryp, olaryñ içinden birini saýlap alýar-da:
- Bu, ine, oglumyñ suraty... Gullukdaka ýadygärlik üçin aldyran suraty - diýdi. - Ine, bu bolsa şol, Mahmyt dälmi?
- Şumy? Bolsa bolar... Kontrabandist Duman Aly!
- Bu bolsa "Subhi" otelindäki nejis alaka... Ähli suratlar garym-gatym bolup gidipdir.
- Remezan jan, bol çaltrak, şu Piliñ suratyny gözlesene!
Mahmyt bilen Remezan surat gözläp, garabaşlaryna gaýdylar. Hamdi Piliñ suratyny agtarýardylar.
- Çaltrak bol ahyry, Mahmyt, wagt ýok. O deýýus eýýäm awulygyny içip boldy. Häzir ýoguny çeker.
- Gör onuñ garanjaklaýşyny.
- Tapdym! Ine onuñ suraty! Edil özi, şol.
Bular Hamdi Pildir öýden adamlarynyñ ýanyna geldiler-de:
- Hany, ildeş, birazajyk aýak çek bakaly! - diýdiler.
Poliseýler bir surata, birem bu adama seredýärler.
- Hany, ýakyn dur!
- Aý, ýok, oña meñzänok, Remezan jan!
- Goý, jenap komissaryñ özem bir görsün-dä, onuñ tanaýmagy gaty ahmal, niçik görýäñ?
- Hany, onda ildeş, ýöre bakaly, gitdik! Biz bilen bileje uçastoga gitmeli sen.

* * *

Başga bir welaýatda iki sany poliseý bazarda özara gürleşip durdy.
- Gaty utanç, Şükri gardaş, gaty utanç. Agşama çenli pelesañ urubam Hamdi Pili ele salyp bilmediler.
- Belkem, kim bilýär-ä welin, Hamdi Pil ana, ho bolaýmasyn.
- Bolup biler, gel, sorap göreli.
- Eý jenap, adyñyza kim diýerler?
- Mustafa.
Poliseýler pyşyrdaşdylar:
- "Mustafa" diýýär. Eşitdiñmi - "Mustafa" diýýär.
- Näme ol ýogsa saña "Men şol Hamdi Pildirin!" diýsinmi?
- Hä, olar ýaly adam bizi suwsuz äkidip, suwsuzam getirer.
- Jenap, biziñ bilen gitmegi, hernä, kyn görmersiñiz-dä?

* * *

Welaýatdaky kofehana. Iki sany poliseý biri-birine ýüregini döküşýärler:
- Düýn men üç sany Hamdi Pili tutdum, komissaryñ bolsa, görýäñmi, üçüsine-de göwni ýetmedi.
- Öz komissarymyz bolsa-da, şol monjuk gözläp oturandyr, o beýle, bu beýle, aý garaz iññil-çiññili kän şonuñ. Dogrymy aýdýan.
- Ýuwaş! Ho-ol çaý içip oturan tipe bir äñet!
- Hä, hawa... Edil şol!..
- Meñzeşligine meñzeş welin, dokumentde ol semiz pyýada diýlip görkezilýär ahyry. Bu haýwan bolsa süñk bolup galypdyr.
- Haý, doganjan, süñk bolmanam bir gör! Gaçyp-gizlenip ýörmek añsat işdir öýdýäñmi?
- Onyñ dogry... Ýöne... bu gap-gara, Hamdi Pil bolsa mele adam bolmaly.
- Dag-düz diýmän entär ýörersiñ-de nähili bolaryn öýdýäñ, saçlaram... garalyp gidipdir.
- Dogry aýdýañ, halypa! Ýöne munuñky şar gara hemem gaty gür diýýän-da. Kagyzda bolsa Hamdi Piliñ keliñ saçy ýaly saçy bar diýilýär.
- Tanatmaz ýaly parik geýen bolaýmasyn.
- Ýogsa-da, biz nämä garaşyp durus-a? Myrryhy bahymrak gapjaly-da.
Bular, şeýlelikde, ýañky göz astyna alan adamlarynyñ ýanyna bardylar-da:
- Adyñ kim? - diýip soradylar
- Hamdi diýerler.
Poliseýler biri-biriniñ ýüzüne köp manyly üşerilişip seretdiler-de, hezil edip güldüler.
- Hamdi bolsañ, düş yzymyza, uçastoha barmaly. Bol, bol!
- Ýeri, näme boldy? Düşünmedim, näme üçin men uçastoga barmalymyşym?
- Aý, kän gürleme-de, düş yzymyza. Baranymyzdan soñ görersiñ.

* * *

Ähli welaýatlardaky ençeme kilometre uzalyp gidýän şosse ýollar ýaly şossäniñ ugrunda iki sany poliseý bir geçip barýan ýolagçyny gapjadylar.
- Hany, agzyñy aç bakaly!
- Agzymda hiç zat ýok meniñ.
- Ýok bolsa, nämä gorkýañ, arkaýyn açyber-dä!
Ol adam agzyny açdy. Poliseýler onuñ dişlerine seredýärler.
- Hany, kagyza seredip gör, Piliñ näçe dişi ýetenok diýlip ýazylypdyr? - diýip, olaryñ biri beýlekisinden haýyş edýär.
Ol hem okaýar:
"Üç dişi ýetenok, ýokarky äñindäki azylarynyñ biri plombirlenen, aşaky gyýakda, çepde, gyzyl koronka geýdirlen bolmaly..."
Poliseý ýolagçy adamyñ dişlerini ýeke-ýeke sanaýar:
- Bir, iki, üç... dört... Wah, gymyldamanjyk duraýsana, hawa! Ýalñyşdym! Bir, iki, üç, dört, bäş... Ýigrimi dört sany boldy. Ýigrimi dört dişi bar.
- Ýigrimi dört diýdiñmi? Onda näçesi ýetmeýär? Näçe dişiñ ýetmeýändigini bilýäñmi, hany aýt?
- Sekiz dişim kem bolmaly.
- Gopardyñmy? Bu zaññar tanatmazlyk üçin dişlerini goparypdyr, gör, munuñ mekirdigini.
- Jenap poliseý, ähli dişlerim ýasama ahyryn meniñ. Ýekeje-de öz dişim ýok!
- Hany görsene, kagyzda näme diýlip ýazylypdyr? Ýasama diş hakda ýazylypmy-heý?
- Ýok, ýazylmandyr. Ýatlaryndan çykarandyrlar. Wah, şonuñ özjagazy-la bu, edil özi-dä! Ynan, dost jan, ynan, Piliñ özi bu! Gyýagyna bir äñetsene sen, ine-de altyn koronka! Hany, jenap jan, düş öñe, uçastoga gitdik.
- Nirä-ä?
- Uçastoga! Ýör, ýör!

* * *

Welaýatlaryñ howpsuzlyk uprawleniýelerinden Stambul uprawleniýesine bir günüñ içinde şu hiliräk mazmunly ýüzlerçe telegramma geldi: "Şol hili nometli, pylan wagt iberilen telegrammañyza jogap berýäris:
Biziñ welaýatymyzyñ çäginde on dört sany Hamdi ele salyndy, şolardan on dördüsi çyzmyk-çyzmyk goñur kostýumly, sekiziniñ gyýagynda altyn kolonka bar. Şu sanyñ talaby kanagatlandyrýandygy barada perman bermegiñizi towakga edýäris ýa bolmasa-da ýene gözlegi dowam etmelimi?"

"Şunça nomerli, pylan wagt iberilen telegramma jogap.
Biziñ welaýatymyzyñ çäginde 180 kilogram bilen 220 kilogram agramly iki sany Hamdi Pil ele salyndy. Agramlaryndaky bu tapawut gapynyñ bozulanlygy, dogry çekmeýänligi üçin bolmaly. Olaryñ ikisiniñem gözi goýun göz, olaryñ hökmab şol Hamdi Pildigine doly ynanýarys. Gapjalan myrryhlar etraba ugradyldy. Entek tutulmadyklar jan edip gözlenýär, ele saldygymyz ugradarys, şulary Size habar edýäris. Size hatyra goýmak bilen..."

* * *

Stambulyñ howpsuzlyk uprawleniýesi tarapyndan welaýat uprawleniýelerine şu hili telegramma ýollandy:
"Tussag edilen adamlaryñ ýerleşdirilýän ähli jaýlary süre-sokma doldy. Tutulan Hamdi Pilleriñ sany ýeterlik diýlip ykrar edildi.
Minnetdarlyk bildirýärin we indiki permany eliñize alýançañyz Hamdi Pilleri gözlemegi we tutmagy bes etmehi teklip edýärin".
BELLIK: Türmeden gaçan Hamdi Pil tutuldy.

Eziz NESIN.

Terjime eden: Kemal YKLYMOW.
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 42 | Добавил: Haweran | Теги: Eziz Nesin | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: