15:55
Siz özüñiz barada nähili pikirde bolsañyz, şonuñ ýalysyñyz
SIZ ÖZÜÑIZ BARADA NÄHILI PIKIRDE BOLSAÑYZ, ŞONUÑ ÝALYSYÑYZ

Tabynlygymyzdakylaryň iş babatdaky çemeleşişleri — özümiziň işe çemeleşişimiziň aýnada şöhlelenmesidir. Şuny ýatda saklamak örän möhümdir: ata-enäniň psihologik ýörelgeleriniň çaganyň özüni alyp barşynda şöhlelenişi ýaly, artykmaç taraplarymyz hem, kemter gaýdýan taraplarymyz hem tabynlygymyzdakylaryň özlerini alyp baryşlarynda ýüze çykýandyr.
Entuziazm — üstünlikli adamlaryň umumy sypatydyr. Üns beren bolsaňyz, dükanda satyjylar tarapyndan joşgun bilen tarypy ýetirilýän haryt has gowy ýaraýandyr! Wagyz-nesihatçynyň ýa-da oratoryň sözleriniň auditoriýada oýaly-ukuly halda oturanlaryň gözlerinde uçgun döredişini eşitmek size miýesser edipmidi? Entuziazm — sizi gurşap alanlaryň ählisine ýokuşmaga ukyply bolan duýgy.
Özüňde entuziazmy nädip ösdürip bolar? Ilkinji nobatda, joşgunly halda pikirlenmeli, özüňde dünýäni ruhubelent halda görüşi, «bu ajaýyp, bu 100 göterim maňa gerek zat, men muny durkum bilen goldaýaryn» duýgusyny kemala getirmeli. Ruhubelent halda pikirleniň, şonda ruhubelentlik geler. Işiňize entuziazm bilen çemeleşiň, ruhubelentlik şuglasyny ýaýradyň, şonda siz bu duýgyny kärdeşleriňize we tabynlygyňyzdakylara-da ýokuşdyrarsyňyz.
Eger siz işiňize urşa garaýan ýaly garasaňyz, tabynlygyňyzdakylar mundan näme täsir alarlar? Giç gelip, ir gaýtmak endigine eýlenerler. «Leşgerden» başga nämä garaşjak?
Eger-de siz tabynlygyňyzdakylaryň öz işlerine bolmalysy ýaly çemeleşmeklerini isleýän bolsaňyz, siz işiňize dogry çemeleşmäge borçlusyňyz. Ýolbaşçylaryňyz siziň zähmetiňize tabynlygyňyzdakylaryň işini nähili gurnaýanlygyňyza laýyklykda, onuň mukdar we hil babatdaky netijelerine görä baha keserler.
Siz kimi bölümçe başlyklygyndan bölüm müdirligine çenli ösdürerdiňiz: tabynlygyndakylar ýokary derejede işleýän kişinimi ýa-da ortatap derejede işleýän kişinimi? Siziň pikiriňizçe, seh ýolbaşçylarynyň haýsy gowy işleýär: seh boýunça meýilnamadaky ýumşy ýerine ýetirýän kişimi ýa ýolbaşçylyk edýän sehi yzagalak kişi?
Tabynlygyňyzdakylaryň işini has gowy gurnamakda size delalaty degjek iki sany teklip:
1. Tabynlygyňyzdakylara dogry pikirlenişiň nusgasy bolmak üçin, hemişe öz işiňiz babatda oňyn çemeleşişi görkezip duruň.
2. Her gün işe geleniňizde özüňize sowal beriň: «Men ähli zat babatda öýkünilmäge mynasypmy? Men özümdäki endikleriň ählisini işgärlerimde görmek islärmidim?»
Ruhlanmak üçin günüň dowamynda birnäçe gezek öz-özüňiz bilen söhbet ediň!
Ýakynda men awtomobil söwdagärinden onuň özüniň oýlap tapan täsin bir usulyýeti barada eşitdim. Munuň size-de kömegi deger diýip umyt edýärin. Ol şeýle gürrüň berdi:
— Her gün bolup biläýjek alyjylar bilen telefon arkaly gürleşmäge sarp edýän wagtym iki sagatdan az däldir. Awtomobiliň görkezilişine çagyrmak üçin men olara jaň edýärin. Üç ýyl mundan ozal, ýaňy işe başlan uçurlarym işiň şu bölegi meniň üçin iň kyny ýalydy. Men şeýlebir ýaýdanýardym, tolgunýardym we hemişe sesim ýygra hem ynamsyz çykýandyr öýdüp pikir edýärdim. Düşnükli zat, muny simiň aňrybaşyndaky söhbetdeşlerim hem duýýardylar. Olar: «Sag boluň, maňa awtomobil zerur däl» diýip, trubkany goýýardylar. Her duşenbe güni bölümimiziň menejeri ähli işgärler üçin iş ýygnagyny geçirýär. Şol ýygnaklardan soň men hemişe ruhubelentlik, joşgun duýýardym. Onsoň men beýleki günlere garanyňda, duşenbe günleri synag gezelençleri üçin has köp müşderi çagyrmagyň başardýanlygyna üns berdim. Keçje tarapy, eýýäm ertesi güni şol joşgunly halymdan bütinleý diýen ýaly hiç zat galmaýardy. Şonda men oýa batdym: eger menejer meni ruhlandyryp bilýän bolsa, näme üçin muny meniň özüm hem edip bilmeli dälmişim? Müşderilere jaň etmäge girişmezden öňürti men öz-özüm bilen gürleşmeli diýen karara geldim. Hiç kime hiç zat aýtmazdan, maşynlaryň duran meýdançasyna gitdim, olaryň birine münüp, ornaşdym-da, öz-özüm bilen gürleşmäge başladym. «Men juda oňat işgär — diýip, özüme aýtdym, — men iň ökde awtomobil satyjysy bolaryn. Men ajaýyp maşynlary satýaryn we bähbitli şertnamalary baglaşýaryn. Men täze maşyna juda mätäç bolan adamlara jaň edýärin, men olara tüýs zerur zatlaryny teklip edýärin, onsoň olar maşyny bizden satyn alýarlar». Ilkibaşdan şu zeýilli «awtokuwwatlanyş» örän netijeli boldy. Şondan soň men özümi şeýlebir joşgunly hem ynamly duýdum welin, bolup biläýjek müşderileriň öňünde asla sandyramadym. Gaýtam, tersine, men, mümkingadar, köpräk jaň etmek isleýärdim. Indi men täze maşyna münmek üçin meýdança gitmeýän bolsam-da, häli-häzir hem bu usuly peýdalanýaryn. Müşderä til kakmazdan ozal ajaýyp satyjydygymy, örän oňat netijeleri gazanýandygymy özüme ýatladýaryn. Hakykatda hem hut şeýle-de bolýar.
Şu pursat bilen ideýaňyz size nähili görünýär? Dogrudanam, erbet däl gerek? Ussatlygyň çür başyna çykmak üçin, ilkinji nobatda, eýýäm özüňizi şol belentlikde duran ýaly duýmak zerur. Özüňiz bilen gürleşiň, özüňizi ruhlandyryň, şonda siz güýjüňize gurbat gatylanlygyny syzarsyňyz we özüňizi ähmiýetli duýarsyňyz.
Treninglerimiň birinde men gatnaşyjylaryň ählisinden lideriň rolundaky on minutlyk çykyş taýýarlamaklaryny haýyş etdim. Gatnaşyjylaryň biriniňki beýlekileriň baryndan has ýaramaz çykdy. Onuň dyzlary sandyraýardy, elleri titreýärdi, ol zol-zol aýtmak islän zadyny unudýardy. Bäş-alty minutlap gara kösenç bolup durandan soň, ol umytsyz halda elini salgap goýberdi-de, ýerine geçip oturdy.
Sapak tamamlananyndan soň men ondan ertesi gün 15 minut irräk gelmegini haýyş etdim. Ol ylalaşdy.
Ertesi irden, treninge beýleki gatnaşyjylar gelmänkäler biz düýnki wakany ara alyp maslahatlaşmaga başladyk. Men söhbetdeşimden çykyşynyň öňüsyrasyndaky bäş minutyň dowamynda näme hakda pikir edenligini aňrybaş derejede takyk ýada salmagyny haýyş etdim.
Ol şeýle jogap gaýtardy:
Kellämde diňe gorky bardy. Men lükgeligime samsyklaç görünjekligimi duýýardym. Uly iliň öňünde batga batjakdym. Lideriň adyndan çykyş eder ýaly, ýeri, men kimmişim? Aýtjak zatlarymda ünsümi jemlemäge çytraşdym, emma sözleriň bary serimden uçup gitdi. Men diňe bir zat barada oýlandym: «Häzir masgara bolaryn».
— Ynha, siziň meseläňiziň jogaby — diýip, men oňa aýtdym. — Entek gürlemäge başlamankaňyz, eger şeýle aýtmak mümkin bolsa, siz öz-özüňizi öldir ýaly edip ýenjipsiňiz. Siz şowsuzlyga niýetiňizi düwüpsiňiz. Çykyşyň paşmanlygyna geň galyp oturmak beri gerekmikä? Ruhubelentlige derek siz göwnüňize gorky salypsyňyz. Sapagyň başlamagyna dört minut bar. Men sizden birnäçe minutyň dowamynda öz-özüňiz bilen gürleşmegi, özüňizi ruhlandyrmagy haýyş edýärin. Boş auditoriýa gidiň-de, şol ýerde öz-özüňize şeýle diýiň: «Men ajaýyp söz sözlärin. Men aýtmak isleýän zadymy, diňleýjileriň eşitmegi zerur bolan zady aýdaryn». Bu sözleri joşgun bilen, aňrybaş derejedäki ynamlylyk bilen gaýtalaň. Soňra bolsa dolanyp geliň-de, çykyşyňyzy gaýtalaň.
Wah, siz bu çykyşy diňlän bolsadyňyz we tapawudyny duýan bolsadyňyz! Gysgaça, joşgunly, ynamly haldaky öz-özüň bilen söhbet hakyky gudrat döretdi.
Netije: özüňizi ruhlandyryň, özüňizi taryplaň hem-de hergiz-hergiz özüňizi nalajedeýin halda göz öňüne getiriji bolaýmaň.
Siz özüňiz barada nähili pikirde bolsaňyz, şonuň ýalysyňyz. Özüňiz barada ýygyrak gowy zatlary pikir ediň, şonda siz has ähmiýetli bolarsyňyz.
«Özüňi özüňe satmak» üçin hususy reklamaňyzy oýlap tapyň. Amerikada iň bir meşhur önümleriň biri — «Koka-kola». Her gün siz hemişe bu ady eşidýärsiňiz ýa-da görýärsiňiz. Bu içgini ödürijileriň hemişe ol barada size ýatladyp durmaklary ýönelige däl: olar şeýle etmeklerini bes eden badyna bellibir wagtdan soň siziň ondan sowaşmagyňyz, soňra bolsa «Koka-kola» bütinleý biparh garap, ony satyn almazlygyňyz hem bolup biläýjek zat.
Emma «Koka-kola» kompaniýasy muňa ýol bermez. Ol özüniň içgileri barada size hemişe ýatladyp, ýatladyp we ýene-de bir ýola ýatladyp durýar.
Biz her gün özüni özüne satmagy bes eden ýarymöli haldaky adamlary görýändiris. Olar özleriniň esasy önümine — özlerine biparhdyrlar. Olar üçin boldy-bolmady tapawudy ýokdur. «Men — hiç kim» diýip, olar irginsiz tekrarlaýandyrlar. Olar özlerini ähmiýetsiz halda duýýarlar we hakykatda hem şeýle derejede bolýarlar.

Terjime eden: Orazmyrat MYRADOW.
Категория: Psihologiýa | Просмотров: 35 | Добавил: Haweran | Теги: Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 4.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: