11:56
Söýgim
SÖÝGIM

Aýra düşüp, arman çekip,
Kimler köýdi,men köýmedim.
Emma olañ söýgüsinden,
Men birjigem kem söýmedim.

Dilimde däl, gursagymda,
Señ söýgüñi gizledim men.
Gabanmadym, gaýta hemmäñ,
Gözlerinden gözledim men.

Saña bolan çyn söýgüni,
Görjek bolup didelerden.
Aslynda sen beýik dälmi!?
Didelerden idelerden.

Gujagyna mäkäm gysyp,
Duýgylarmy diñläp ýatan.
Sessizje sözleşip ýören,
Iñ beýik söýgim sen Watan.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 42 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 5.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 8
0
1  
Ajaýyp!

0
2  
,, Aslynda sen beyik dalmi
Didelerden idelerden".
Ylayta-da, shu bentde soz owrumi ussatlyk bn berlipdir.

0
3  
Yone, Gorjek bolup" dal-de,
,, Gorjek boldum didelerden" diylip berlen bolanda sozlem duzush kadalary gownejay bolayjak eken. Emma, shahyryñ oz bilyanem bardyr!

0
4  
Shygyr welin, Watanyñ gadyr-gymmatyny yyly-mylayym akym bn okyjynyñ kalbyna, dogrysy añyna siñdiryar.

0
5  
Shahyr watana bolan ynsan mahir-muhabbetini soyginiñ naybashy hasaplayar.

0
6  
Liriki gahryman ayracylykda watan zaryny cekenleriñ soygisi bn oz soygisini barabar-deñ orunda goyyar. Watandan

0
7  
Dogry bellik agam minnetdar.

0
8  
respect

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: