18:49
"Şu gije men saña ikilik etdim..."
" ŞU GIJE MEN SAŇA IKILIK ETDIM... "

Şu gije men saňa ikilik etdim...
Ýöne utanmadym eden işimden.
Bolşumdan
duýmadym wyždan azaby,
Çünki, sensizligiň etimden geçip
Süňküme ornaşan ajy güzaby
Jyda düşürmänkä akyl-huşumdan
Içip-içip meýin puşmansyzlygyň
Şu gije men saňa ikilik etdim.

Bäh, ilkinji gezek seni unutdym,
Hoşal boldum eşekligmiň joşundan.
Meniň bilen ýassygyny paýlaşan
Zenan bolsa kirpigimden gaşymdan,
Gözlerimiň arasyndan düýrügip
Dişläp-dişläp gulaklarmyň mämesin,
Pişik kimin dyrtmalanda döşümden...
Şu gije men saňa ikilik etdim.

Soň arkamy öwrüp bükülip ýatdym,
Aldym lezzetini biwepalygyň.
Imansyzlaň muny duýaýsa şobat,
Dumly-duşdan atjak myjabatyna
Ýygrylmady seňrigimden başga zat...
...Sebäp, seniň daglap giden jigeriň
Ýoluşdyryp zyňdym-da gan damaryn,
Şu gije men saňa ikilik etdim.

Ha bukulman etdim,
bukulyp etdim.
Şonda şol gözeliň yhlasyn görüp
Duýdum hijem maňa mähir bermäniň.
Eger seni bir gün tutmaly bolsa,
Meniň däl-de, tutsun şonuň yhlasy
Jezasyn çek meň elimde durma:nyň...
Bolsam-da Allanyň öňünde asy
Şu gije men saňa ikilik etdim.
Soň seni hiç haçan ýatlamajagmy
Ýatlanymda öz-özümden hopugyp,
Duýmasam-da wyždanymyň sesini
Ajy gözýaş içre ýykylyp ýatdym
Sebäbi men saňa ikilik etdim!

Has TÜRKMEN
Категория: Goşgular | Просмотров: 98 | Добавил: Raýdaş | Теги: Has TÜRKMEN | Рейтинг: 4.0/3

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 16
0
1  
Ajaýyp goşgy. Okanyňda iniňi tikenekledip goýberýär.

0
2  
Saýdyň açylany gowy bolaýdy. Yogsam bir zadyň kem ýaly bolup dur

0
3  
Saýt ýapylanog-a smile

0
4  
Setirleriñ arasynda, gõzýeterden çuñlukda gizlenip ýatan pikir ideýa "kime dõnüklik etdika" diyip okyyjyny geñirgendirmegi ahmal. Dogurdanam wyždanamy ynsabamy, õz õzüñemi käte şeyle bir düşniksizlik peyda bolya ruhy ahwalyñda. Belki bulam şol yagdayda yazylandyr. Yone gõdegiräk sõzileri azyrak ulansañ-a kemem bolmajak ýaly. sad
Bu goşgynyñ umuman Señ goşgylaryñ tarypyny Didar aganyñ aytmagynda diñlayseñ.."Ajayyp diyip bolmaz ol sõz bärden gaydýar diýýar ol-a

0
5  
Mazaly sayyt ishlap bashlady.Kop gunden bari teli ele alasym gelmedi. Indi bir bokdencsiz ishlawersin.Hosh gorduk,dostlar.

0
6  
Men saýta geçen aýyñ 30-yndan bäri on bäş günläp girip bilmedim. Wpn bilen girip bolýar diýdiler. Işläp başlany şu gün. Bu goşgy bolsa awgustyñ 11-inde goýlupdyr.

0
7  
Garaýolly, aga dogry aýtýaň şu saýt işlemän soň höwesim bolmady ne döredijilik bilen ne maglumat taýýarlamaga höwes bolmady. Indi nesip bolsa höweslenip işläris.

0
8  
Ичим.гысды

0
9  
Йоклай.сайт.ишлемеди

0
10  
Гирип.билмедим

0
11  
Багышлан.гошга.диен.ялам.болайды

0
12  
Yok-la, bilyan-ä saýta diyeniñi. A men bolsa goşga yagşydan-yamandan bir zat diydiresim gelip böwregim bökdi biggrin

0
13  
Petrarkanyň Laurasy, Danteniň Beatriçesi, Puşkiniň Natalýa Gonçarowasy, Magtymgulynyň Meňlisi, Zeliliniň Döndisi, Blogyň "Nätanyş hatyny", Ýeseniniň Aýsedora Dunkany...we beýlekiler, elbetde adaty zenan bolanam bolsa, şahyrlaryň özi üçin megerem ylham joşduryjy ruh (ýunanlylaryň muza diýýäni ýaly) bolýan bolmaly. Biwepalyk etmegem, real dunýädemi ýa-da ruhy älemde?! "To be, or not to be"...

0
14  
Şygryň kyssadan tapawutly tarapam şunda. Kyssanyň tutuş bir abzasda beýan etjek duýgusyny-pikirini ýekeje setirde beýan edip bilýär. Mysal: "Bäh, ilkinji gezek seni unutdym!". Göräýmäge düzülişi, çeperçiligi boýunça bujagaz setirde hiç hili üýtgeşik çylşyrymlylygam, agyr duýgam ýok ýaly. Emma aňyrsyna ýetjek bolup, sökeläp ugrasaň, ýyllar ýatyr ol setiriň astynda. Özem nähili ýyllar, gursagyňa gysymlanyp köz guýlan ýaly gyzgyn güzaply ýyllar. Özem kimi unutmaga synanyşylypdyr?! Ilkinji söýgünimi ýa-da ajap näzenin şekilindäki ylham ruhuny?! Ýa-da belki öz-özüňe oýlanyp tapylyp, hyýalyňda-kalbyňda ýonulyp-taraşlanyp, ýyllarboýy sünnälenip, kämil nepislik derejesine ýetirilen hyýaly yşk näzenininiň täsin jemalynydyr?! Belki-de...
Meniň pikirimçe, matal, pynhan syr islendik esere özüneçekijilik berýär.
Gödek jümleleriň ulanylmagy hakynda aýdylanda bolsa, ýazýan adam edil gapdaly gurally gutulardan doly ussa ýaly bir zat bolýar. Edil ussanyň öňündäki bejerýänini "bejermek" üçin özüne has netijeli guraly saýlap alyşy ýaly, ýazýan hem haýsy "guraly", ýagny haýsy sözi ulananda özüniň beýlekileriň ýüregine ýetiresi gelýän duýgusyny-pikirini has oňat edip ýetirip biljekdigini özi saýlaýar. Aglaba köp ýagdaýlarda-da bu "saýlamak" aň bilenem amala aşyrylmaýar-da, öz-özünden bolup geçýär. Ruslar bu duýga "наитие" diýýärler. Anyk terjimesini agtarmaga ýaltandym. Keçiresiz... smile

0
15  
Dogrusy, şu goşgy ýazyp bilmeýändigimi öz-özümiň öňümde boýun alalym bäri (muňa bolsa takmynan 30 ýyldanam gowrak wagt boldy biggrin ), başarmaýandygymy bilýän zadym barada başym çykýansyrap, geplemegem gaty bir oňlap barmaýaryn. Belki, käbir dili ýitijelerimiz: "hekaýa barada köp nokgy-nokgy edýäň welin, näme onyny başaryp ýatyryn, gözüne gül salyp, süňk edýän diýjek bolýaňmy?" diýmegem ähtimal. Olaryňkam dogry. Pesgöwünsiremeg-ä dä, belki onam başarmagy başarýan däldirin-de, öz göwnüm: "şunyň-a, garaz, biçem bolmady" diýip özümi aldap ýörendir. Gepiň moh-mohunyň juk-jukly ýeri, şonuň üçin, köplenç şygryýet barada öz pikirimi özümde saklamaga çalyşýaryn. Sebäbi käbir ökdeler: "Göreniňe at dakyp ýörme-de hany, özüň goşgyň gowusyny ýazyp görkez-dä" diýäýdigi, onda fsýo, işiň gaýdyp galýa.  :D. Ýöne goşgy gowy çykypdyr.
Ýene-de bellemeli bir ýagdaý, bu goşgyny adminleriň biriniň ýazany üçin dä bolmaly bi aýdýanym smile . Blogyň we Maýakowskiýniň äheňleri bar. Gündogar heňleriniň garnuwynda. Gurbannazar neresse-de özüniň Puşkin bilen Lermontowy sepläp, oňa-da gündogar äheňini çaýmakçydygyny öwran-öwran agzaýan ekeni. Lermontowam Puşkin bilen Baýrony seplemäge ymtylýandygyny nygtapdyr. Puşkinem Gündogar şygryýetini, Gurhany-Kerimiň aýatlaryny Wolteriň setirleri beýan edişinde rus halk heňlerine ýugrup bermäge çytraşypdyr.

0
16  
Diyseñiz diymeseñiz Mayakowskiniñ, Jan Yuceliñ Küçük Isgenderiñ gõdekligi, Lermantowyñ, Blogyñ joşgyny ylham guýýan bolmaly şuñ ruhy ylham badasyna. ))

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: