10:41
Şükür kyldym.
Ak säherde şygyr düzip,
Örenime şükür kyldym.
Sag-salamat munda gezip,
Ýörenime şükür kyldym.

Her pursatda geregime,
Saçagymda çöregime,
Ýitirenmiñ deregine,
Bereniñe şükür kyldym.

Bu ýollar uzakdan gaýdan,
Kem etmediñ hiç bir paýdan,
Çyn wepany söwer ýardan,
Görenime şükür kyldym.

Egismäge her bir derdim,
Şükür Alla,zürýat berdiñ,
Öý-owzarym halal zerden,
Guranyma şükür kyldym.

Şükür bilen atdy dañym,
Uzakda ýañlandy ýañym,
Hiç däl eken,munda soñum,
Keremiñe şükür kyldym.

Gyzylgül Annagylyjowa.
Категория: Goşgular | Просмотров: 229 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Gyzylgül Annagylyjowa | Рейтинг: 2.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 1
0
1  
Akgynly hem juda manyly ýazylypdyr. Galamyñyz ýiti bolsun!

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: