14:45
Täleý
TÄLEÝ

"Alnyñdan çykan ala ýylan, çal-da biliñe guşa"
Halk sözünden.


Alnymdan çykdy bir ýylan,
Çalyp guşandym bilime.
Maña çyndyr, size ýalan,
Badak atyp ol dilime
Çakdy.

Durmuş bilen oýun etdim,
Utulanym boýna alman.
Bili guşap göreş tutdum,
A, ol bolsa oýna salman
Ýykdy.

Ýalñyşdyrdy aýny wagtym,
Wah, bilsem-de ederlermi.
Ölmänkäler, gara bagtym,
Gara ýere pederlermi
Sokdy.

Yşk mülküni ýykan gende,
Bisähet gündr tapyşan.
Şor mañlaýdan çykan bende
Arassa syrta ýapyşan
Pohdy.

Gözel SARLY gyzy.
Категория: Goşgular | Просмотров: 58 | Добавил: Haweran | Теги: Gözel Amangulyýewa | Рейтинг: 4.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 3
0
1  
Örän ajaýyp

0
2  
Gowy goshgy.

0
3  
beýleki goşgulardan üýtgeşik,her topbagiň soňy,ýani jemlemesi üýtgeşik.Öň okamandim book book respect angel

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: