12:51
Türkmeniñ ruhy

TÜRKMENIÑ RUHY *

Türkmen halky ägirt uly mana eýe bolan Garaşsyzlyk we Bitaraplyk diýen düşünjeleri özüniñ bütin durky bilen kabul etmegi başardy. Pikir edip otursak, sowet totalitarizmi diñe bir türkmen halkynyñ ykdysadyýetine düýpli zyýan ýetirmän, eýsem, onuñ ruhy köklerine talañ salypdy. Türkmen halky gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan däp-dessurlaryny, edim-gylymlaryny berjaý edip bilmezdi, hatda ynsan şu ýagty jahan bilen hoşlaşyp, bakyýete gidende-de, hawa, hut şeýle ýagdaýda hem ony dini kada-kanunlar bilen zemine duwlamak hyllallady. Wezipeliräk dagy bolsañ-a, onda hasam çetindi. Totalitar sistemanyñ täze ýörelgeleri bilen, hamala, köne, zyýanly diýilýän däp-dessurlaryñ çaknyşygyny, ana, şonda görersiñ. Türkmençiligiñ däp-dessurlary öz möwritini ötüren zyýanly zatlar hökmünde ýazgarylypdy. BOŞ GÜRLEMEK, GOPBAMSYLYK, GÖRIPÇILIK ýaly halkymyza ýat bolan häsiýetler türkmenleriñ arasyna ornaşyp ugrapdy. Eger-de biz geçmişe nazar aýlasak, onda türkmeniñ gepiniñ iki çykan wagtyna duş gelmeklik örän kyn bolsa gerek. Taryhyñ gatlaryndan gözbaş alyp gaýdýan edebi mirasymyzda, ýöne ýere "Iki dilli biwepadan dön göwnüm" diýilmeýär. Bu diñe aşyk-magşuk arasyndaky ahwalaty añlatman, umuman, adamzat gatnaşygynyñ hem gyşarnyksyz ýörelgeleri bolupdyr. Dilinde bir zat diýip, ýüreginde bolsa başga perdeden gopýan adamlardan türkmen afa çekeräk durupdyr. Magtymguly şahyr aýtmyşlaýyn:

"Agzy gülýän, kalby bozuk namarda,
Gardaş olma, ýyrak eýle özüñni"

diýen pähimden ugur alypdyrlar. Umuman, ýurtda hiç hiki ýuridik kanunlaryñ hereket etmeýän wagtynda, diñe adamynyñ sözüne ynanylypdyr. Türkmen adamsynyñ öz sözünde tapylmagy bolsa, onuñ şahsyýet hökmünde mertebesini beýgeldipdir.
Gökdepe urşunda öz ýurduny iñ soñky demine çenli basybalyjylardan gorajakdyklaryna Gurhandan ant içen türkmenler ahyryna çenli öz lebizlerinde durupdyrlar. Bu söweşde olar ýeñilse-de, döwrüniñ iñ kämil ýaraglary bilen ýaraglanan rus goşunlaryna berk gaýtawul berip bilipdir. Şeýdip, halkyñ ady dünýäniñ çar künjüne ýaýrapdy. Gökdepe urşunda öz ildeşlerini duşmana söweşe ruhlandyryjylaryñ biri Gurbanmyrat işandyr. Şeýle namysjañ adamyñ ruhy bolsa, türkmeniñ añyndan hiç wagt çykmaýar. Uzak ýyllar höküm süren sowetler döwletiniñ imansyzlary şol synmaz ruhy halkyñ añyndan aýyrmak üçin işan aga sürtüp bilen garasyny sürtüpdi. Gurbanmyrat işanyñ mazaryna hemaýatdyr, medet diläp zyýarata gelýän adamlara bolsa, keramatly işanyñ ruhunyñ kömek eden gezegi az bolmandy.

■ Ene-atalar nirä seredýär?

Biziñ baş maksatlarymyzyñ biri öz sözünden dänmeýän, halal lebizli, halal ýaşap bilýän ýaş nesli kemala getirmekden ybarat bolmalydyr. Biziñ entek hem ownukçyllyk, gybatkeşlik, göripçilik, birek-biregiñ üstünden arz edip, ýürek bulaýjy şyltaklar aýtmak ýaly nogsanlyklardan saplanyp bilmändigimizi boýun almagymyz gerek. Adamyñ mertebesini peseldýän, ony ownukçyl görkezýän şular ýaly nogsanlyklaryñ zyýany hakynda öwüt-ündew edilip durulsa gowy bolardy. Biziñ içki we daşky gözelligimiziñ jebis baglanyşygynyñ bolmalydygyna üns berilse gowy boljak. Elbetde, her bir adamyñ islendik eşigi geýmäge haky bar. Ýöne, käbir türkmen gyzlary saçlaryny kesip, gaşlaryny ütüp, dyzlaryndan ýokarsyny zordan ýapýan kelte egin-eşikler bilen gapdalyñdan geçende, özüñi juda oñaýsyz ýagdaýda duýýañ. Magtymguly atamyzyñ aýdyşy ýaly:

"Güler ýüzli ýaryñ hiç görki bolmaz,
Syýa zülp, gara göz, gaşdan aýrylsa".

"Ýeri, aýdaly, gyzlar-a moda kowalaşýar diýeli, eýsem olaryñ ene-atalary nirä seredýärkä?" diýip, oýlananyñy duýman galýarsyñ.
Türkmen gelin-gyzlary asyrlar dowamynda öz elleriniñ hünäri bilen maşgala girdeji getiripdirler. Gözelligiñ el hünärlerinden çykan çykan, gözüñ ýagyny iýip barýan türkmen halylarymyzy dolan Eneçeper ýaly är gaýratly zenanlarymyz öz halylary bilen ýow gaýtarypdyrlar. Şeýle zenanlary geçmişde türkmen dünýä baýlygyna deñäpdir. Hany, şol mähriban zenanlardan gelýän belent ruh, sap ruhy ýodalar?! Olar ýitip gitdimi?! Ýok, olar bar. Häzir hem guwanmaga, buýsanmaga gelin-gyzlarymyz ýetik. Ýöne ýeñil eklenji pişe edinen ýek-tük ýaşlarymyz bu mukaddeslige kembaha garaýarlar. Häzirki döwürde işlemek isleýän adama ähli mümkinçilikler bar. Halal işläp baýamaklyga hiç kim garşy däl. Ýöne ol gazanylan baýlyk biziñ halal zähmetimiziñ hasabyna bolsa ýagşy. "Türkmene haram ýokmaz" diýen parasatly söze kiçi dilden bärde däl-de, ýürekden uýsak, bu ýagdaýlaryñ hem soñuna tiz çykylardy.

■ Türkmeniñ ruhy ýaşlara bagly

Häzirki döwürde türkmeniñ ruhy köp babatda ýaş nesle bagly bolup durýar. Ýaş nesil özüniñ ene dilinde gürleýändigine buýsanmalydyr. Bolmasa, öz ene dilinde kemally gürläp bilmeýän "ýewropalaşan" oglan-gyzlary göreniñde, nebsiñ-janyñ agyrýar. Özem şu ýagdaý şäher terbiýesini alan ýaşlarda köp duş gelýär. Sähel bahana tapynsa, rusça (ýa türkçe) gürlänini kem görmeýän adamda, türkmeniñ ruhy kemala gelermikä? Şu meselede ene-atanyñ, mugallymlaryñ aýratyn tagallasynyñ, göreldesiniñ gerekdigi öz-özünden düşnüklidir. Türkmen döwletiniñ ýañy ýörjen-ýörjen bolup ugran döwürlerinde dil garaşsyzlygyny gazanmak babatda örän uly ädim ädildi, ýagny, türkmen diline döwlet statusy berildi. Indi oýlanyp otursak, hakyky türkmen ruhuny kemala getirmek baradaky şu günlerki aladalaryñ esasy ugurlarynyñ başy şol günlerden başlanan eken. Öz ene dilini bilmeýän, oña hormat goýmaýan adamda türkmen ruhunyñ, türkmençilik diýilýän zadyñ bolmajakdygy şol wagt paýhas eleginden geçirilipdir. Hiç bir kagyzsyz, arassa türkmen dilinde geplemek çykyş etmek ýaly häsiýetleri çagalarda, ýaşlarda kemala getirmek döwrümiziñ iñ wajyp meseleleriniñ biri. Çagalar baglaryndan başlap, türkmen dilinde arassa gürlemek, öz pikiriñi dogry we düşnükli beýan etmek sapaklary yzygiderli, hakyky manysynda geçirilse oñat boljak. Bolmasa çaga gürlemäni köp ýagdaýlarda köçeden (ýa daşary ýurt telekanallaryndan) öwrenmeli bolýar. Bu bolsa diliñ başdan harlanylmagyna, ýoýulmagyna sebäp bolýan ýagdaýlara eltýär. 

■ Çagalar baglarynda, mekdeplerde çagalary milli ruhda terbiýelemek meselesi

Eýsem, milli ruh diýen düşünjäni nähili kemala getirip boljak? Bu kyn wezipäni ýerine ýetirmek üçin biz ýene-de halkymyzyñ taryhyna ýüzlenmeli bolýarys. Geçmişde eneler öz çagalaryny sallançakda hüwdülänlerinde, oña türkmeniñ ruhuny guýup ugrapdyrlar. Hüwdülerde aýdylýan:

- Meniñ balam ýaşynda,
Telpegi bar başynda,
Balama bir öý tutuñ,
Atasy öýüniñ duşunda,
Gapysyny galaýydan,
Serpigi daraýydan,
Eziz balam, huwwa-huw! -

- ýaly bentlerde türkmen kalbyna mahsus arzuwlar edilýär. Şol ruha eýlenen çaga öz ene dilinde dil çykarypdyr. Çagasyny näçe eziz görse-de, köplenç özbaşdak ýumuş tabşyryp, ony kän bir aýap durmandyr. Şeýlelikde, oglan-gyzlar kiçiliginden zähmete bekäp, ekerançylykdan, maldarçylykdan we gaýry hünärlerden baş çykaryp bilipdirler. "Ýigide müñ dürli hünär hem azdyr" diýen pähimden ugur alan ata-babalarymyzyñ özboluşly mekdebini geçen çagalara ulalansoñ, ene-atanyñ kesbini dowam etmek kyn bolmandyr.

■ Çörege goýulýan sarpa

Oýlanyp otursañ, türkmende çörege goýulýan sarpa hem aýratyndyr. Uzak hem hatarly ýola gidýän ýolagçynyñ ýanyna ýoldaş hökmünde çörek salnypdyr. Bu däp il arasynda şu güne çenli ýaşap ýör. Hudaýa şükür, häzirki döwürde bugdaý nana açlyk çekýän ýok. Ýöne "Aşyny aýan aşa ýeter, donuny aýan toýa" diýen pähimi-de unutmaly däl. Ähli zadyñ gözbaşy bolan çörege aýawly garamaly, oňa mukaddes zat hökmünde sarpa goýmaly.

■ Çagany nähili terbiýelemeli?

Elbetde, çagany nähili terbiýelemelidigi hakynda belli bir galyplary salgy bermek çetin. Ýöne durmuşymyzda çaga terbiýesine giñden orun bermelidigi öz-özünden düşnükli. Mekdep ~ türkmen oglan-gyzlarynyñ şahsyýet hökmünde kemala gelmeginiñ ilkinji basgançagy. Mekdeplerde okaýan okuwçylar özleriniñ türkmendigine buýsanmalydyrlar. Türkmen dili, edebiýaty, taryhy ýaly dersler öwredilende, milli ruhuñ bolmagyna aýratyn üns berilmeli. Biz pikirimizi käbir mysallar bilen berkitmekçi bolýarys. Goñşy Azerbaýjan döwletiniñ alymlary baryp Soýuz döwründe "Gorkut ata" eposynyñ boýlaryny çagalar üçin taýýarlapdylar. Oñat suratlar bilen bezelen, çaganyñ añyna ýetäýjek sada sözler bilen şular ýaly kitapçalary (ýöne ýönekeý adamlar satyn alyp biler ýaly elýeterli bahadan!) biz hem çykaryp biljek ahyry. Türk doganlarymyzyñ telewizorda görkezilen "Bugaç han Derse han oglunyñ boýy" boýunça döreden multfilmine diñe çagalar-a däl, ulular hem höwes bilen tomaşa eden bolsa gerek. Şular ýaly eserleri türkmen alymlarynyñam, ýazyjy-şahyrlarynyñam, hudožnikleriniñem, (režissýorlarynyñam) körpelere sowgat edip biljekdik(ler)ine doly ynanýarys.
Häzirki wagtdaky mekdep programmasy boýunça türkmen edebiýaty, taryhy sapaklary 4-nji klasdan başlap öwrenilýär. Biziñ pikirimizçe, şu dersleri has irräk öwrenilmäge girişilse gowy boljak. Sebäbi ilki bilen türkmen dili, türkmen edebiýaty, Türkmenistanyñ taryhy dersleriniñ üsti bilen türkmen ruhy kemala gelýär. Bu işe biz näçe ir girişsek şonça gowy. Döwür bizden tijenmegi talap edýär. Indi owalky ýaly: "Bu zatlara türkmen çagasynyñ akyly ýetmez" diýen ýaly bahanalaryñ däl-de, anyk işleri zamany geldi. Türkmeniñ Magtymguly ýaly akyldar ogullarynyñ kimdigini çagalar mekdep ýaşyna çenli bilse ýagşy. Mekdepde hünär öwredilende, beýleki hünärler bilen birlikde, dutar ussasy, zergärçilik, içmekçi, telpekçi ýaly türkmeniñ gadymy hünärleri öwredilse, milli hünärmentleriñ sanynyñ artmagyna ýardam ederdi. Ýöne her bir öñýeten, kalbynda türkmen ruhy bolmadyk, halkyñ diline, dinine, däp-dessuryna hormat goýup bilmedik adamyñ bular boýunça sapak bermäge moral hukugy ýokdur. Bu ugurdan ýaşlara bilim bermeklik ol ýa-da beýleki pedagogik kollektiwiñ maslahatynda ara alnyp maslahatlaşylsa, ýagny, bilimi, dil biliş derejesi, durmuş tejribesi ýeterlik bolan, kollektiwde hormatlanýan, sözüne pitiwa edilýän, hatda daş görnüşi taýdan hem nusga bolup biljek adama ynanylsa has gowy boljak.
Halkyñ milli ruhy bir günde ýa-da bir ýylda kemala gelýän zat däl. Ony döretmek iññe bilen guýy gazandan enaýy däl. Her bir adam: "Mende, meniñ çagalarymda türkmen ruhy barmy?" diýen ýeñil bolmadyk soragy özüne berip görmelidir. 

Atamyrat GARAÝEW,
Atabaý NAZAROW,
filologiýa ylymlarynyñ kandidatlary.

____________________________________
* Makala kem-käsleýin gysgaldylyp alyndy.

# edebiyatwesungat

Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 251 | Добавил: Has | Теги: Atamyrat Garaýew | Рейтинг: 4.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 21
0
1  
Agarta sag bol buňa meňzeş makalalary okamagymyza sebäp bolýanyň üçin. Bu saýtda bular ýaly makalarar bolmanda 100 üň 50 ni tutýan bolsa gowy bolardy. Diýjek bolýanym herbir adam buňa meňzeş meseleler hakynda pikir edip ýörseler jemgyýetmizde türkmençilik birazam bolsa ýörgünli bolardy. Emma gynansakda biziň (umumy milleti göz öňünde tutýan) köpümiz bu meseleler hakynda pikir etmekdenem gorkýas, birden "türkmençilik" gelerde biz ýene "yzagalak" halk bolarys diýip. Bunu men ýöne ýerden diýemok, köp adamlar bilen oturyşyp pikir alyşylyp gelen netijäm we ÖZ PIKIRIM. Meň bu makala üçin ýazjak ýorumlarym kän ýöne ýekeje bir zat aýdyp besetmekçi, ýogsam maňa "sen dini pikir bilen aýdýaň" diýýänler tapylaýýa. Ynha aýda biri toý ýa sadaka bir üýşmek edýä. Senem aýdylaňsoň barýaň. Köplenç indi çadyrlar gurulýa. Senem iliň giren ýerine girip oturýaň. Ýaş gyzlar (emma boýy ýeten uly gyzlar) saçagyň üstüne dürli dümen zatlary çekýärler, bezäp goýýarlar. Seredýäň biriniňem başynda ýaglyk ýa başdaňy birzat ýok. Saçlarynyň öni hüžžerip dur. Soň nahar çekilýä, bismilläh diýip başlaýaň. Göwnüň isläp duzly zatlara el uzadýaň alýaň. Görseň uzyn bi aýal gyz saçy çykýa. Horon adam bolsaň aýryp iýibermeli, emma öňem kemişdä bolsaň bolan işdäňem kesilýä we nahardan çekilýäň. Indi aýdaly: şu gyzlar başlaryna ýaglyk daňynmaly, ene-atalar şuň üstünde berk durmaly-diýilse bu dini garaýyş bilen pikiriňi aýtmak bolýamy. Biziň TÜRKMENÇILIGIMIZDE başy açyk gezmeklik barmy?

0
2  
Saçyng taryha dal, dyrnak bolekleri cykmasa hezil et diysene biggrin

0
3  
19 84. dogry belleýäň, oturtma dyrnaklary ýa reňki gopup tabagyňdan çyksada geň görüp boljak däl.
Bu makalada başgada gaty derwaýys meseleler agzalyp geçilipdir. Bu aýdylan meseleleriň biziň içimizde şeýle berk we çal ornaşmagynyň ASYL SEBÄBI nämedenkä? Kim aýdyp berjek.

0
4  
Goysañyzlañ howw, şolañam arassaçylygam sizçe bardyr-lay, halysam diymeli diyseler gözüni çykaryañyz

0
5  
Şirwan biraz edepliräk söz ulansaň gowy bolar.
"goýsaňyzlaňhow" diýmeklikden "sen kimaý" diýen many çykaryp bolýa. Seň ýaşyň menden ulam bolsa kiçem bolsa aýyplaşma, bu ýerde her kim bir tema hakynda öz pikirini aýdýa. Senem öz pikiriňi aýt, ýöne haýbat atyp aýtma. Seň diýşiň ýaly olar belki bizden has arassadyr, ýöne bizem görýän zadymyzy aýdýas.

0
6  
Sen kagyz ýaly arassa bolsañam başyñ açyk bolsa tagama başdaky gyl gaçyp biler...Saç başda näçe gözel bolsada,düşensoñ onda-da tagama düşse añryñy bärik getirýän ýagdaý.Şoñ üçinem zenan maşgala tagam taýýarlanda başyny ýapmagy arassaçylygyñ iñ esasy ýagdaýy.

0
7  
Ýene bir ýagdaý...Toýlarda erkek kişileñ oturan otaglarynda,çadyrlarynda gyz-gelinleñ hyzmat etmegi dogry däl.Sebäbi köpüñ üýşen ýerinde ýagşy gözem,ýaman gözem ýetikdir.Türkmençiligiñ birinji nusgasy bolsa zenan maşgalasyny ýaman gözden goramakdyr...

0
8  
Bärakallah Gumly gelneje. Sen uçup barýan guşuň edil gözünden urduň. Meniň aýtmak isläp ýören zatdymy sen aýtdyň. Dogrusyny aýtsak biz şolar ýaly ýerlerde oturamyzda gyz gelinler hyzmat etmese gowy görýäs. Tüweleme oglanlar etigä hyzmata.
Şular ýaly makalalara siz ýaly aýal-gyzlaryň goşulyşyp ýorum ýazmaklygy iň dorusy bolar, emma näme üçindir goşulyşyberýän ýok. Biziň jemgyetimiz ownap gidip barýarka başga näme hakynda gürrüň etsegem onymyz bi ýöne göwün aldama bolar. Gaýrat ediň şular ýaly gürrüňlere goşulşyň . Asyl bu saýty döredilmeginiň sebäbi hem bu Türkmen jemgyýetimiziň nogsanlyklaryny (gynansakda bar) ýetmezçiliklerini, türkmençiligi ýitirmezligi, ata-babalarymyzyň şanly-şöhratly geçmişini ýatlap we öwrenmekligi maksat edinmeýämikä?

0
9  
Gynansagam oña derek köp ýaşlar türk seriallarnyñ täsiri bilen ýaşanyny has gowy görýär Oguzhan aga.Biz bärde türkmenćilik hakda gürrüñ etsek,muña döwürden yza galaklyk diýip düşünýänlerem kän.Ýurdumyzda talyplañ,mekdep okuwçylarnyñ egin-eşiklerniñ belli bir forma salynmagy milli egin-eşiklermişiñ täzeden janlanmagna getirdi.Ýogsam ,baryñ,näme geýseñiz geýiberiñ diýen bolsadylar.Millilikden çala sudur galardy.
Arada Soltan Sanjara zyýarata gidip galañ beýik ýerine çykyp ser saldym.Şonda bir pursat göz ýumup,bir mahalky gülläp ösen Merwi göz öñümde janlandyrdym.Buýsanmakdan ýaña damagym doldy.
Diñe Soltan Sanjaryñ mowzaleýiniñ özem biziñ ata-babalarmyzyñ şan-şohradynyñ,ösen medeniýetiniñ subutnasa bolup bilýärkä,özge ýurtlañ medeniýetine öýkünjek bolmagy menä utanç saýýan...

0
10  
*Subutnama

0
11  
Dogry aýdýaň Gumly gelneje, menä özüm çagalara şol seriallary görmegi gadagan edýän, diňe Ärtogrulň kä bir serýalary ýada täzelikler görüň diýýän. Mekdep formasam gaty gowy zat
, ýöne birää şol köýnekler endama syrlaşyp duran bolmasa, ýenede beden terbiýesi bahanasy bilen gyz çagalara erkek eşigini geýdimekligi meň pikirimçe ýalňyş.
Zyýaratyňyzam kabul bolsun Soltan Sanjar atamyza we beýlekilere.
Biz (dogrusy obamyz) Soltan Sanjaryň nesli bolýas diýen rowaýat gürrüň bar. Bilemok dogrymy nädogrymy, şo gürrüň hakynda gözlgde bizem.

0
12  
Oguzhan aga...rowaýat bolsa añyrsynda hökman bir zat bardyr.Soltan Sanjaryñ nesilleri hakdaky gürrüñler haýsy oba degişlikä.Bilesim geldi.

0
13  
Howwa belki aňyrsynda bir hakykat ýatanam bolsa belli däl, gözleýäs özä. O gürrüňleriň haýsy oba degişlidigini şeýle aýdaýyn. Meniň bir 30 bentlik "türkmenlere köp salam" diýen ýeketäk goşgym bar, sonuň iňsoňky setirini aýdaýyn, şondan düşünersiňiz.

-Şu ýerde meniňem gutarýar sözüm,
Utamyş, Bagşy, Daşaýak özüm,
Ýatlasam ýaşdan dolýandyr gözüm,
Gökdepäniň şehitlerne köp salam.

0
14  
Bizde şeýle gürrüň bar.
Garadaşaýak, Akdaşaýak, Sotanyz bular Soltan Sanjaryň nesli, Burkazlar bolsa Soltan Sanjaryň Mämmetsapa diýen inisiniň nesli diýýäler. Akdaşaýak Soltn Sanjaryň peri aýalyndan bolan diýýäler. Bu gürrüňleriň aňyrsynda nämeler ýatyr bilemok. Özümçeräk biraz derňäp gördüm.
1. Eýranly Abdyrahman teňli tana diýen ahunyň bir düzen şejeresi bar. Şonda şeýle bir ýeri bar.
Melik şa- soltan Sanjar mazy - Firuz şa - Akmelek -Garamelek -Gara mazy - we bundanam dört adam--Taşaýak, Ýaşaýak, Soltanazyz, Ilmelek.
Ilmelegi bilmedim ýöne beýleki üçüsi häzir ady bilen bar ýaly bolup dur. Tejen Mary gapdalda Soltonyz-Sotnazyz, ahalda Tejen we Maryda Taşaýak-daşaýak we Ýaşaýak-(kiçisi, ýaşy kiçi bolany) Akdaşaýak bar.
Soltan Sanjaryň Muhammet Tapar diýen agasymy ýa inisimi kitaplarda ady bar. Tapar-sözüni arapça "si" harpy bilen ýazsaň "ti" harp bilen tapawudy ekeje nokat bolýa . 3 nokat goýsaňa "s" bolýa, 2 nokat goýsaňam "t" bolýa. Bar diýeli "si" harpyň bir nokady düşenmişin. Şony "si
s" bilen Sapar diýip okasalyň. Türkmençilikde Muhammet adyny gysgaldyp "Mämmet, Mehmet, Mamed, Mommat ýa Hommat diýip tutýarlar.
Sapar diýen ady-da "Sapa, Sapby" diýen köçe adyny goýýarlar. Indi: Muhammedi gysgaldyp--Mämmet, Saparam--Sapa diýsek onda Mämmetsapa bolýa. Burkazlaram şu Mämmetsapadan gaýdýa diýen gürrüň bar. Bular entek taryhçylaryň derňewine mätäç gürrüňler.

0
15  
Oguzhan aga dogry.Öwrenilmän ýatan taryhymyz gaty kän...

0
16  
Howwa Gumly gelneje, entekler öwrenilmel taryhymyz we şahsyýetimiz kän. Öwrenmeli diýemde şeýle bir zat ýadyma düşdi.
Keýmir kör atmyzam biziň obamyzdan. Biz ýç-dört ýaşuly bolup Balkan Maňgyşlak tarapa Keýmir aganyň guburyny gözläp ýedi gezek giip gözlp soraşdyryp geldik. Şu ýaşulylaryň birä Keýmiriň sekizinji arkasy, birem Keýmir agaň Emir diýen agasynyň nesli. Şulaň biri golýazmalar instudyna baryp "Keýmir kör hakynda näme ýazgylar bar sizde" diýip sorapdyr (özüni tanyşdyrandan soň). Şo ýeriniň ikinjisi (orunbasary) bolup oturan adam "Keýmir kör bolup geçen adammy ýa fantaziýamy" diýipdir. Ara başlygy goşulyp biraz gatyrganypdyr.
Umuman diýjek bolýanym biziň taryhy öwrenmeli taryhçylarymyzyňam birentegi näbileýindä.
Iki ýyl öň obamyzda Baýly şahyry ýatlap uly bir sadaka we ýazyjy şahyrlaram çagyryp çärede geçirildi. Baýly şahyr Akdaşaýagyň kör tiresinden. Keými kör gyzyl tiresinden.

0
17  
Oguzhan agam görýän welin sizde diñlemäge gyzykly gürrüñler juda kän.Ýetirip duruñ.Diñlemek biz bilen.
Ümür Esen biziñ mugallymymyzdy.Gürrüñlerini hezil edip diñlärdik.Elbetde siziñem gürrüñleriñiz mirasymyza degişli,juda gerekli gerekli gürrüñler.

0
18  
Gumly gelneje bizde bir kän gürrüň ýokdur, nämede bolsa eşidenmizden aýdyp durarys.
Ümür Esen pahyr bilen ölmazinden bir aýrak öň ýany öz obamyzda hälki aýdan ýaşulylarmyzda oturuşmak nesip etdi. Şonda üýşip otyrys kileň şahyrmada ýazyjy, mirasgär (Sapargeldi Hanowam bar) . Gürrüň gyzdy taryha geçildi. Ärsary baba barada gitdi. Şonda bizem bir ýerine goşulmaly boldy. Men aýtdym: Ärsary baba hakyndaky ýukajyk kitapda şeýle bir setir bar, Ugurjyk alpyň tartymy. -"Kylyjym syrdym bilekşemde kuýy kazdym" diýýä. Şony şu günüň türkmençesine geçiren (sol kitabyň awtory) şeýle ýazypdyr. "Gylyjym syryp bilim egdim guýy gazdym" diýýä. Menem oturanlara aýtdym: bu ýerede bir nädürslik bar. Bu setirde bilini egip (nädip diýen sorag) guýy gazanyny dälde, bilekşemde (nirede diýen sorag) guýy gazanyny aýdýa. Meň bilýänim Türkmenistanda iki ýerde Baleýşem diýen ýer (oba) bar. Birä Balkanda birem gaýrada gum içinde Kürtüş atadan 15-20 kmlikde. Özi hem şol gaýradaky Uzboýuň köne hanasynyň bir ýeriniň egrelýän ýerinde (bili egrelýä). Men aýtdym şol "bilekşem" diýmeklik baleýşem sözüne öwrülen bolaýmasyn- diýdim welin pahyr Ümür aga ýassyga ýaplanyp ýatan ýerinden öhh etdide zöwwe dikeläýdi ynha bize gerek adam diýip. Aý garaz soň maňa Ahaldaky bir elim (kömekçim) bol diýdi, menem sypaýyçylyk bilen başarman diýip etmedim. Pahyryň 40-na baryp gaýtdyk.

0
19  
Salawmaleýkim. Golýazmalar institutynyň öňki-soňky orunbasarlarynyň -Keýmir kör bolup geçen adammy ýa fantaziýamy- diýendigine düýbünden ynanjak däl, ýaşuly, men-ä.

0
20  
Wealeýkum essalam. Edebiýatçy 5066 sen dogry aýdýaň, şoňa menem ynanjakdäl. Men kellämiň gyzgynyna başga zat ýazypdyryn. ●golýazmakar instudunyň orunbasarlaryndanam we beýleki hemme işgärlerindenem we saýtyň agza we myhmanlaryndan menden aýyp görmezliklerini towakga edýän, bir ýalňyşlyk gidipdir.
Men taryh intitudy diýip ýazjakdym. Şol institudyň so döwürdäki orunbasary bolmaly. Eger kim şuny barlap görmek islese men şol Keýmir körüň nesliniň telefon belgisini berip biljek, özünden soraýmaly.
Ýene bi gezek ötünç soraýan hemmäňizden.

0
21  
teswirler juda gyzykly eken smile

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: