09:35
Türmede düýş
TÜRMEDE DÜÝŞ

Düýşümde ýanyma gyzym geldi-de
Saçlarymy sypaşdyrdy, darady.
- Ah, atajan, kän gezdiñ! - diýp güldi-de,
Gözlerime mähir bilen garady.

Şatlygymdan aljyrap hem mesirgäp,
Bagryma men mäkäm gysdym gyzymy.
Söýgiñ, mähriñ duýgysyndan esirgäp,
Bir az salym unudypdym özümi.

Şondan soñra çykyp gitdik meýdana,
Gujaklady bizi güller deñizi.
Ömür süýji, söýgi - ýakymly jana,
Gör nähili ýagty, erkin - ýer ýüzi!..

Oýandym men, görsem şol öñki türme,
Gollarymda öñki urlan bukowlar.
Baş ujumda öñki gaýgy, - geñ görme,
Ynha oýanar diýp garap dur olar.

Ah, näm üçin ymsyndyryp köýdürýär,
Hiç haçan dolanyp gelmejek ýazym?
Şatlygy diñe bir düýşler duýdurýar,
Näm üçin tükenmez gaýgym, azabym?!

sentýabr, 1943 ý.

Terjime eden: Berdi KERBABAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 60 | Добавил: Haweran | Теги: Musa Jelil | Рейтинг: 4.5/4

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 2
0
1  
Gowy goshgy. Jismi bendiwan bendaniñ oz yakynlary didarlashmak islegi duysh dunyasiniñ hakykaty bilen beyan edilyar.

0
2  
Yureginiñ bir bolegi bolan perzendiniñ mylayym, nurana keshbi liriki gahrymanyñ isleg-umydyna goshulup, oña teselli beryar. Arman, duysh dunyasiniñ cakli serhedi real hakykatyñ bosagasyna yakyn dur. Ukydan oyanysh prosesi oña yene gam-gussany tikenli cemen edip bermage shaylanyp dur.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: