16:35
Übtüjekler / kinniwanja kyssajyklar - Ganym dostlar
Iki sany ýegre dost bar.
Iýeni aýry gitmeýän.
Özlerem aram-aram biri-biriniňkä görme-görşe barýarlar.
Çünki ysnyşykly aşnalygyň dessury şeýle.
Ýene-de bir, dünýe döräli bäri dowam edip gelýän däp, Keý-Kowusyň müň ýyl mundan ozal aýdyp ötüşi ýaly, adam pahyr özüniň iň gymmatly zadyny iň eý görýän ynsanyna güjeňläp, mazaly magtanasy gelýär.
Byradarlaryň haýsy haýsynyňka barsa-da, öý eýesi myhmanyny hojalygyna birlaý aýlap, soňky gabatlaşanlaryndan bäri öz melleginde näme üýtgeşiklik bolan bolsa ýekän-ýekän görkezýär.
“Içiň ýansyn, bile begeneli” diýen ýaly edip…
Bu günem ýarany ýanyna mesaýy söhbete gelen beýleki dost – öý eýesi, onuň baryna-ýoguna garaman, ony ilki bilen melleginiň aýagujuna alyp gitdi-de, täze satyn alan sygryny görkezdi.
-Ine, gardaşym,-diýibem, sygryň taktiki-tehniki görkezijilerini, süýjüdip birme-bir sanamaga başlady:
-Gumda hususy telekeçileriň bileleşip açan täze malhanasyndan satyn aldyk.
Ýeriň ýüzünde iň süýtlek hem etlek şwed tohumy bilen biziň yssy howa şertlerine çydamly ýerli tohumymyz çakyşdyrylyp, alnan täze görnüşi, bu!
Süýdi dagy, ýerli tohum her sagylanda bäş-on litr berýän bolsa, munuňkyny sagmaga bedre tapmak gaýgy bolaýýan ekeni.
Her sagylanda goňşulardan boş gap diläp ýörmek gara görgi bolaýýar.
Özem, baý-bu-u-w, bahasyny dagy sen sorama menem aýtmaýyn.
Ýöne degýä, dostum, gaty degýä.
“Huruşlyk bakynaýyn” diýseňem, alty aý baksaň agramy tas tonnadan agyberýämiş…
Ony ünsli diňläp duran dosty, dostunyň bu söwdada utandygyna begenjinden ýaňa ýüzüni şadyýan kürşerdip, zoraýakdan, yşnaksyz ýylgyrdy:
-Berekella dostum,-diýip, köne hemdemini goldamaga howlukdy:
-Sen bar-a, şü bize garanyňda, tüweleme, ýaman alarman-ýolarman-how!
Şü söwda diýlen zatda özüň çürkemeseň çürketmiýäň!
Äý hawa-da, çagakaňam şeýlediň-le, senjagaz, dostum!
Ýadyňa düşýärmi, alty-ýedi ýaşymyzda öýmüzde bolanja çüýşäni tabşyryp, “düýt-düýt” garagurumçydan horazsüýji alynýardyk.
Şonda-da, galk-gulk özüňkini dişläp-döwüp, çeýnäp gutarýardyň-da, soňam: “birje gezek ýalap göreýin ýa-da ýaladasyň gelmese-de çalaja dilimi degrip göreýin, dost” diýip, üzeňňimden üç geçip, men türkana çagaňam jürüni dikipler aňňalak gapdyrýardyň-a?!
Hä, dostum?!-diýende-de ol kellesiniň gyzyp, sesini birneme gataldyp, biraz öterek geçip barýandygyny duýdy.
Bada-badam özüni erkini ele almaga ýetişdi-de, aýdýan zatlaryny degişmä ýazdyrmakdan ötri, gelişse-gelişmese:
-He-he-he…edip gülen boldy.
Öý eýesem söwer gardaşynyň ýagdaýyna belet bolandygy üçin, islemese-de onuň gülküsine ýasama kikirdi bilen goşuldy:
-Hi-hi-hi…
Dagy nähili bolsun?!
Ýürekdeşleriň hut şeýle, iň bir owunjak zatlarda-da ýürekleriniň sazlaşykly deň urýandygy üçinem olara ýürekdeş diýilýär ahyry…
Sygry synlap bolup, yzlaryna aýlananlarynda-da, dosty, sygryň eýesiniň göwnüni götermek üçin, onuň maly barada aňrybaşy maglumatlary oklap galdy:
-Tüweleme, eýmenç gowy sygyr ekeni.
Tüýs tohum mal diýilýäni.
Özlerem günde şeýlebir ummasyz iým iýýärmiş welin, öňüne guýan zadyňy, edil ýöne çekirtge çozan ekine dönderäýýärmiş.
Süýdüni satyp gazananyňam gara bokurdagyna-da ýetmeýärmiş.
Bakyp semretseňem etiniň muzdy iki essä düşýärmiş.
Dogrusy, ýüzläp baş mala niýetlenen uly malhanaly daýhan hojalyklarda, agyr meýdanlarda elin iým ýetişdirip, bakyp-sagyp idi-yssywat etmäge öte bijaý amatly bolsa-da, ýekebara hojalykda, iýminem satyn alyp, mal edinmekçi bolan bende ahyrsoňunda batyp galaýýarmyş.
Şoň üçribem munuň ýaly ýuwdarhany öz eli bilenjik boýnuna sokydaş eden akmaga, tüýs ýöne haýpyň gelip goýaýmalymyka diýýän. Hä, dostum?!
Gulaklaryny üşerdip dostunyň aýdýanlaryny ünsli diňläp gelýän öý eýesiniň ýüzi boz-ýaz bolýar. Emma, ol munuň ýaly göwnaçyk gürrüňlere werziş edip gidendigi sebäpli, derrew keşbiniň kürşügi ýazylýar.
Ýüzi ýagtylýar.
Dostunyň sözlerini tassyklamaga howlugýar:
-Hawa-aý, dostum. Ýagşy sözleriňem, peýdaly maglumatlaryň üçinem taňryýalkasyn-aý, senini!
Şü men seniň heran-haçanam meniň agyma deň aglaşyp, gülkime-de deň-derman gülüşýän, çyn dostdugyňy bilýärdim-le.
Bu meniň sygrym bolsa, edil seniň hol arada, uly ogluň saňa geňeşmän, zat etmän satyn alan, ýigrimi ýyl dagy mundan ozal ýasalan ulagy ýaly, juda jüpüne düşäýen zat boldy-da!
Tüweleme, şol ulagyňam, siz üçin gaty haýyrlyja zat boldy. Ýohha-da,-diýip ol, öňünden ýöräp barýan dostunyň yzyndan haýdap ýetýär-de, gapdallaşýar. Indiki aýtjagynyň oňa neneňsi täsir etjekdigini görüp galmak mümkinçiligini edinenden soňam, sözüni säginen ýerinden dowam etdirýär:-ol janaweriňiziň henizem şo-o-ol hepdede bir gezek weýrany çykyp döwlüp, ussa äkidip ýörülişimi?! Ýa, indi halys ussasy duşup, on günden bir gezek dagy doňup galýan derejä geçdimi?! Özüý-ä siz üçin ýaman nepagaly zat boldy-ow, şonyňyzam…
Şeýdibem iki sany ganym dost, biri-biriniň halyndan içgin habar alyşyp, ýöreşip gelýärler…
Ýaşaşyp gelýärler…
Näme üçin beýle?!
Kim bilýär, belki dessury şeýledir, bu dünýäniň…
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 140 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: