10:41
Übtüjekler / kinniwanja kyssalar - Wysal
…Ruhullanyň ýaşyna ýetende alty ýaşyndan bäri gijeler düýşünde, gündizler huşunda görüp ýören yhlasy wysal boldy.
Ulag edindi.
Ap-akja.
Täp-täzeje.
Heniz kürsüleriniň şykyrdawuk örtgüsem aýrylmadyk.
Heniz bamperlerindäki sary ýag yzlaram düzüwli süpürilmedik.
“Toýota-korolla”.
Begenjinden ýaňa guş kibi uçaýjak bolup, işiginde keserdip goýdy.
Ejesi bilen aýaly özünden beter.
Çagalary hemmesinden beter.
Ejesi: “ak zat alnyňa ýagşy” diýip, köneden gelýän dessury berjaý kylmakçy bolýar welin, onuň elindäki gysym unuň aýnasyna sepilmegine-de dözmeýär ulagyny.
Eýýäm öz ýanyndan özüçe at hem goýdy, oňa.
Akguş.
Dagy näme?!
Oňa tarap seredýär-de, gözlerini ýumýar welin, çarpaýa galyp kişňeýän, ýumurtga deýin juw-akja gunan bedew göz öňünde janlanýar…
Ölüpler, dilenipler, arzuw edipler, öz agzyndanam, çagalarynyň agzyndanam kesipler toplap-toplap, jemläp-jemläp, teňňesini teňňesine ýabşyryplar ýetdi ahyry, bu eýjejik Akguşuna.
Çärýek asyrdanam gowrak wagtlap arzuwlany ahyry, bu janawer!
Çagalykda deň-duşlarynyň kimsiniň şahyr, kimsiniň kosmonawt, ýene-de biriniň alym, beýlekisiniň sport ussady, başgasynyň ussa, ondan buýanky galanlarynyň başlyk bolasy gelýärdi.
Onuň bolsa ýeriň ýüzünde ýeke arzuwy – öz başyna ulag edinmekdi.
“Atdyr ýigidiň ýoldaşy”, “At ýigidiň ganaty” diýmeýärlermi?!
Bu türkmeniň ganynda bar ahyry, bedew atly bolmagy küýsemek…
Bu hem ilk-ä şol döwürleriň naýbaşy ulagy – gyzyl altynjyly bolmagy, çaga ýüregi bilen şeýlebir küýseýärdi welin, hiç çaky-çeni ýokdy.
Edil obanyň merkezi dükanynyň, il arasynda “zawmag” diýip pyşyrdyly hormat bilen atlandyrylýan müdiriniň kelpeň oglunyňky ýaly, daş-töwereginiň aýnalary tutuşlygyna hüýt-gara edilip, gözedürtme garaňkylyga beslenen, pomidor gyzyl reňkli altynjyda, magnitofonyny “güpbüň-güpbüň” etdirip, ulagyň öň tarapky gapdal aýnasyndan tirsegini çykaryp, köçelerde iki ýaňa jort atyp aýlanasy gelýärdi…
Soň döwür üýtgäp, gyzyl “jüwlüniň” modasy ötüp, onuň ornuny badamjan reňk “dokuzynjy” eýelände-de onuň arzuwy üýtgemedi. Ýene-de özüniň beýleki deň-duşlary ýaly söwdagär, telekeçi, firmaç ýa-da başlyk bolmaga hyýal etmän, çagalyk yhlasyna wepaly bolup galdy.
Diňe indi gyzyl altynjyly däl-de “baklajan dokuzynjyly” bolmagy küýsedi.
Arzuwynyň närsesi üýtgese-de mazmuny öňküligine galdy.
Soň badamjan reňkli, tomzak pisintli dokuzynjam, hemme geldi-geçer zatlar ýaly, jyzlanyňka çalymdaş möwritini ötürip, il-günüň hakydasyndan yzsyz-tozsuz ýitip gidenden soň, onuň ornuna syýareňk opeller ýörgünli boldy.
Munuňam arzuwy şol boldy.
Opelden soň halkyň ýüreginiň ak ýagyny ezip içmek gezegi dest dolandyryşy üýtgedilen toýotalara geçende bolsa, onuň ejesi-kakasy eýýäm, bir tarapdan-a tapan ýerlerinden karz alyp, beýleki tarapdanam boýy ýeten gyzy baryň özlerine deňeçärrekleriniň gapysyny kakyp, ony gözli-başly etmegiň aladasynda ser-sepil bolup ýördüler.
Şonda-da ol, kakasy bilen ejesiniň: “galyňa, toýa başyny başlamak üçin-ä şujagaz gönezlik bolýa, ondan galamasynam Hudaý ýetirer-dä!” diýip ýygnap-ýygşyranjalaryny öz ýanyndan çopan hasaby bilen hasaplapdy-da, hiç kese aýtman jigerinde besläp ýören çagalyk arzuwyny ömründe ilkinji gezek diline alypdy.
“Kaka! Eje! Bu wagt öýlenmäge howlukmaýlyň-da, maňa maşşyn alaýalyň-la! Hä?! Jygyllykda ýaman gowjasam, ylaýyjak bahadan ba ekeni. Ruly dagam gaty ykjamja edip geçirilipdir. Eliňizdäkiň üstüne sähelçe karz alsak, şap ýetjek özem?!” diýip, bir-ä käbesiniň ýüzüne, birem kyblasynyň ýüzüne seredip, naýynjar delmiripdi.
Şonda-da kakasy onuň ýüregindäkä düşünmekden-ä geçen, gaýta al-petinden alypdy.
Kakasynyň şonda hem gatyrganyp, hem zeýrenip janyndan syzdyryşy, entegem gulagyndan gidenok…
…Görüň-ä bi köpeý ogluny!
Serediň-ä bu eşşek ataly gurrumsaga!
Sen-eý, diýmäýin diýsemiň gopdygaýmagy, nämeler kepläp otyň-ow?!
Biz-ä muňa heleý äkeljek bolup janserek!
Bü mazgisiz meýnisini gurçuk iýenem: “Heleý gerekgä, maşşyn äberiň!” diýip zarynlap ýatyr!
Haý akmagyň biri, heýem bir heleý bilen maşşyny deňäp bomy?!
Häk, ýaş bolýaň-da, diýmäýin diýsemiň gopdygaýmagy!
Özüňde mazgi bolmasa, onna, sen ogul, bi kellesine taýak degenrägem bolsa, seňkä görä hop ýagşyrak meýnili dädeňi diňle!
Men saňa elinjek düşündireýin nämäň nämedigini!
Bi bilip goýgunyň, ýeriň ýüzünde heleý ýaly gowy zat ýokdur!
Hiç bir maşşyn heleýiň bilen deň bolup bilmiýä!
Munuň hakykatdanam şeýledigini men saňa özge birinden öwrenip ýa-da okap özleşdirip däl-de, hut özjagazymyň başymdan geçiripler toplanja tejribämden aýdýan.
Olam oglum bolansoň zynharlaýan.
Keseki biri dagy bolsaň munuň ýaly akmak kepiň üçin haram tüýümi-de gymyldatmaýan men, biler bolsaň, han ogul!
Ine öýereli, onnoň herniçe meýniňde mazgiň ýok bolsa-da, dura-bara özüňem magat-laýyk göz ýetirersiň, heýç bir maşşynyň saňa heleýiň edýän hyzmatyny edip bilmejekdigine…
Şonda kakasynyň käýinçli öwüt-nesihatyndan soň ol bu dünýäde islendik arzuwyňy amala aşyrmak üçin täk-tenha özüň jepa çekäýmeseň, hiç kimiň saňa “alma biş agzyma düş” edip bermejekdigine bijaý gowy akyl ýetiripdi.
Öýlenenine bir hepde geçip-geçmänkä-de, arzuwyny amal etmegiň ugruna çykypdy. Pugta dişini gysyp, zähmetdenem, ylgamakdanam gaçman, öýli-işikli bolanynyň on birinji ýylynda yhlasyny myrat tapdyrmagyň hötdesinden gelipdi…
Indem howlularynda keserip duran Akguşunyň daşyndan eli akja mytgally aýlanyp ýörüşine, dylym-dylym erni bir ýere gelmän, guwanyp-begenip aňyrsyna çykyp bilmeýärdi.
Ulagyň daşyndaky göze görünmeýän tozan-çaňy, göýä Akguşunyň “wawwasy” bar ýaly edip, ony ynjytmajak bolýan dek, emaý bilen mytgalyny ýöredip süpürýärdi.
Arasynda-da säginýärdi-de, eli depder-galamly yzyndan galman gowadaklap ýören bäş ýaşlyja körpesine, kagyzyň ýüzüne “gutly bolsun” diýip ýazmagy öwredýärdi.
Ojagaz, yhlaslylykdan ýaňa dilini çykaryp, heniz galama eli öwrenişmändigi sebäpli çaýşyk-çuýşuk basma harplar bilen, “gu-o-t-u-ly bi-o-l-si-un” diýip ýazanda-da, hamana ogly eýýäm, dünýäde görlüp-eşidilmedik ylmy açyş edene dönüp, keýpiçaglyk bilen loh-loh gülýärdi.
Ulagyny üç-dört gaýra gaýym süpürenden soňam, şol keýpi köklügi bilen öýe birmeýdan çaý süzmäge girdi.
Çaýy, gapdalynyň şekelad-süýjüsi bilen eýýäm haçan taýýar edilip goýlan.
Per ýassygy goltuk astyna dartyp, keýwanysy bilenem dyzlaşa-dyzlaşa, derçiräp çaý süzmäge gyşardy.
Işi şowuna adamlaryň söhbetem süýji.
Onda-ha oldugyny, munda-da buldugyny aýdyşyp är-aýal ikisi mazaly guşluk çaýyny edindiler.
Soň tämiz desmala alyn derini sylyp daş çykdy.
Işikden ätlän dessine-de Akguşunyň böwrüne gözi düşüp, Lut şährinde Hak gazabyna duçar bolup duz tokgasyna öwrülen günähli bendä dönäýdi.
Täp-täzeje ulagyň ap-akja böwründe, gyşyk-çaýşyk basma harpda çüý bilen dyrnalyp, up-ullakan edilip: “GU-O-T-U-LY BI-O-L-SI-UN!!!” diýlip ýazylgy dur…
“Me saňa! Öl ölýän bolsaň!” diýen ýaly…
Haýp saňa çärýek asyrlap edilen arzuw!
Haýp saňa şu yhlasy wysal etmek üçin, teňňäňi sanap, her jinnegiňi özüňden gysganylyp, kösenilip ötülen günler, hepdeler, aýlar, ýyllar…
Haýp siziň baryňyza!
Ol näme edip näme goýjagyny bilmän, bir pursatda süňňüni dolduran lapykeçlikden ýaňa, içinden sütüni sogrulan çadyryň eplik-ýaplyk bolşy deýin, lampa aşak çökäýdi.
Eli bilen saçyny penjeledi.
Kimdir birinden haraý isleýän dek, çar ýanyna gözlerini alakjadanda-da, ulagyň yzky gapysynyň ýanynda gysymjygynda çüý saklap duran körpesini gördi.
Ýeňsesi “jaslap”, gyzyp gitdi.
Gany depesine urdy.
Zyňlyp ýerinden galaga-da, onuň gulagyndan penjeläsi geldi.
Özünem: “Näme beýtdiň? Näme üçin beýtdiň diýýän men saňa?! Keple!” diýip, iki ýana bulap-siltäp…
Birdenem oguljygynyň eden işine gorkudanmy ýa-da özüniň şeýle manysyz işi edenini şu wagt gören dek geň galmakdanmy tes-tegelek bolup, peträp duran garaja gözjagazlaryna gözi düşdi-de, bady gaýtdy.
Pyssardy.
-Gel hany, oglum! Gorkma!-diýdi-de gyryljak ses bilen pyşyrdap körpesini ýanyna çagyrdy.
Oglanjyk henizem çüýüni gysymlap durşuna, gorka-gorka ýanyna geldi.
Bagryna basdy.
Süýrdepesiniň gün yslyja saçyndan ysgady.
Soňam ahmyrdan hem gynanmakdan dolup duran gözlerini böwri çyzym-çyzym ulagyna tarap aýlanda, birhili gözüniň öňünden duman syrylan ýaly bolaýdy.
Dört sany teker.
Aýnaly gapylar.
Demir gapyrjak.
Bamper.
Çyra…
Şunuň üçin dagam şunça ýyl arzuw edip, ýetip bilmän kösenip gezipdirin…
Wah, topragam bir başyňa seniň, zaňňar!...
Tekerli demir gapyrjagyň yhlasy bilen keselläp, şunça ýyllap bolup ýörüşiň bilen seniň!
Haý, beýnisini gurçuk iýen, akmak!
Muňa “Akguş” diýen bolup!
Muny adam ýaly apalap-söýen bolup…
Ol megerem, entegem özüniň çärýek asyrlap albaýa çapan göwnüni içinden kötekläp kän oturardy welin, gujagyndaky körpesi dillenäýdi:
-Kaka?!
-Hümm…
-Indi meni ýazanym üçin urjakmy?!
-Ýok oglum,-diýip ol, oglunyň alkymyndan ysgady:-Häzir ussa äkideris-de düzetdireris. Ýöne indikile beýtmegin, bomy?!
Oglanjyk baş atdy.
Olar turdular-da, mündüler...
Akguşa-da däl.
Çärýek asyra çeken arzuwyň wysalyna-da däl.
Adaty bir ulaga…
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 79 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 0.0/0

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: