17:07
Übtüjekler / kinniwanja kyssalar - Ýylgyryş
...-Yrzalaşyp bir gal, gelneje! Sogrulyp barýar!-diýdi-de, lukman dälizden gartaşan zenany demini sanap ýatan hassanyň ýanyna çagyrdy.
Aýaklaryny saňňyl-saňňyl etdirip zenan, syrkawyň ýatyş sekisiniň gapdalyndaky oturgyja mejalsyz göwresini goýberdi.
Saralyp-saralyp, derisi köne kagyza dönen arryjak elini emaý bilen gysdy.
Ýarym-ýaş bolup aglamaga-da maý ýok.
Geplemäge-de mümkinçiligi…
Bokurdagynda düwnük çişi dörändigi sebäpli, soňky iki aý bäri gepläbem bilmeýär…
Ysgyny barka-ha, diýesi gelýänini kagyza çyrşap berýärdi welin, bu mahal-a oňa-da haly ýok…
Diňe gözlerini balk-balk etdirip, şo-o-ol seredip ýatyr…
Gorkam ýok, olar-da, ahmyr-armanam…
Diňe mähirden püre-pür…
Yrňyldap dur…
Birdenem zenan özüniň gysymlaýan elinde nämedir bir zadyň bardygyny duýdy.
Hassanyň aýasyny açdy.
Sähelçejik kagyz bölejigi…
Gyssanyp açdy-da, körmüş gözlerine golaýlatdy.
Gözüni ümezledýän gözýaş perdesiniň aňyrsyndan kagyz bölejigine ýazylan ýazgyny daşyndan pyşyrdap okady:
-Gözleriňde özümi görýän…
Ýylgyrdy…
Kyrk ýyl mundan ozal, ýaş gelinkä her gün işden gelende şeýle diýip degşerdi…
Syrkawam ýylgyrdy…
Jan berdi…
Olary synlap duran lukman: “Ýylgyrybam ölüp bolýan ekeni” diýip, içinden geň galdy…
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 68 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 11
0
1  
Bähh ...

0
2  
Bukowskide bir söz bardy: "Jynsy gatnaşyk - aýdym aýdyp durkañ ölümiñ syrtyndan basmak" diýip...
Şony ýatlatdy. Barybir öljek bolsak ölüme bu durmuşda aýdyma gygyra-gygyra, ölümiñ haýykdyryjy gözüniñ içine bakyp ýylgyra-ýylgyra giden ýagşy...

0
3  
Ýaşuly ýazyjymyz Nazar Geldiýewiňkimikä diýýän, eger-de ýalňyşmaýan bolsam, "Sekizýabyň mukamy" diýip powestimi ýa-da romanymy bardy. Şonuň baş gahrymanlarynyň biriniň ejesiniň kim näme diýse: "Şony diýsene!" diýip gaýtalamak endigi bardy. biggrin

0
4  
Anyk ýadyma düşmeýär welin ýa ýapon samuraýlarynyň ýa-da wikingleriň bir aýtgysy bar: "Ölüm ýok, sebäbi men dirikäm-ä ol ýok, sebäbi men diri, men ölenimden soňam men ýok, diýmek meniň üçin ölüm ýok" diýene çalymdaş.

0
5  
N.Geldiyewiñ "Ot-yalnyñ içinde" atly romany nämuçindir uruş ýyllary hakynda yazylan iñ gowy roman yaly. Belkäm Nazar aganyñ janly şayady bolan ganly söweşlerinden alnan sýužetleriñ ussatlyk bilen işleyanligi üçindir. Ýa-da çagalyk ýyllarymda ilkinji okan romanym bolanlygy üçindir.. Faşizmiñ aýylgançlygyny ähli zalymlygy bilen gorkezyan başga şeyle kämil eser bardyram öydemok men-ä (temadan daşlaşdymam welin, N.Geldiyew diyeñde yazman durup bolmady).

0
6  
"Ädigimiň ýoly" hem gowy eser. Ýalňyşmasam Ýagmyr Pirgulyýewiňkimikä diýýärin.

0
7  
Bukowskiýniň bolsa şu jümlesi hasam ýiti: "25 ýaşda islendik adam hakdan içen (geniý) bolup bilýär. Ýöne 50 ýaşda munuň üçin näme-de bolsa bir zatlar etmeli" biggrin

0
8  
Adigimin yoly N.Saryhanowynky bolmaly

0
9  
Äý ýok, Nurmyrat Saryhanowyň powest-ä bolmaly däl, ol powest. Ýaraly ýagdaýda partizanlaryň arasyna düşýän türkmen esgeri baradady. Özem tokaýlyk, edilýän kömek-goldaw barada juda gyzykly ýazylandy. Şu wagt özümde ýok şol kitap. Ýogsa anyk aýdardym.

0
10  
Адигимин.йолы.Назар.гелдиевинки

0
11  
Bolup biler menem anyk bilemok agam mekdepde gecen yalydyk

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: