23:41
Üçe bölünen hazyna / erteki
ÜÇE BÖLÜNEN HAZYNA

Gadym zamanlarda bir etrapda naýbaşy ussa ýaşapdyr. Ol daýhanlary orakdyr kätmen, halyçy zenanlary keserdir darak, gerçek ýigitleri gylyçdyr naýza bilen birkemsiz şaýlap, üpjün edýär eken. Öý-ojagy gyşky odunlyk agaçlar bilen özi üpjün eder eken. Gün-güzeranyny halal zähmeti bilen dolandyrýan ussa sebitde Sahyt ady bilen tanalýan eken.
Gyş günleriniň birinde ol agaç töňňürtgelerini ýygnamak üçin düýeli çöle gidipdir. Odunlyk agaç ýygnap ýadansoň garbanmak üçin gojaman sazagyň düýbüne geçende ol ýerde dört gulakly, syrçalanan bir hum görünip ýatyr eken.
“ Megerem, ip zamanlarda bukulyp goýlan, häzir bolsa onuň üstüni ýel-ýagmyr azan bolsa gerek” diýipdir—de, humuň düýbüni gazyp zordan bir gyra çykarypdyr. Her niçik bolanda ussa ussalygyna galýar. Ahyrsoňunda Sahyt ussa humuň agzyny açmak başardypdyr. Hum altyn, kümüş teňňelerden, gymmatbaha daşlardan doly eken. Beýle baýlygy ussa heniz görmänsoň “Indi näme etsemkäm?” diýip, oýlanýar eken.
Sahyt ussa tapyndyny düýä ýükläp oba gelipdir. Soň obanyň kethudasynyň ýanyna baryp:
-- Çölden tapylan hazynany mätäçlik çekýänlere bagyş etsek niçik bolar -- diýip maslahat sorapdyr.
Şeýlelikde, olar “Hazynany üçe bölmeli” diýen karara gelipdirler. Onuň bir bölegini Sahyt ussa alypdyr. Ikinji bölegi haýyr--sahawat üçin goýlupdyr. Üçünji bölegine bolsa metjit gurlypdyr.
Категория: Ertekiler | Просмотров: 151 | Добавил: Şahymerdan | Теги: Şahymerdan Sary ogly | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 0
Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: