12:02
Ýalynly ýyllaryñ hekaýaty / nowella
ÝALYNLY ÝYLLARYŇ HEKAÝATY

1942-nji ýyl...
Ýurduň günbatarynda uruş barýardy.
Şol günleriň birinde Mary demirýol ulgamynyň ussasy Halmyrat garaşylmadyk ýagdaýda, ýedi-sekiz aý mundan ozal, Aşgabatda lukmançylyk institutynda okap ýören ýerinden öz aýaly bilen arza berip, urşa giden ýegeni Rahmanyň gelninden telegramma aldy.
«...Daýy, men ýegeniňiz Rahmanyň maşgalasy — Amansoltan. Men sanitar otlusynda ýaralylary alyp barýan. Iki-üç gündenem biziň otlymyz Marynyň üstünden geçmeli. Size bir uly haýyşym bar, gaýrat edip, gaýynenemi öňümden çykaryp, wokzalda ony meniň bilen duşuryň. Oňa meniň juda zerur möhümim bar».
Garaşylmadyk telegramma ilkibaşda Halmyrady özüne dürli ümürli sowallar berdirip, biraz üýşendiren hem bolsa, soňra bu hoş habar ony begendirdi. Şundan soňam ol haýal etmän bu haýyşy ýerine ýetirmegiň, gelindir gaýynenäni duşurmagyň ugruna çykdy. Menzilde işleýän öz tanaýan adamlaryndan, şol otlynyň haçan gelýänini bilip, olardan öňräginden habarly etmeklerini sorady.
Rahmanyň ejesi Halmyradyň özünden uly aýal doganydy. Olar şäher etegindäki obalaryň birinde ýaşaýardylar. Bir ýyldan gowrak mundan ozal ýegeni Rahmanyň halaşýan gyzy bilen durmuş toýlary-da obada bolupdy. Rahmanyň gelni Amansoltan ýaşlykda ene-atasyndan jyda düşüp, mekdep-internatynda terbiýelenen ekeni. Gaýyn-gelniň topragy bir ýerden diýleni bolup, Amansoltan öýe gelensoň, özüniň soňraky ykbalyny baglan ojagy bilen tiz imrinişip, telwaslydan-yhlasly gelne öwrülipdi. Gaýynenesini ejesi hökmünde görüp, onuň bilen ysnyşypdy.
Kümüş hem öýüne yhlasly, sarpaly gelinli bolanlygyna begenip-buýsanyp, muňa iki bolup bilmändi.
Ýegenidir gelni Amansoltan Halmyratlar bilen hem gadyrly gatnaşykda bolupdylar. Olar her gezek oba gelip-gidenlerinde, onuň öýünden ugrap gidipdiler. Halmyradyň özi-de ýegeni Rahmandyr gelni ikisiniň iki ýerden, hä diýmän ile gerekli lukmanlar bolup ýetişjekdiklerini pikir edip, olara guwanyp-buýsanyp gezýärdi.
...Rahman uruşdan ýazan ilkinji hatynda gelni Amansoltanyň hem özi bilen bir goşun bölüminiň gospitalyndadygyny habar beren-de bolsa, biraz soňraky hatynda gelniniň başga bir bölüme geçirilendigini, ýöne käýarym ondanam habar alyp durmaga mümkinçiliginiň bolýanlygyny ýazypdy.
Uruşdan gelen üçünji hat bolsa Rahmanyň söweş meýdanynda gahrymanlarça wepat bolanyny habar berýän resmi hat bolupdy. Şondan bäri gelindenem hiç hili hat-habar ýokdy. Kümüş şondan şu güne çenli: «Oglum-a beýle boldy, gelnim niredekä, ol bir barlygyny mälim edip, hat ýazaýmaly dälmi?» diýip, nadynç bolup ýaşaýardy.
Halmyrat telegrammany alyp, doganynyň ýaraly ýüregine melhem-teselli boljagyny pikir edip, bu habary tizden-tiz oba ýetirmegiň ugruna çykdy. Ýigdekçe ogluny oba ugradyp, aýal doganyny şol günüň özünde şähere, öz öýüne getirtdi.
Ýöne ýoluna sabyrsyzlyk bilen garaşylan otly welin köp garaşdyrdy. Kümüş agyr, wehimli pikirlere berlip, ýene-de telim gün ýol gözledi. «Otla ýolda bir zatlar bolan bolaýmasyn?» diýibem, gaýga batyp oturdy.
Uruş başlanany bäri, dogrudanam, otlularyň tertip hereketi bozulypdy, indi tutuş ýurduň demirýol ulgamy ýagdaýdyr mümkinçiligiň çäginde işlemeli bolýardy. Bu döwürde otlularyň ýolda duşman uçarlary tarapyndan bombalanyp, ýollary bozulyp, bir ýerlerde galýanlary-da, ýolundan sowlup, başga bir ugurlara gitmeli bolýanlary-da az bolmaýardy. Demirýol ulgamynda işlänsoň, Halmyrat bu ýagdaýlardan habarlydy. Haçan-da telim günden bäri gyl kekirdek bolup ýol gözläp, kösenip oturan dogany ýagdaýyny aýdyp, öýüne dolanmakçy bolanda-da, ol garşy bolup durmandy. Onsuzam ogluny aldyrany bäri henizem oňly özüni alyp bilmän ýören ene, halys tapdan düşüp, horlanypdy.
Kümüş eje gitmezinden öň:
— Halmyrat jan, doganym, ol otly-ha geler ýerde gelmedi, asla indi onuň geljegi-gelmejegi hem alagümana. Ýolda bir zat bolmadyk bolsa ne ýagşy... Gelin janym bilen bir duşuşaýjakdym. Ýöne nesibede ýok ekeni... Wah, oglum-a ogul jan, gelnimem gelin jandy-la. Gatyrak begenäýdim öýdýän... Otly bir ýerlerde galanam bolsa, «geljek» diýensoň, onuň bir wagt geläýmegi-de mümkin. Ýöne indi oňa mundan artyk garaşmaga ýagdaýym ýok. Otly gelse, indi gelniň öňünden özüň çyk, ony garşyla, galyp bilýän bolsa, göni öýe getir. Onsoňam aýt, Rahman jan bar-ýok diýmesin, uruş gutardygy, göni öýüne gelsin. «Ýoluna gözläp oturaryn» diýip, sargyt baryny sargap gitdi diý!
Garaşylan sanitar otlusynyň ýetip gelýänliginiň habary Mara Kümüş oba gideninden üç günden soň geldi. Halmyrat demir ýol menzilinden otlynyň gelip duran ýeriniň salgysyny alansoň, ýüzugra öýünden aýal doganynyň goýup giden düwünçegini aldy-da, şol salgy berlen ýere howlukdy.
Mundan iki-üç gün öň asman eňşäp, ýagyş ýagyp, ähli ýeri çyga-çalpyga berenligine seretmezden, bu gün eýýäm ir ertirden bäri Gün çykyp, ýalpy ýazlyk bolupdy. Gün, hamala, sanitar otlusynda gelenleri güneşli topraga gelendiklerine ynandyrmak isleýän ýaly, barha ýokary göterilip, çoguny bolluk bilen seçmäge başlapdy. Günüň tylla şöhleleriniň bir bölegi häzir menzil jaýynyň, otly wagonlarynyň aýnalaryna düşüp, ol ýerde altynlanç ýalpyldap şöhle saçýardy. Dünýä şeýdip ýazgynlyk alyp, özüniň düýn-öňňinki tereňligini birneme ýitirenligindenmi, nämemi, otlularyň sesleri hem, haýsydyr bir agyr zadyň aşagyndan süzülip gelýän ýaly, öňkülerinden has basyksy eşidilýärdi.
Halmyrat, otly ugrap gidibermänkä, ýetişmek üçin, demirýol boýuny ýakalap, howlugybrak ýöräp gitdi. Diňe sanitar otlusynyň hol beýlede hatar tutup duranlygyny gören mahaly, ol şol tarapa sowlup, otly ýollarynyň üstünden aşyp, oňa tarap gönüledi.
Bu mahal sanitar otlusy çetki ýollaryň birinde azyk-suwlukdan ýüküni tutup durdy. Her wagonyň diýen ýaly girelgesiniň öňünde, gapdalynda ýaraly adamlar kowçum-kowçum bolşup, güneşleşip durdular. Açyk howa çykmaga ýagdaýy bolmadyk ýaralylaryň wagon penjirelerinden daşaryny hyrydar synlaşyp ýatanlary hem görünýärdi. Halmyrat ýaralylaryň töwereginde ýelk ýasaşyp, kömek-hyzmatda bolşup ýören ak ýektaýly zenanlary gören mahaly, şolaryň biri hut öz gelinleridir öýtdi. Ony özüniň aňsatja tapjagyna tama etdi. Emma töweregine näçe seretse-de, wagty bilen onuň tanyş ýüze gözi düşmedi. Bir wagonyň öňünde toplum bolup duran adamlaryň golaýyna baryp derek soranda, olar: «Hä, ol biziň lukmanymyz, uly leýtenant Soltan Myradownadyr» diýşip, gelniň bolýan wagonynyň salgysyny berdiler.
Halmyrat şundan soň sanitar otlusynyň boýuny syryp, çen-çak bilen salgy berlen wagonyň ugruna çykdy. Şol barmana-da, wagonlaryň biriniň basgançagynda ak halatly bir zenanyň töweregine seredip duranlygyny gördi. Bu Amansoltandy.
Amansoltan ony tanap, begenip:
— Halmyrat daýy! — diýip, wagondan böküp düşdi-de, onuň öňünden çykdy.
Halmyrady Amansoltanyň özi tanaýdy, ýogsam öňküsinden horlanyp, ukusyz gözleri ümezläp duran bu ýadaw gelni ol aňsat tanaýjagam däl ekeni.
Halmyratdyr Amansoltan bir pursat aýak üstünden hal-ahwal soraşyp durdular. Halmyrat oňa gaýynenesiniň näme üçin gelip bilmedigini gürrüň berdi. Soňam alyp gelen düwünçegini ýatlap:
— Şunam gaýyneneň goýup gitdi! — diýip, ony Amansoltana uzatdy.
Gelin düwünçegi kükregine gysyp, ýatlama berlip, gaýynenesine duşup bilmedigine gyýlyp-gynanyp, bir pursat dymyp durdy.
— Nätjek-dä, görüşmek nesibede ýok eken-dä... — diýibem, özüni köşeşdiriji äheňde gepledi. Şol barmana-da, gelniň ýüzünde, gyş günlerinde asmandaky bulutlaryň arasyndan jyklap Gün seredende bolşy ýaly, duýdansyz ýylgyrma peýda boldy.
— Halmyrat daýy, onda meniň sizden bir uly haýyşym bar... — diýip, başlan gepini aýdyp gutarmaga-da gyssanyp: «Men häzir...» diýdi-de, şol duran ýerinden yzyna öwrülip, göni öz düşen wagonyna tarap howlukdy. Köp garaşdyrmanam, mähirli ýylgyryp, ak düşekçä dolangy üç-dört aýlyk bäbejigi bagryna basyp alyp çykdy. Gelşine-de buýsanç bilen:
— Halmyrat daýy, ine, bu biziň balajygymyz... Eger duşan bolsak, men ony enesiniň öz gujagyna bermekçidim. Ol örän gowuja çaga... Enesine-de ýarar. Ýok, men ony hemişelik ejesiz goýmakçy däl... Uruş tamamlandygy, hökman onuň yzyndan gelerin. Ýogsam ol bu ykmanda otlynyň üstünde hor bolýar. Siz muny enesine gowşuryň! — diýip, tolgunyp, çagajygy, hamala süňňünden bölýän ýaly, kynlyk bilen Halmyrada uzatdy.
Bu garaşylmadyk ýagdaý şol pursatda Halmyrady biraz oýurgandyran hem bolsa, köpügörenligini edip, nämäniň-nämedigine çen-çak bilen göz ýetirip, özüni ele aldy. Gundagda ýatan çagajygy höwes bilen gujagyna aldy. Bir gowuja bolup uklap ýatan çagajygy synlap, keşmerini ýegeni Rahmana meňzedip, mähri gidip, onuň bilen höwesli gyzyklandy. Bu çagajygy alyp barsa, dogany Kümşüň begenip iki bolup bilmejegini pikir edibem, söýünçli oýlandy. Çagajykdan gözüni aýryp bilmän, ony ezizläp, synlap durşuna-da, ýene Amansoltana ýüzlendi:
— Oglanjykmy, gyzjagaz?
— Gaplaň çagasy ýalyjak bolup, haýbatlyja düýrügip ýatyşjygyny göreňizokmy, daýy!? Elbetde, oglanjyk — diýip, gelin buýsanç bilen jogap berdi. Gelin bu sözleri ene söýgüsi bilen şeýle bir ýürekden guwanç-höwesli aýtdy welin, Halmyrada dessine hemme zat düşnükli boldy. Gelniň bu sözünde buýsanç bolşy ýaly, armanly hesret-de bardy, çagajygyň ertirki gününiň aladasy-da.
Sanitar otlusynyň ugraýanlygy habar berlen mahaly, güneşlemäge çykan ýaralylar ýerli-ýerden gozgalaň tapyşyp, agsaşyp-togsaşyp, wagonlara dolanmak bilen boldular. Amansoltan oguljygynyň ýanyndan aýrylyp bilmän, her hili oý-köýlere berlip, gyýlyp-gynanyp, onuň töwereginde köwejekläp durdy. Şol barmana-da, Amansoltanyň çykan wagonynyň girelgesiniň öňünde bir ak ýektaýly aýal peýda boldy-da, boýnuny uzadyp, töweregine seredensoň:
— Lukman, ugraýas! — diýip, Amansoltany gyssady.
Şundan soň Amansoltan Halmyradyň gujagyndaky oguljygynyň ýaňajygyndan ýüzugra ogşap hoşlaşansoň, öňki sargyt-haýyşlaryny ýene-de bir gezek gaýtalady.
— Halmyrat daýy, enesine aýdyň, men munuň yzyndan hökman gelerin...
Şol pursatda, hamala uzak ýoldan ylgap gelen ýaly, gelniň ýüregi hasam bitakat daljygyp urdy. Ol ýene-de bir zatlar diýmekçi boldy, ýöne agydan hüpläp dolan damagy oňa soňky aýdasy gelen gepini aýtmaga maý bermedi.
Birdenem ol hyrra yzyna öwrüldi-de, öz wagonlaryna tarap gaty-gaty ýöräp gitdi. Barşyna-da wagona münüp, onuň basgançagynda duran ýerinden oguljygy tarapa delmuryp, hyrydar seretdi.
Düşnükli zat, gelin, şeýdip, oguljygyny galdyryp gitse, ony wagty bilen görmez, mähriban sesini hem eşidip durmaz, ony söýüp-sypap, bagryna basmaz... Asla ýene görüşmek bir barmyka? Hä diýmänem otly ýola düşüp, aýralyk dagy enedir çagajygyň arasynda iner bolup, oýkanyp çöker...
Şol barmana-da, otly duran ýerinde leňňer atyp, birden şakyrdap, içigip silkindi. Wagonlar şundan soň assa-ýuwaşdan herekete gelmäge başlady. Wagon girelgesiniň öňünde gerlip, şindem oguljygyny galdyryp gidýänligine özüni oňly ynandyryp bilmän, köýüp-kösenip duran Amansoltanyň nazary bolsa henizem çagajykdyr Halmyratdady.
Gelniň çagajygyndan aýrylmagy kyn görüp, gara güne galyp, janserek bolup durmasy Halmyrady hem oňaýsyz ýagdaýa saldy. Şol bir wagtda hem gujagynda bir gowuja bolup ýatan çagajyga özüniň eýýäm höwrügip ugranyny syzmak bilen, ezizläp, synlap durşuna, onuň ertirki güni barada oýlanyp, obada ýakynlarynyň arasynda bolsa, onuň eý görlüp, söýgi-mähir bilen gurşaljagyny pikir edip, arzuw höwesli oýlandy.
Şol barmana-da duýdansyz, oguljygyndan gözüni aýryp bilmän, oňa tarap intizar seredip duran gelniň aýralyga döz gelip bilmän, sep berenligi belli boldy. Amansoltan otludan nähili böküp düşenini hem duýman galdy.
Ol aňyrdan atylyp gelşine-de:
— Halmyrat daýy, meni bagyşla! Men ony galdyryp gidip bilmejek ekenim. Enesine aýdyň, biz soňra bile geleris... — diýip, bäbejigi Halmyradyň elinden alyp, bagryna basdy-da, assa-ýuwaş bat alyp ugran otla tarap howlukdy.
Gyssagarada näme-nämeleriň bolanyny oňly aň edip hem ýetişmedik Halmyrat düşnüksiz oý-pikirlere berlip, barha daşlaşyp barýan otlynyň yzyndan ümürläp seredip galdy.

Agageldi ALLANAZAROW,
ýazyjy.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 67 | Добавил: Haweran | Теги: Agageldi Allanazarow | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 2
0
1  
Bu hekayany haladym. Agagrldi Allanazariw ussat yazyjy.

0
2  
Palwan canak atly hekayasyny hem gaty halapdym

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: