11:14
Ýaşaýardym
ÝAŞAÝARDYM

Ýaşaýardym söýýänligňe buýsanyp,
Bagtlydygmy duýýardym her pursatda,
Söýgi sözlerini bilýärdim aýdyp,
Gat-gat bolup ýatmaýardy gursakda.

Duýmaýardym ýyllaň geçip durşuny,
Gussa baryn bilmeýärdim durmuşda,
"Ýüregim özgede" diýeniň bäri,
Gelýän günler gaýgy-gamly görnüşde.

Gelenok sütemli aýlaň ahyry,
Mendäki ýürek-de daş dan däl etden,
Çekip-çydap bilermikän ýarylman,
Bir hemaýat bolmasa bir gudratdan.

Öz zadymdyň-durşuň bilen meňkidiň,
Örmesek-de bir düşekden her günde,
Tirkeşmäge çekinmezdiň hiç kimden,
Ýalňyz goýduň gitdiň ýekeje demde.

Dünýäni dolduryp duran ýalydyň,
Dokuzym-da dokuz gezek düzüwdi,
Rysgym giden ýaly boldy elimden,
Ýüregimem ýaşaýyşdan bezigdi.
Категория: Goşgular | Просмотров: 47 | Добавил: Allanazar | Теги: Allanazar Rejebow | Рейтинг: 5.0/2

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 6
0
1  
Ine, goshgy. Shygyr shunuñ yaly aydyñ pikir berse-da!

0
2  
"Dokuzym-da dokuz gezek düzüwdi.."
Sag bol Allanazar aga, diñe şu üytgeşik we täze setiriñ özi nämä degmeýär!

0
3  
Allanazar aga, Ýaradana sygynsaňyz çydarsyňyz gaýgy etmäň.

0
4  
Goşgyň 4-nji bendiniň 2-nji setiriň soňky sözüne düşünmedim Örmesek-de bir düşekden her dünde, günde bolmalymy ýazylşy ýa dünde, dünde sözi näme manyny berýär, Allanazar aga.

0
5  
Ýalňyş gidipdir "günde" bolmaly

0
6  
juda ajaýyp goşgy ,galamyňyz ötgür bolsun. respect

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: