19:46
Ýegi bolsañ-da
ÝEGI BOLSAÑ-DA

- Sözle gözel didäm, söýüñde gadam,
Sözle gözellerden ýegi bolsañ-da.
Belent uçma, indererem howadan,
Sen bir kömür gözli hüýri bolsañ-da.

- Oglan, seniñ bu sözüñi küýsärem,
Seni zülpüñ tellerine asaram,
Bu görünen gala meniñ Hysarym,
Gelme meñ ýanyma weli bolsañ-da.

- Heý, gyz, seniñ ol galañy ýykaram,
Gara toprak hint iline dökerem,
Galadan üstüñe köpri ýaparam
Geçerem Tunanyñ sili bolsañ-da.

- Oglan, sen-de çalynmyş sen galama,
Kiçijeksiñ, daýanmagyn bilege.
Çykar köýnegiñi, gel, gir goýnuma,
Söýdüm oglan eger däli bolsañ-da.

- Garajaoglan diýer, nedir menimiz,
Tupanly, boranly, garly dagymyz,
Gyz seni synadym, biliñ çägiñiz,
Alman mundan soñra, hüýri bolsañ-da.

GarajaOGLAN.
Категория: Goşgular | Просмотров: 28 | Добавил: Haweran | Теги: Garajaoglan | Рейтинг: 5.0/1

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 2
0
1  
Aýdyşyk öýdýän.

0
2  
Aýdyşyk däl, Garajaoglanyñky bolsa tutluşyk biggrin

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: