08:00
Ýeke-täk dostumy göresim gelýär

ÝEKE-TÄK DOSTUMY GÖRESIM GELÝÄR

Aljyrasam ilki söýäm, söýenjim,
Ýykylamda direg bolan daýanjym,
Aýry däldir gynanjym hem begenjim.
Ýeke-täk dostumy göresim gelýär.

Alyslardan gün deý, çoýduryp bilýän,
Teşneligmi suw deý, gandyryp bilýän,
Ähli aladadan dyndyryp bilýän,
Ýeke-täk dostumy göresim gelýär.

Dana kimin dogry ýola iteren,
Garyp göwnüm arş deñine ýetiren,
Ýalñyz ruhum bedeninde göteren,
Ýeke-täk dostumy göresim gelýär.

Durmuş joşup akýar, misli bir derýa,
Kimseler küreksiz gark bolup barýa,
Küreksiz goluma gollaryn berýän,
Ýeke-täk dostumy göresim gelýär.

Gelmegine sanlyja gün galanda,
Garaşaryn çykyp ýene belende,
Doñan dünýäm ýaza döner gelende,
Ýeke-täk dostumy göresim gelýär.

Sanjar ANNAGYLYJOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 178 | Добавил: Gumlygelin | Теги: Sanjar Annagylyjow | Рейтинг: 4.5/4

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 6
3
1  
Bu goşgy Sanjaryñ döredijilige ilkinji ädimi.Şowlulyk diläp belliklerñizi gysganmarsyñyz diýip umyt edýän.

2
2  
Tüweleme Döredijilikde üstünlik, rowaçlyk arzuw edýän.

0
3  
1 Gumlygelin, gelneje Sanjar oguluňyzmy?

3
4  
@Gurban,oglum däl.Ýüwürjim.Öz oglum sekiz ýaşynda.

1
5  
Sanjar saýty myhman bolup okaýar.@Nur,@Has belliklerñiz üçin sag boluñ.Arzuwlar üçin hem.

0
6  
Sanjar, üstünlik, rowaçlyk hemişeki hemraň bolsun! Goý kalbyňdan çykan her bir söz kalplarda öçmejek yz galdyrsyn.

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: