08:54
Ykbal öwrümlerinden öwrenenlerim..
YKBAL ÖWRÜMLERINDEN ÖWRENENLERIM

Garaş! Sabyrly bolmagy başar! Ömür bilen ölümiñ arasynda sõweş gidýärkä ýaşaýyşdan bagt süýjüligini datman gitmejegiñe kasam et! Howluksañ, umytdan düşseñ õzüñi kyn güne salmagyñ ahmal, bagtyñ saña goýulan paýyndan ýoluñ sowa düşüp ahmal galaýmagyn! Õmür beren bu derejede bagtly bolmaklyga esas dõredipdir ahyryn - toýa baranyñda toý paýyny alnyña sylman gaýtmaýşyñ ýaly durmuş bagtyndanam binesip dälsiñ eý, Adamogly! Diñe sabyrly hem kanagatly bolsañ õmür bilen õlümiñ aralygyndaky menzilden nesibäñ bagtlylykdygyna düşünersiñ!

* * *

Adama maddy baýlyk zerurmy ýa-da ruhy baýlyk? Durmuş maña şu soragyñ jogabyny õz ykbalymda synama pursatyny dõretdi. Baýlyksyz (diñe özümi ekläp bilýan eklençde) ýaşap gõrdüm: dostum azdy, duşmanym bardyr ýa-da bolar õýdüp pikir edemokdym. Emma ruhy dünýämde baýdym bagtlydym, syrdaşlydym, ayagymy uzyn salyp õýümde arkayyn ýatardym, ýekeje bir armanym bardy: edeýin diyen kõmegimi etmekden ejizdim, ahmyrym diñe şoñady.
Maddy baylygym artyp ugrady, dostlaram köpeldi, derdi-aladamam kõpeldi, iñ geñ ýeri duşmanymam köpeldi. (Elbetde, duşmanam gerek ekeni durmuşda, goranmagy õwrenmegiñ üçin). Netijede ikisiniñde gerek zatdygyna, emma ruhy baýlygyñ maddy baýlykdan zyýatlygyna düşündim. Ruhy baýlygymdan el üzmäge mejbur bolup barýanymy duýdum... Ýaradana arz etdim: "Allahym maddy baylyk berseñ ber, emma ruhymy garyp goýma! Ruhy baylyk berseñ maddy baýlygymy kem etme! Her kişiñ mõhmüni bitirip biljek derejede haýyrly ynsan bolmakdan mahrum bolmaýyn!"

* * *
Azap çekip, ýadaý-ýadaý dynç almazdan işläp bal arysy ýaly "bal" üýşiren biri, balyñ hözürini gören başga biri- ine muña ykbalyñ deñsizlik oýny diýilýãr!

08.11.2019 ý.
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 43 | Добавил: Nurdan | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 5.0/5

Awtoryň başga makalalary

 
Ähli teswirler: 11
3
1  
Real durmush hadysalaryndan susulup alynyp, ruhy elekde elenen ajayyp pikirler.

4
2  
Yrsgalyñdan artyk maddy baylyk seni pyyada baryan bolsañ adaty dal-de gymmat baha ulagly eder. Zenan bolsañ gulak-gosharlaryñy adaty shay-sep dal-de, gun nuruna basleshyan altynly eder. Erkek bolsañ tylla bilkemerli egin-eshikli eder. Garnyñ yarmadan dal-de, sulgun etli palawdan pokgerer. Emma, jemagata garayshyñ welin, hool yokardan bolar. Bu gylyk seniñ ruhyña zarba urar. Yone, ruhy baylygyñ zyyada bolsa gozleriñ hakykaty gowylyk nuktaynazary bilen gorer. Iñ belent zadyñ adamyñ adama gadyr goymakdadygyny ruhy bay kishi kemsiz saygarar. Maddy baylygam gerek. Emma, ozuñden artyk gornushde dal-de, adaty zerurlygyñ caginde bolsa yagshy. Ruhy baylyk jemgiyetiñ yuzuni dury gormage gozleriñe nur bolar. Dar kalbyña giñlik salar. Has dogrysy, bir adamyñ kemala gelmegi ucin nijeme yyllaryñ wagt akymy gerek. Ruhuñ bay bolsa, ,, bir gowni yykmagyñ kabani yykan bilen barabardygyna dushunersiñ. Uyam, ajayyp pikirleri aydypsyñ. Dogrysy, oylanmany yzly-yzyna bash gezek okapdyryn. Bashinjini agtygyma okadyp, gapdaldan diñlap gordum. Ajayyp pikirlr.

0
3  
pikirler,,

0
4  
Sagboluñ Şyhmyrat aga, Alla ýalkasyn!

0
5  
Mowzugy dûzetseñ ýokary çykýan eken, bagyşlarsyñyz..

1
6  
"Molla berdiñmi, eliñi çek" diýlenini edip, şoñ üçin bir goýansoñ degmeseñ gowy bor. ))

1
7  
Nurbany dogan, Duşmanlar bize durmuşda, hemme adamlar sada däldigini öwretýär. Ýogsam hemme adamlar biz üçin sada, aldawsyz diýip pikir etýäs. Ýöne durmuşda, aldansak, duşmana duşsak garaýşymyz üýtgeýär.

2
8  
Dogry, @Gurban jigim, durmuş taplaýar adamy. Ynsanyñ asyl sadalygy-da daşyndakylaryñ, ykbalynyñ üýtgemegi netijesinde üýtgeýär. Yogsa biziñ ählimizem çagakak sadadyk, adamlaryñ hilesinden bihabardyk, hemmämiz ulalmagy, gowy uly adam bolmagy arzuw edipdik. Bu ähli kişi babatda şeyledir, hiç kim erbet bolup dogulýan däldir.ulaldygyça garşydaşlaryñ, bäsdeşleriñ tapylmagy netijesinde taplanýar adam. Duşmandan goranmagy hem mekirligi õwrenýär ynsan, (bäsdeşler, garşydaşlar "duşmanyñ" sanawyna girenok meniñ pikirimçe.)

1
9  
Shu gunlerde gaty aladalydym. göwnime tesselli berdi.sagboluň
Edil ozum un yazylan yaly bolup okadym.

1
10  
Bu durmusda seniň dek yakin insanlari bolan adam elbetde ozuni bagytly sayyandyr. yes yes

0
11  
@Amanmyradowna! Siz ýaly sagdyn pikirli, arassa kalply okyýjymyñ barlygy maña ruhy güýç. Minnetdar heart

Имя *:
Ähli smaýliklar
Код *: